Kuran we sünnetden alnan musulmanyň gündelik doga kitapçasy ()

Said ibn Ali ibn Wehf Al-Kahtani

 

Bu türkmençä terjime edilen kitabyň ýazyjysy, musulmanyň durmuşyna we ähli hajatlaryna gerek, gündelik doga-dilegleri jemländir. Çünki bu kitapda, musulmany, şeýtanlaryň we jynlaryň şerinden goramaga, sebäp bolýan doga-dilegler, ertirki we agşamky, şatlykda we gaýgy-gamda we ş. m. wagtlarda we ýerlerde okalýan doga-dilegler jemlenendir. Takyk, bu doga-dilegleri musulman kişiniň okap durmagy,onuň we Allasynyň arasyndaky aragatnaşygy berkider.
    Kuran we sünnetden alnan musulmanyň gündelik doga kitapçasy

    |

    Kuran we sünnetden alnan musulmanyň gündelik doga kitapçasy

    حصن المسلم من أذكار الكتاب والسنة

    Ýazyjy: Sa’id ibn Ali ibn Wähf Al-Kahtani

    Terjimeçi we açyklaýjy: Ebu Abdul-Melik Türkmen

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen



    حصن المسلم

    من أذكار الكتاب والسنة

    المؤلف: سعيد بن علي بن وهف القحطاني

    ترجمة وتدقيق:  أبو عبد الملك التركماني

    مراجعة: خالد أبو أنس التركماني


    Sözbaşy

           “Hamd, diňe Alla üçindir, Oňa hamd edýäris, Ondan ýardam we magfiret (bagyşlanmak) dileýäris. Nefislerimiziň şerinden, ýaman amallarymyzdan Onuň penasyna girýäris. Alla kime hidaýat etse (ýagny, ony dogry ýola salsa) ony ýoldan çykarjak ýokdyr, kimi-de ýoldan azaşdyrsa oňa hidaýat etjek ýokdyr.

    Alladan başga hiç bir taňrynyň ýokdygyna şaýatlyk edýärin. Ol täkdir we Onuň şärigi ýokdyr. Muhammediň hem Onuň bendesi we resulydygyna (ýagny, pygamberidigine, ilçisidigine) şaýatlyk edýärin.

     “Eý iman edenler! Alladan çyn gorky bilen gorkyň we diňe musulman bolup dünýäden ötüň.” (Äl-i Ymran süresi, 102)

    “Eý ynsanlar! Sizi bir nefisden (ýagny, bir jandan ýagny Adamdan) ýaradan we ondan hem jübütini (ýagny, aýalyny) ýaradan, şeýle hem ol ikisinden ençe erkekler we zenanlar ýaýradan Rebbiňizden gorkyň. Alladan gorkyň, siz Onuň adyny agzap biri-biriňizden dilegçilik edýärsiňiz, garyndaşlyk hukugyny äsgermezlikden hem ägä boluň. Alla siziň üstüňizde gözegçidir” (Nisa; 1)

    “Eý iman edenler! Alladan gorkyň we dogry söz sözläň. Şonda Alla işleriňizi düzelder we günäleriňizi bagyşlar. Kim Alla we Onuň resulyna boýun bolsa onda ol uly bir utyş gazanar” (Ahzap; 70-71)

    Mundan soň Allanyň Resuly şeýle dowam etdi;

               Hakykatda sözleriň iň dogrysy Allanyň kelamy, ýollaryň iň ýagşysy hem Muhammediň -sallallahu aleýhi we sellemiň- ýolydyr. Amallaryň iň ýamany bolsa täze toslanyp tapylanydyr. Täze toslanyp tapylan her amal bidgat, her bidgat zalalat (ýagny, ýoldan çykmaklyk), her zalalat bolsa Jähennemdedir»[1]

    1.              ÝATYP TURYLANYNDAN SOŇ AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((الْحَمْدُ للَّهِ الَّذِي أَحْيَانَا بَعْدَ مَا أَمَاتَنَا، وَإِلَيْهِ النُّشُورُ)).

            1. – Takyk, ähli hamdu-senalar Allaha bolsun, Ol bizi ýatanymyzdan soň ukydan oýardy, we biz Oňa dolanjakdyrys.

    (Buhary, Muslim)

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَريكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ وَلَهُ الْحَمْدُ، وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ، سُبْحَانَ اللَّهِ، وَالْحَمْدُ للَّهِ، وَلاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ، وَاللَّهُ أَكبَرُ، وَلاَ حَوْلَ وَلاَ قُوَّةَ إِلاَّ بِاللَّهِ الْعَلِيِّ الْعَظِيمِ، رَبِّ اغْفرْ لِي)).

            2. – Takyk, ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamytlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr. Elbetde, Allah ähli kemçiliklerden we aýyplardan päkdir, hamdlar Allahadyr, we Alladan baga ybadata hakly Iläh ýokdyr, Ol Allah beýikleriň beýigidir, güýç-kuwwat başarjaňlyk ýokdyr megerem beýik we azym bolan Alladandyr, eý Robbym maňa magfyret et.

    (Buhary)

    ((الْحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي عَافَانِي فِي جَسَدِي، وَرَدَّ عَلَيَّ رُوحِي، وَأَذِنَ لي بِذِكْرِهِ)).

            3. – Elbetde, maňa ruhymy gaýtaryp, bedenimi salamat eden we Ony zikir etmeklige rugsat beren Alla hamd, öwgi bolsun.

    (Tirmizi)

    (({إِنَّ فِي خَلْقِ السَّمَوَاتِ وَالأَرْضِ وَاخْتِلاَفِ اللَّيْلِ وَالنَّهَارِ لَآيَاتٍ لأُوْلِي الألْبَابِ * الَّذِينَ يَذْكُرُونَ اللَّهَ قِيَاماً وَقُعُوداً وَعَلَىَ جُنُوبِهِمْ وَيَتَفَكَّرُونَ فِي خَلْقِ السَّمَوَاتِ وَالأَرْضِ رَبَّنَا مَا خَلَقْتَ هَذا بَاطِلاً سُبْحَانَكَ فَقِنَا عَذَابَ النَّارِ* رَبَّنَا إِنَّكَ مَن تُدْخِلِ النَّارَ فَقَدْ أَخْزَيْتَهُ وَمَا لِلظَّالِمِينَ مِنْ أَنصَارٍ* رَّبَّنَا إِنَّنَا سَمِعْنَا مُنَادِياً يُنَادِي لِلإِيمَانِ أَنْ آمِنُواْ بِرَبِّكُمْ فَآمَنَّا رَبَّنَا فَاغْفِرْ لَنَا ذُنُوبَنَا وَكَفِّرْ عَنَّا سَيِّئَاتِنَا وَتَوَفَّنَا مَعَ الأبْرَارِ* رَبَّنَا وَآتِنَا مَا وَعَدتَّنَا عَلَى رُسُلِكَ وَلاَ تُخْزِنَا يَوْمَ الْقِيَامَةِ إِنَّكَ لاَ تُخْلِفُ الْمِيعَادَ* فَاسْتَجَابَ لَهُمْ رَبُّهُمْ أَنِّي لاَ أُضِيعُ عَمَلَ عَامِلٍ مِّنكُم مِّن ذَكَرٍ أَوْ أُنثَى بَعْضُكُم مِّن بَعْضٍ فَالَّذِينَ هَاجَرُواْ وَأُخْرِجُواْ مِن دِيَارِهِمْ وَأُوذُواْ فِي سَبِيلِي وَقَاتَلُواْ وَقُتِلُواْ لأُكَفِّرَنَّ عَنْهُمْ سَيِّئَاتِهِمْ وَلأُدْخِلَنَّهُمْ جَنَّاتٍ تَجْرِي مِن تَحْتِهَا الأَنْهَارُ ثَوَاباً مِّن عِندِ اللَّهِ وَاللَّهُ عِندَهُ حُسْنُ الثَّوَابِ * لاَ يَغُرَّنَّكَ تَقَلُّبُ الَّذِينَ كَفَرُواْ فِي الْبِلاَدِ * مَتَاعٌ قَلِيلٌ ثُمَّ مَأْوَاهُمْ جَهَنَّمُ وَبِئْسَ الْمِهَادُ * لَكِنِ الَّذِينَ اتَّقَوْاْ رَبَّهُمْ لَهُمْ جَنَّاتٌ تَجْرِي مِنْ تَحْتِهَا الأَنْهَارُ خَالِدِينَ فِيهَا نُزُلاً مِّنْ عِندِ اللَّهِ وَمَا عِندَ اللَّهِ خَيْرٌ لِّلأَبْرَارِ * وَإِنَّ مِنْ أَهْلِ الْكِتَابِ لَمَن يُؤْمِنُ بِاللَّهِ وَمَا أُنزِلَ إِلَيْكُمْ وَمَآ أُنزِلَ إِلَيْهِمْ خَاشِعِينَ لِلَّهِ لاَ يَشْتَرُونَ بِآيَاتِ اللَّهِ ثَمَناً قَلِيلاً أُوْلَئِكَ لَهُمْ أَجْرُهُمْ عِندَ رَبِّهِمْ إِنَّ اللَّهَ سَرِيعُ الْحِسَابِ*يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُواْ اصْبِرُواْ وَصَابِرُواْ وَرَابِطُواْ وَاتَّقُواْ اللَّهَ لَعَلَّكُمْ تُفْلِحُونَ})).

    4. – “190. Takyk, asmanlaryň we ýeriň ýaradylyşynda, gije bilen gündiziň çalşyp durmagynda akyl eýeleri üçin Allanyň birligine ybratlar bardyr.

    191. Olar dik durkalar, otyrkalar, gapdala gyşaryp ýatyrkalar (hem) Allany zikir edýärler. Olar asmanlaryň we ýeriň ýaradylyşy barada oýlanyp: «Eý, Perwerdigärimiz! Sen muny (bulary) boş (ýere) ýaratmadyň. Biz Seni tesbih (päkleýäris) edýäris! Bes, Sen bizi ot (dowzah) azabyndan gora!

    192. Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, Sen kimi oda salsaň, hökman ony ryswa (har-zelil) edersiň. Zalymlaryň hiç hili kömekçisi ýokdur!

    193. Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, biz «Perwerdigäriňize iman getiriň!» diýip imana çagyrýan bir çakylykçyny (Muhammeti) diňledik we iman getirdik. Eý, Perwerdigärimiz! Sen biziň günälerimizi bagyşla, biziň erbetliklerimiziň üstüni ört we biziň janymyzy ýagşylar bilen bile al!

    194. Eý, Perwerdigärimiz! Bize pygamberleriň üsti bilen wada beren (sylagyňy) nesip eýle, bizi kyýamat güni ryswa (har-zelil) etme. Sen beren sözüňden hiç dänmersiň!» (diýerler).

    195. Olaryň Perwerdigäri (dileglerini) kabul edip, (olara): «Sizden isle erkek, isle aýal bolsun, (haýyr) iş edeniň amalyny puja çykarmaryn. Çünki siz biri-birleriňiz bilen (dogansyňyz). Kasam bolsun! (Meniň razyçylygym üçin) hijret (göç) edenleriň, ýurtlaryndan çykarylyp (sürgün edilenleriň), Meniň ýolumda jebir-sütem görenleriň, söweşenleriň we öldürilenleriň (şehit bolanlaryň) günälerini hökman örterin we Alla tarapyndan sylag hökmünde olary aşagyndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdirerin. Iň ajaýyp sylaglar Allanyň ýanyndadyr.

    196. Inkär edenleriň (söwda, syýahat ýaly maksatlar bilen arkaýynlykda) ýurtma-ýurt aýlanyp ýörmeleri seni aldawa salmasyn!

    197. (Olaryňky örän) az wagtlyk (lezzet we) peýdadyr. Soň baryp sygynjak ýerleri dowzahdyr! Ol ýeri nähili erbet düşekdir!

    198. Ýöne özleriniň Perwerdigärine garşy çykmakda gorkanlar üçin Alla tarapyndan pazly-kerem hökmünde aşagyndan derýalar akýan jennetler bardyr. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Takyk, ýagşylar üçin Allanyň ýanyndaky (nygmatlar) has haýyrlydyr.

    199. Ähli-kitabyň içinde Alla, size inderilene (Kurana) hem-de özlerine inderilene (Töwrata we Injile) Alla tagzym edip iman getirýänler hem bardyr. Olar Allanyň aýatlaryna derek sähelçe baha (bähbide) satyn almazlar. Ine, olar üçin özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda sylaglary bardyr. Takyk, Allanyň hasaby örän tiz gelýändir.

    200. Eý, iman getirenler! Sabyr ediň! Sabyrly bolmakda bäsleşiň! (Duşmanlaryňyzdan üstün boluň! Elmydama) nobatda durup (taýynlykly we ätiýaçly) boluň! Halas bolmagyňyz üçin Alladan gorkuň!”[2]

    (Äli Imran 190-200)

    2.              EGIN-EŞIK GEÝILENINDE AÝDYLÝAN DOGA

    ((الْحَمْدُ للَّهِ الَّذِي كَسَانِي هَذَا (الثَّوْبَ) وَرَزَقَنِيهِ مِنْ غَيْرِ حَوْلٍ مِنِّي وَلاَ قُوَّة...)).

            5. – Elbetde, maňa şu (eşigi) ryzk eden Alla, Oňa ähli hamdu-senalar bolsun! Ýogsam men ony (eşigi) hasyl etmäne kadyr däldirin.

    (Ebu Dawud, Tirmizi)

    3.              TÄZE EŞIK GEÝILENINDE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ لَكَ الْحَمْدُ أَنْتَ كَسَوْتَنِيهِ، أَسْأَلُكَ مِنْ خَيْرِهِ وَخَيْرِ مَا صُنِعَ لَهُ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّهِ وَشَرِّ مَا صُنِعَ لَهُ)).

             6. – Elbetde, maňa şu (eşigi) ryzk eden Alla, Oňa ähli hamdu-senalar bolsun! Eý Allahym! Şunyň haýryny soraýaryn, haýryma ýarat we şerinden hem-de zyýanyndan pena soraýaryn!

    (Ebu Dawud)

    4.              TÄZE EŞIK GEÝENE GUTLAG DOGA.

    ((تُبْلِي وَيُخْلِفُ اللَّهُ تَعَالَى)).

             7. – “Umytki, (eşik) köneleninden soň Alla täzesini ryzk etsin.”[3]

    (Ebu Dawud)

    ((اِلْبَسْ جَدِيداً وَعِشْ حَمِيداً وَمُتْ شَهِيداً)).

    8. – Täze geý, bagtly ýaşa hem-de şehit bol.

    (Ibn Mäje)

    5.              EŞIK ÇYKARYLANYNDA NÄME AÝDYLÝAR.

    ((بِسْمِ اللَّهِ)).

    9. – Bismilläh (Allanyň ady bilen).    

    (Tirmizi)

    6.              HAJATHANA GIRILMEZINDEN ÖŇ

    AÝDYLÝAN DOGA.

    (([بِسْمِ اللَّهِ] اللَّهُمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِكَ مِنَ الْخُبْثِ وَالْخَبائِث)).

           10. – Bismilläh (Allanyň ady bilen), eý Allahym, men Senden jynlaryň erkeginden we urkaçysyndan pena soraýaryn.

    (Buhary)

    7.              HAJATHANADAN ÇYKYLANYNDAN SOŇ

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((غُفْرَانَكَ)).

           11. – Eý Allahym! Maňa magfyret et!

    (Ebu Dawud)

    8.              TÄRETIŇ ÖŇÜNDE AÝDYLÝAN ZIKIR.

    ((بِسْمِ اللَّهِ)).

    12. – Bismilläh (Allanyň ady bilen başlaýaryn)!

    (Ebu Dawud)

    9.              TÄRETIŇ SOŇUNDA AÝDYLÝAN ZIKIRER.

    ((أَشْهَدُ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ وَأَشْهَدُ أَنَّ مُحَمَّداً عَبْدُهُ وَرَسُولُهُ..)).

            13. –  Elbetde, Alladan başga ybadata hakly Ilähiň ýoklygynä şaýatlyk edýärin, Ol ýeke-täkdir, Onuň şärigi hem ýokdyr we Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- Onuň gulydyr we ilçisidir.

    (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ اجْعَلْنِي مِنَ التَّوَّابِينَ وَاجْعَلْنِي مِنَ الْمُتَطَهِّرِينَ)).

            14. –  Eý Allahym! Meni toba edenlerden we tämizlerden et!

    (Tirmizi)

    ((سُبْحانَكَ اللَّهُمَّ وَبِحَمْدِكَ، أَشْهَدُ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ، أَسْتَغْفِرُكَ وَأَتوبُ إِلَيْكَ)).

    15. – Eý Allahym! Saňa ähli hamdu-senalar bolsun, Seni ähli kemçiliklerden päkleýärin, elbetde Senden başga ybadata hakly Ilähiň ýoklygyna şaýatlyk edýärin, maňa magfyret et, Saňa toba edýärin!

    (Nesäi)

    10.         ÖÝDEN ÇYKYLANYNDA AÝDYLÝAN ZIKIRLER.

    ((بِسْمِ اللَّهِ، تَوَكَّلْتُ عَلَى اللَّهِ، وَلَاَ حَوْلَ وَلَا قُوَّةَ إِلاَّ بِاللَّهِ)).

            16. – Bismilläh (Allanyň ady bilen) çykýaryn, elbetde men oňa töwekgelliklik edýärin, başarjaňlyk, güýç-kuwwat ýokdyr megerem Allanyň ýardamy bilendir.

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِكَ أَنْ أَضِلَّ، أَوْ أُضَلَّ، أَوْ أَزِلَّ، أَوْ أُزَلَّ، أَوْ أَظْلِمَ، أَوْ أُظْلَمَ، أَوْ أَجْهَلَ، أَوْ يُجْهَلَ عَلَيَّ)).

           17. – Eý Allahym! Azaşmaklygymdan ýa-da biri meni azaşdyrmak-lygyndan, ýalňyşmaklykdan ýa-da biri meni ýalňyşdyrmaklygyndan, zulum etmekden ya-da biri maňa zulum etmekliginden we nadanlykdan ya-da nadanlardan, men Senden pena soraýaryn.

    (Sahyh Tirmizi)

    11.         ÖÝE GIRIŞ ZIKIRI.

    ((بِسْمِ اللَّهِ وَلَجْنَا، وَبِسْمِ اللَّهِ خَرَجْنَا، وَعَلَى اللَّهِ رَبِّنَا تَوَكَّلْنَا، ثُمَّ لِيُسَلِّمْ عَلَى أَهْلِهِ)).

           18. – “Bismilläh (Allanyň ady bilen) girdik, we Onuň ady bilen çykdyk, Robbymyz Allaha töwekgellik etdik.” – Soňra öý eýesine salam bersin!

    (Ebu Dawud)

    12.         METJIDE GIDILENINDE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ اجْعَلْ فِي قَلْبِي نُوراً، وَفِي لِسَانِي نُوراً، وَفِي سَمْعِي نُوراً، وَفِي بَصَرِي نُوراً، وَمِنْ فَوْقِي نُوراً، وَمِنْ تَحْتِي نُوراً، وَعَنْ يَمِينِي نُوراً، وَعَنْ شِمَالِي نُوراً، وَمِنْ أَمَامِي نُوراً، وَمِنْ خَلْفِي نُوراً، وَاجْعَلْ فِي نَفْسِي نُوراً، وَأَعْظِمْ لِي نُوراً، وَعَظِّم لِي نُوراً، وَاجْعَلْ لِي نُوراً، وَاجْعَلْنِي نُوراً، اللَّهُمَّ أَعْطِنِي نُوراً، وَاجْعَلْ فِي عَصَبِي نُوراً، وَفِي لَحْمِي نُوراً، وَفِي دَمِي نُوراً، وَفِي شَعْرِي نُوراً، وَفِي بَشَرِي نُوراً)) ])) [((وَزِدْنِي نُوراً، وَزِدْنِي نُوراً، وَزِدْنِي نُوراً))] [((وَهَبْ لِي نُوراً عَلَى نُورٍ))].

           19. – “Eý Allahym! Kalbymy, dilimi, gulagymy we gözümi nurlandyr, astymdan we üstümden nurlandyr, sagymdan we solumdan nurlandyr, öňümden  we arkamdan nurlandyr, öz nebsimi nurlandyr, maňa nury beýik we azym et, maňa nur ber, meni nurly et, eý Allahym, maňa nur ber we nurlandyr, damarlarymy we ganymy nurly et we etimi we tenimi nurly et we-de saçymy nurly et.”[4]; “Eý Allahym! Gabyrymy we süňklerimi nurlandyr.”[5]; “We nurymy artdyr, we nurymy artdyr, we nurymy artdyr.”[6] ; “We maňa nur üstüne nur ber.”[7].

    13.         METJIDE GIRIŞ DOGALARY.

    ((يَبْدَأُ بِرِجْلِهِ الْيُمْنَى) وَيَقُولُ: ((أَعُوذُ بِاللَّهِ العَظِيمِ، وَبِوَجْهِهِ الْكَرِيمِ، وَسُلْطَانِهِ الْقَدِيمِ، مِنَ الشَّيْطَانِ الرَّجِيمِ)) [بِسْمِ اللَّهِ، وَالصَّلَاةُ] [وَالسَّلَامُ عَلَى رَسُولِ اللَّهِ] ((اللَّهُمَّ افْتَحْ لِي أَبْوَابَ رَحْمَتِكَ)).

           20. – Allanyň rehmedinden, beýik bolan Allaha, kerim bolan ýüzüne, ebedilik kadyrlygyna sygynýaryn.

    (Ebu Dawud)

    – Bismilläh (Allanyň ady bilen) bereketlenýärin. Eý Allahym! Resulyňy -sallallahu aleýhi we sellem- Öz huzuryňda ýat et. Eý Allahym! Maňa rehmet gapylaryňy aç!

    (Muslim)

    14.         METJITDEN ÇYKYŞ DOGASY.

    ((يَبْدَأُ بِرِجْلِهِ الْيُسْرَى)) وَيَقُولُ: ((بِسْمِ اللَّهِ وَالصّلَاةُ وَالسَّلَامُ عَلَى رَسُولِ اللَّهِ، اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ مِنْ فَضْلِك، اللَّهُمَّ اعْصِمْنِي مِنَ الشَّيْطَانِ الرَّجِيمِ)).

            21. – Bismilläh (Allanyň ady bilen) bereketlenýärin. Eý Allahym! Resulyňy -sallallahu aleýhi we sellem- Öz huzuryňda ýat et. Eý Allahym maňa halal ryzk ber, eý Allahym rehmediňden kowulan şeýtandan meni gora!

    (Sahyh Ibn Mäje)

    15.         AZAN ZIKIRLERI.

    يَقُولُ مِثْلَ مَا يَقُولُ المُؤَذِّنُ إِلاَّ فِي ((حَيَّ عَلَى الصَّلَاةِ وَحَيَّ عَلَى الْفَلَاحِ)) فَيقُولُ: ((لاَ حَوْلَ وَلاَ قُوَّةَ إِلاَّ بِاللَّهِ)).

           22. – Azançynyň aýdanyny gaýtalamaly, diňe “haýýa alassolat we haýýa alalfaläh” ýerine “lä hawla we lä kuwwata illä billäh” diýmeli.

    (Buhary)

    يَقُولُ: ((وَأَنَا أَشْهَدُ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ وَأَنَّ مُحَمَّداً عَبْدُهُ وَرَسُولُهُ، رَضِيتُ بِاللَّهِ رَبَّاً، وَبِمُحَمَّدٍ رَسُولاً، وَبِالْإِسْلاَمِ دِينَاً)), ((يَقُولُ ذَلِكَ عَقِبَ تَشَهُّدِ الْمُؤَذِّنِ)).

             23. – Haçanda azançy (eşhedu en lä Ilähä illä Allah we eşhedu enne Muhammeden rasul Allah) diýeninden soň”[8] şeýle diýsin (we menem şaýatlyk edýärin ýeke-täk ybadata hakly Iläh Ol Alladyr, Ol ýeke-täk şärigi hem ýokdyr, we Muhammet onuň gulydyr we ilçisidir. We Robb diýip Allaha, resul diýip Muhammede we din diýip Yslam dinine razy bolup, kabul etdim).

    (Muslim)

    ((يُصَلِّي عَلَى النَّبِيِّ - صلى الله عليه وسلم - بَعْدَ فَرَاغِهِ مِنْ إِجَابَةِ الْمُؤَذِّنِ)).

           24. – “Azany gaýtalap bolanyndan soň pygambere salawat aýtmaly.”[9]

    (Muslim)

    يَقُولُ: ((اللَّهُمَّ رَبَّ هَذِهِ الدَّعْوَةِ التَّامَّةِ، وَالصَّلاَةِ الْقَائِمَةِ، آتِ مُحَمَّداً الْوَسِيلَةَ وَالْفَضِيلَةَ، وَابْعَثْهُ مَقَامَاً مَحمُوداً الَّذِي وَعَدْتَهُ، [إِنَّكَ لَا تُخْلِفُ الْمِيعَادَ])).

           25. – Bu egsilmeýän töwhid dagwatyň we okaljak namazyň Robby bolan eý Allahym! Muhammede şol jennetdäki (wesilet) diýilýän iň gowy düşelgäni ber we oňa wada eden öwgüli, senaly has gowy orny (mertebäni) ber, “şübhesiz Sen wadaňdan dönýän dälsiň”[10].

    (Buhary)

     ((يَدْعُو لِنَفسِهِ بَيْنَ الْأَذَانِ وَالْإِقَامَةِ فَإِنَّ الدُّعَاءَ حِينَئِذٍ لاَ يُرَد)).

           26. – Azan bilen kamadyň arasynda özüň üçin doga etmeli, çünki ol wagtda edilýän doga gaýtarylmaz.

    (Tirmizi)

    NAMAZA DEGIŞLI DOGALAR

    16.         TEKBIRDEN SOŇKY, NAMAZY

    AÇYŞ DOGALAR.

    ((اللَّهُمَّ بَاعِدْ بَيْنِي وَبَيْنَ خَطَايَايَ كَمَا بَاعَدْتَ بَيْنَ الْمَشْرِقِ وَالْمَغْرِبِ، اللَّهُمَّ نَقِّنِي مِنْ خَطَايَايَ كَمَا يُنَقَّى الثَّوْبُ الْأَبْيَضُ مِنَ الدَّنَسِ، اللَّهُمَّ اغْسِلْني مِنْ خَطَايَايَ، بِالثَّلْجِ وَالْماءِ وَالْبَرَدِ)).

           27. – Eý Allahym! Meni günälerimden daşlaşdyr, göýä gündogar bilen günbataryň arasyny daşlaşdyryşyň ýaly, eý Allahym, meni günälerimden päkle, göýä ak eşigiň kirden päklenişi ýaly, eý Allahaym, elbetde, gary, suwy we jöwenegi arassaçylyga sebäp edişiñ ýaly, maňada dürli-dürli rehmediñi günälerimden saplanmaga sebäp et!

    (Buhary)

    ((سُبْحانَكَ اللَّهُمَّ وَبِحَمْدِكَ، وَتَبارَكَ اسْمُكَ، وَتَعَالَى جَدُّكَ، وَلاَ إِلَهَ غَيْرُكَ)).

            28. – Eý Allahym! Elbetde, Seni ähli hamdu-senalar bilen ähli kemçiliklerden we aýyplardan päkleýärin, azamatyň beýik bolup, adyň hem mukaddesdir, Senden başga hak ybadat eýesi ýokdyr.

    (Sahyh Tirmizi)

    ((وَجَّهْتُ وَجْهِيَ لِلَّذِي فَطَرَ السَّمَوَاتِ وَالأَرْضَ حَنِيفَاً وَمَا أَنَا مِنَ الْمُشْرِكِينَ، إِنَّ صَلاَتِي، وَنُسُكِي، وَمَحْيَايَ، وَمَمَاتِي لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ، لاَ شَرِيكَ لَهُ وَبِذَلِكَ أُمِرْتُ وَأَنَا مِنَ الْمُسْلِمِينَ. اللَّهُمَّ أَنْتَ المَلِكُ لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ، أَنْتَ رَبِّي وَأَنَا عَبْدُكَ، ظَلَمْتُ نَفْسِي وَاعْتَرَفْتُ بِذَنْبِي فَاغْفِرْ لِي ذُنُوبي جَمِيعَاً إِنَّهُ لاَ يَغْفِرُ الذُّنوبَ إِلاَّ أَنْتَ. وَاهْدِنِي لِأَحْسَنِ الأَخْلاقِ لاَ يَهْدِي لِأَحْسَنِها إِلاَّ أَنْتَ، وَاصْرِفْ عَنِّي سَيِّئَهَا، لاَ يَصْرِفُ عَنِّي سَيِّئَهَا إِلاَّ أَنْتَ، لَبَّيْكَ وَسَعْدَيْكَ، وَالخَيْرُ كُلُّهُ بِيَـــــــدَيْكَ، وَالشَّـــــرُّ لَيْسَ إِلَيْــــــكَ، أَنَا بِكَ وَإِلَيْكَ، تَبارَكْتَ وَتَعَالَيْتَ، أَسْتَغْفِرُكَ وَأَتوبُ إِلَيْكَ)).

           29. – Elbetde, meniň dinim we amalym diňe gökleri we ýeri ýaradan üçin, men hak dine boýun bolýaryn, çünki men müşriklerden däldirin. Elbetde, ybadatym (namazym), çalýan gurbanym, durmuşym (diriligim) we ölmegimiň sebäbi älem jahanyň Robby bolan Allahadyr, Onuň şärigi ýokdyr, men şu ybadatlar bilen buýruldym we men musulmanlardandyryn. Eý Allahym! Sen melik (hökümdar), Senden başga ybadata hakly Iläh ýokdyr, men Seniň gulyň we Sen hem meniň Robbymsyň, men özüme zulym baryny edendirin, ähli günälerimi tassyklaýaryn, barja günälerimi bagyşla! Takyk, senden başga günäleri bagyşlaýan ýokdyr, meni ahlaklaryň has gowysyna gönükdir, takyk, Senden başga hidäýet edýän ýokdyr we menden ýaman ahlaklary dep et, takyk, Senden başga dep edýän ýokdyr! Eý Allahym! Elbetde, men janym-tenim bilen lebbeý edýärin, ähli haýyrlar sendendir we şer Saňa ýönkelýän däldir, Sen ony (şeri) ýaradan hem bolsaň, men diňe Seni ýardamçy tutýaryn we Saňa dönýärin, Sen mübärek, belent, Senden ýalkaw diläp toba etýärin.

    (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ رَبَّ جِبْرَائِيلَ، وَمِيْكَائِيلَ، وَإِسْرَافِيلَ، فَاطِرَ السَّمَوَاتِ وَالأَرْضِ، عَالِمَ الغَيْبِ وَالشَّهَادَةِ أَنْتَ تَحْكُمُ بَيْنَ عِبَادِكَ فِيمَا كَانُوا فِيهِ يَخْتَلِفُونَ. اهْدِنِي لِمَا اخْتُلِفَ فِيهِ مِنَ الْحَقِّ بِإِذْنِكَ إِنَّكَ تَهْدِي مَنْ تَشَاءُ إِلَى صِرَاطٍ مُسْتَقيمٍ)).

           30. – Eý Allahym! Elbetde Sen Jebraýylyň, Mikaýylyň, Ysrafylyň Robby, gökleri we ýeri ýaradan, gaýyby we hakykady bilýänsiň. Takyk, Sen bendeleriň arasyndaky düşünişilmeýän zatlarda höküm-rowanlygyň bilen çözýänsiň, takyk şo halatda meni fazyl-keremiň bilen haka duşyr, çünki Sen isläniňi haka duşyrýansyň!

    (Muslim)

    ((اللَّهُ أَكْبَرُ كَبِيرَاً، اللَّهُ أَكْبَرُ كَبِيراً، اللَّهُ أَكْبَرُ كَبِيراً، وَالْحَمْدُ لِلَّهِ كَثيراً، وَالْحَمْدُ لِلَّهِ كَثيراً، وَالْحَمْدُ لِلَّهِ كَثيراً، وَسُبْحَانَ اللَّهِ بُكْرَةً وَأَصِيلاً)) ثَلاثاً ((أَعُوذُ بِاللَّهِ مِنَ الشَّيْطَانِ: مِنْ نَفْخِهِ، وَنَفْثِهِ، وَهَمْزِهِ)).

    31. – Allahu Ekber (Allah beýikleriň beýigi); (üç gezek)

    – Elhamdulilläh (Allaha köp hamydlar bolsun); (üç gezek)

            –Irden we agşam Allany ähli aýyp-nogsanlykdan päkleýärin. (üç gezek)

    –  Elbetde men şeýtandan, onuň      ulumsylygyndan, ýalan-ýaşrygyndan we was-wasasyndan Alladan pena soraýaryn.

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ لَكَ الْحَمْدُ، أَنْتَ نُورُ السَّمَوَاتِ وَالأَرْضِ وَمَنْ فِيهِنَّ، وَلَكَ الْحَمْدُ أَنْتَ قَيِّمُ السَّمَوَاتِ وَالأَرْضِ وَمَنْ فِيهِنَّ، [وَلَكَ الْحَمْدُ أَنْتَ رَبُّ السَّمَواتِ وَالأَرْضِ وَمَنْ فِيهِنَّ] [وَلَكَ الْحَمْدُ لَكَ مُلْكُ السَّمَوَاتِ وَالأَرْضِ وَمَنْ فِيهِنَّ] [وَلَكَ الْحَمْدُ أَنْتَ مَلِكُ السَّمَوَاتِ وَالأَرْضِ] [وَلَكَ الْحَمْدُ] [أَنْتَ الْحَقُّ، وَوَعْدُكَ الْحَقُّ، وَقَوْلُكَ الْحَقُّ، وَلِقاؤُكَ الْحَقُّ، وَالْجَنَّةُ حَقٌّ، وَالنَّارُ حَقٌّ، وَالنَّبِيُّونَ حَقٌّ، وَمحَمَّدٌ - صلى الله عليه وسلم - حَقٌّ، وَالسّاعَةُ حَقٌّ] [اللَّهُمَّ لَكَ أَسْلَمتُ، وَعَلَيْكَ تَوَكَّلْتُ، وَبِكَ آمَنْتُ، وَإِلَيْكَ أَنَبْتُ، وَبِكَ خاصَمْتُ، وَإِلَيْكَ حاكَمْتُ. فَاغْفِرْ لِي مَا قَدَّمْتُ، وَمَا أَخَّرْتُ، وَمَا أَسْرَرْتُ، وَمَا أَعْلَنْتُ] [أَنْتَ المُقَدِّمُ، وَأَنْتَ المُؤَخِّرُ لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ] [أَنْتَ إِلَهِي لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ])).

           32. – Eý Allahym! Saňa ähli hamdu-senalar bolsun! Elbetde, Sen gökleriň, ýeriň we olaryň arasyndakylaryň nurysyň. Saňa ähli hamdu-senalar bolsun! Sen gökleriň, ýeriň we olaryň arasyndakylaryň hojaýynysyň. Saňa ähli hamdu-senalar bolsun! Sen gökleriň, ýeriň we olaryň arasyndakylaryň Robbysyň. Saňa ähli hamdu-senalar bolsun! Gökleriň, ýeriň we olaryň arasyndaky ähli mülk Seniňkidir. Saňa ähli hamdu-senalar bolsun! Sen gökleriň we ýeriň hökümdarysyň. Saňa ähli hamdu-senalar bolsun! Sen haksyň, wadaň hakdyr, sözleriň hakdyr, Saňa dönjegimiz hem hakdyr, jennet we dowzah hakdyr, pygamberler hakdyr, Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- hakdyr, kyýamat (ölenimizden soň täzeden direljegimiz) hakdyr. Eý Allahym! Saňa özümi tabşyryp, boýun bolýaryn, Saňa bil baglap, Saňa töwekgellik edýärin, Saňa iman edip ynandym, elbetde başgalardan ýüzümi sowyp, Saňa döndüm, Seni delil tutunyp, Seniň duşmanyňy duşman bildim, Seniň hökümiňi däp-dessur bildim we Senden başganyň däp-dessuryny kabul etmedim, eý Allahym eden, etjek, gizlin we äşgär günälerimi bägyşla. Sen her-bir zady öz wagtynda indirip, isläniňi öňe geçirip we isläniňi yza goýýansyň, Senden başga ybadata hakly Iläh ýok, ybadatymy sarp edýänim diňe Sensiň, Senden başga ybadata hakly Iläh ýok.

    (Buhary, Muslim)

    17.         RUKUGDA AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((سُبْحانَ رَبِّيَ الْعَظِيمِ)). ثلاث مرَّاتٍ.

           33. – Elbetde, azym bolan Robbym ähli aýyplardan päkdir (üç gezek).

    (Ahmed)

    ((سُبْحَانَكَ اللَّهُمَّ رَبَّنَا وَبِحَمْدِكَ، اللَّهُمَّ اغْفِرْ لِي)).

           34. – Robbymyz bolan eý Allahym, Saňa hamd edip, Seni päkleýärin, eý Allahym maňa magfyret et.

    (Buhary, Muslim)

    ((سُبُّوُحٌ، قُدُّوسٌ، رَبُّ المَلاَئِكَةِ وَالرُّوحِ)).

           35. – Elbetde, perişdeleriň we ruhyň Robby, päkdir we mukaddesdir.

    (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ لَكَ رَكَعْتُ، وَبِكَ آمَنْتُ، وَلَكَ أَسْلَمْتُ، خَشَعَ لَكَ سَمْعِي، وَبَصَرِي، وَمُخِّي، وَعَــــظْمِي، وَعَصَبِي، [وَمَا استَقَلَّتْ بِهِ قَدَمِي])).

           36. – Eý Allahym! Saňa rukug etdim, Saňa iman getirdim, Saňa boýun syndym. Elbetde gulagym, gözüm, beýnim, süňkim, damarym we janym-tenim Saňa boýun boldy.

    (Muslim)

    ((سُبْحَانَ ذِي الْجَبَرُوتِ، وَالْمَلَكُوتِ، وَالْكِبْرِيَاءِ، وَالْعَظَمَةِ)).

            37. – Takyk, hökmürowanlygyň, mülküň, beýikligiň we azamatyň hojaýyny Allah päkdir.

    (Ebu Dawud)

    18.         RUKUGDAN GALANYŇDA AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((سَمِعَ اللَّهُ لِمَنْ حَمِدَهُ)).

             38. – Kim Allaha hamd aýtsa Ol eşidýändir.

    (Buhary)

    ((رَبَّنَا وَلَكَ الْحَمْدُ، حَمْداً كَثيراً طَيِّباً مُبارَكاً فِيهِ)).

             39. – Robbymyz Saňa hamd bolsun, köp-köp mübärek hamd diňe Seniň üçindir.

    (Buhary)

    ((مِلْءَ السَّمَوَاتِ وَمِلْءَ الأَرْضِ، وَمَا بَيْنَهُمَا، وَمِلْءَ مَا شِئْتَ مِنْ شَيءٍ بَعْدُ. أَهلَ الثَّناءِ وَالْمَجْدِ، أَحَقُّ مَا قَالَ الْعَبْدُ، وَكُلُّنَا لَكَ عَبْدٌ. اللَّهُمَّ لاَ مَانِعَ لِمَا أَعْطَيْتَ، وَلاَ مُعْطِيَ لِمَا مَنَعْتَ، وَلاَ يَنْفَعُ ذَا الجَدِّ مِنْكَ الجَدُّ)).

    40. – Eý Allahym! Takyk, Saňa, asmanlaryň dolulygyça, ýeriň dolulygyça we olaryň arasy dolulygyça Seniň isleýşiňe görä ähli hamdu-senalar bolsun! Sen öwgi-sena haklysyň, bular bendäniň hak aýdan sözleri, biziň hemmämiz Seniň gullaryňdyrys. Eý Allahym! Seniň bereniňi aljak we bermedigiňi hem berjek ýokdyr, hiç baýa onuň baýlygy Seniň huzuryňda peýdasy degmez.

    (Muslim)

    19.         SEŽDEDE AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((سُبْحَانَ رَبِّيَ الأَعْلَى)) ثلاث مرَّاتٍ.

    41. – Takyk, Robbymyz beýikleriň beýigidir, Ol päkdir.

    (Ahmed, Tirmizi)

    ((سُبْحَانَكَ اللَّهُمَّ رَبَّنَا وَبِحَمْدِكَ، اللَّهُمَّ اغْفِرْ لِي)).

               42. – Robbymyz bolan eý Allahym, Saňa hamd edip Seni päkleýärin, eý Allahym maňa magfyret et.

    (Buhary, Muslim)

    ((سُبوحٌ، قُدُّوسٌ، رَبُّ الْمَلَائِكَةِ وَالرُّوحِ)).

    43. – Takyk, perişdeleriň we ruhyň Robby, päkdir we mukaddesdir.

    (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ لَكَ سَجَدْتُ وَبِكَ آمَنْتُ، وَلَكَ أَسْلَمْتُ، سَجَدَ وَجْهِيَ لِلَّذِي خَلَقَهُ، وَصَوَّرَهُ، وَشَقَّ سَمْعَهُ وَبَصَرَهُ، تَبَارَكَ اللَّهُ أَحْسنُ الْخَالِقينَ)).

    44. – Eý Allahym! Elbetde, men Saňa sežde etdim, Saňa iman getirip Saňa boyun boldum, meniň ýüzüm, ony (ýüzümi) ýaradyp göz, gulak açyp we görk beren Allaha sežde etdi, Ol mübärek has gowy ýaradyjydyr.

    (Muslim)

    ((سُبْحَانَ ذِي الْجَبَرُوتِ، وَالْمَلَكُوتِ، وَالْكِبْرِيَاءِ، وَالْعَظَمَةِ)).

    45. – Takyk, hökmürowanlygyň, mülküň, beýikligiň we azamatyň hojaýyny Allah päkdir.

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ اغْفِرْ لِي ذَنْبِي كُلَّهُ: دِقَّهُ وَجِلَّهُ، وَأَوَّلَهُ وَآخِرَهُ، وَعَلاَنِيَّتَهُ وَسِرَّهُ)).

    46. – Eý Allahym! Meniň günälerimiň hemmesini, ulysyny we kiçisini, owalyny we ahyryny, aýdyňyny we gizlinini bagyşla.

    (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِرِضَاكَ مِنْ سَخَطِكَ، وَبِمُعَافَاتِكَ مِنْ عُقوبَتِكَ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْكَ، لاَ أُحْصِي ثَنَاءً عَلَيْكَ، أَنْتَ كَمَا أَثْنَيْتَ عَلَى نَفْسِكَ)).

             47. – Eý Allahym! Seniň razyçylygyňdan gazabyňa uçramakdan, salamatyňdan jezaňa duçar bolmakdan, Saňa sygynýaryn we seniň azabyňdan Senden pena soraýaryn! Elbetde, Sen Özüňi öwüşiň ýaly saňa öwgi senalar bolsun, çünki Seni näçe öwgilesemem azdyr.

    (Muslim)

    20.         IKI SEJDÄNIŇ ARASYNDAKY DOGALAR.

    ((رَبِّ اغْفِرْ لِي، رَبِّ اغْفِرْ لِي)).

            48. – Robbym günämi geç! Robbym günämi geç!

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ اغْفِرْ لِي، وَارْحَمْنِي، وَاهْدِنِي، وَاجْبُرْنِي، وَعَافِنِي، وَارْزُقْنِي، وَارْفَعْنِي)).

            49. – Eý Allahym! Meniň günämi geç, maňa rehmet et, meni salyh amallara gönükdir, meni garyplykdan gora, meni salamat et, maňa ryzk ber, meniň derejämi iki dünýedede galdyr!

    (Sahyh Tirmizi)

    21.         SEŽDE AÝATY OKALANDA AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((سَجَدَ وَجْهِيَ لِلَّذِي خَلَقَهُ، وَشَقَّ سَمْعَهُ وَبَصَرَهُ بِحَوْلِهِ وَقُوَّتِهِ، {فَتَبارَكَ اللَّهُ أَحْسَنُ الْخَالِقِينَ})).

    50. – “Takyk, ýüzüm, ony (ýüzümi) gudraty bilen ýaradyp, kemsiz göz-gulak açana sežde etdi, “Ol Allah mübärek, has gowy ýaradyjydyr.”.”[11]

    (Mu’minun: 14)

    ((اللَّهُمَّ اكْتُبْ لِي بِهَا عِنْدَكَ أَجْراً، وَضَعْ عَنِّي بِهَا وِزْراً، وَاجْعَلْهَا لِي عِنْدَكَ ذُخْراً، وَتَقَبَّلْهَا مِنِّي كَمَا تَقَبَّلْتَهَا مِنْ عَبْدِكَ دَاوُدَ)).

             51. – Eý Allahym! Öz ýanyňda şu seždäme sogap ber, şunyň bilen günämi geç, onuň ejrini Öz huzuryňda meniň üçin sakla we seždämi kabul et, göýä gulyň Dawudyň seždesini kabul edişiň ýaly.

    (Tirmizi)

    22.         TEŞEHHUD (ETTEHYÝATY) DOGA.

    ((التَّحِيَّاتُ لِلَّهِ، وَالصَّلَواتُ، وَالطَّيِّباتُ، السَّلاَمُ عَلَيْكَ أَيُّهَا النَّبِيُّ وَرَحْمَةُ اللَّهِ وَبَرَكَاتُهُ، السَّلاَمُ عَلَيْنَا وَعَلَى عِبَادِ اللَّهِ الصَّالِحِينَ. أَشْهَدُ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَأَشْهَدُ أَنَّ مُحَمَّداً عَبْدُهُ وَرَسولُهُ)).

    52. – Takyk, salamatlyk, beýiklik, ýeke-täk galmaklyk we mal-mülk Allahadyr. Dil, beden we mal bilen edilýän ybadatlaryň ählisi diňe Allanyň hakydyr. Elbetde, Allanyň salamy, rehim-sefegaty we bereketi, mertebesi beýik bolan Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- pygamberine bolsyn. Salam we salamatlyk bize we Allanyň ýagşy gullaryna bolsun. Takyk, men şaýatlyk edýärin, Alladan gaýry Ilähiň ýoklugyna we Muhammedem -sallallahu aleýhi we sellem- onuň gulydyr we ilçisidir.

    (Buhary)

    23.         ETTEHYÝATYDAN SOŇKY SALAWATLAR.

    ((اللَّهُمَّ صَلِّ عَلَى مُحَمَّدٍ، وَعَلَى آلِ مُحَمَّدٍ، كَمَا صَلَّيتَ عَلَى إِبْرَاهِيمَ، وَعَلَى آلِ إِبْرَاهِيمَ، إِنَّكَ حَمِيدٌ مَجِيدٌ، اللَّهُمَّ بَارِكْ عَلَى مُحَمَّدٍ وَعَلَى آلِ مُحَمَّدٍ، كَمَا بَارَكْتَ عَلَى إِبْرَاهِيمَ وَعَلَى آلِ إِبْرَاهِيمَ، إِنَّكَ حَمِيدٌ مَجِيدٌ)).

    53. – Eý Allahym! Ybrahyma we onuň maşgalasyna merhemet edişiň ýaly Muhammede we onuň maşgalasynada merhemet et, takyk, Sen öwülmäge mynasypsyň we beýik şan-şöhrat eýesisiň.

    – Eý Allahym! Ybrahyma we onuň maşgalasyna mübärek edişiň ýaly Muhammedi we onuň maşgalasynada mübärek et, takyk, Sen öwülmäge mynasypsyň we beýik şan-şöhrat eýesisiň.

    (Buhary)

    ((اللَّهُمَّ صَلِّ عَلَى مُحَمَّدٍ وَعَلَى أَزْوَاجِهِ وَذُرِّيَّتِهِ، كَمَا صَلَّيْتَ عَلَى آلِ إِبْرَاهِيمَ. وَبَارِكْ عَلَى مُحَمَّدٍ وَعَلَى أَزْواجِهِ وَذُرِّيَّتِهِ، كَمَا بَارَكْتَ عَلَى آلِ إِبْرَاهِيمَ. إِنَّكَ حَمِيدٌ مَجِيدٌ)).

    54. – Eý Allahym! Ybrahyma we onuň maşgalasyna merhemet edişiň ýaly Muhammede, onuň aýallarynada we zürriýetinede merhemet et, we Ybrahymy we onuň maşgalasyny mübärek edişiň ýaly Muhammedide,  onuň aýallarynyda we zürriýetinede mübärek et, takyk, Sen öwülmäge mynasypsyň we beýik şan-şöhrat eýesisiň.

    (Buhary)

    24.         EGNIŇE SALAM BERMEZDEN ÖŇ

    AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((اللَّهُــمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِكَ مِنْ عَذَابِ الْقَبْرِ، وَمِنْ عَذَابِ جَهَنَّمَ، وَمِنْ فِتْنَةِ الْمَحْيَا وَالْمَمَاتِ، وَمِنْ شَرِّ فِتْنَةِ الْمَسِيحِ الدَّجَّالِ)).

    55. – Eý Allahym! Takyk, men Senden, gabyr azabyndan, jähennem azabyndan, ýaşaýşyň (durmuşyň) we ahyrky demdäki fitneden we haýyrsyz gijen (dejjal) fitnesiniň şerinden pena soraýaryn.

    (Buhary)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَعوذُ بِكَ مِنْ عَذَابِ الْقَبْرِ، وَأَعوذُ بِكَ مِنْ فِتْنَةِ الْمَسِيحِ الدَّجَّالِ، وَأَعوذُ بِكَ مِنْ فِتْنَةِ الْمَحْيَا وَالْمَمَاتِ. اللَّهُمَّ إِنِّي أَعوذُ بِكَ مِنَ الْمَأْثَمِ وَالْمَغْرَمِ)).

             56. – Eý Allahym! Elbetde, men Senden gabyr azabyndan we haýyrsyz gijen (dejjalyň) fitnesinden pena soraýaryn. Ýaşaýşyň (durmuşyň) we ahyrky demiň fitnesinden pena soraýaryn. Eý Allahym! Günä işlerden we bergidarlykdan men Senden pena soraýaryn.                                               (Buhary)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي ظَلَمْتُ نَفْسِي ظُلْماً كَثِيراً، وَلاَ يَغْفِرُ الذُّنوبَ إِلاَّ أَنْتَ، فَاغْفِرْ لِي مَغْفِرَةً مِنْ عِنْدِكَ وَارْحَمْنِي، إِنَّكَ أَنْتَ الغَفورُ الرَّحيمُ)).

    57. – Eý Allahym! Takyk, men özüme köp zulum etdim, Senden başga günä geçýän ýokdyr, Sen Öz fazly keremiň bilen, meniň günälerimi geç we merhemet et, takyk, Sen köp-köp günäleri geçýänsiň we merhemet edýänsiň.

    (Buhary)

    ((اللَّهُمَّ اغْفِرْ لِي مَا قَدَّمْتُ، وَمَا أَخَّرْتُ، وَمَا أَسْرَرْتُ، وَمَا أَعْلَنْتُ، وَمَا أَسْرَفْتُ، وَمَا أَنْتَ أَعْلَمُ بِهِ مِنِّي. أَنْتَ الْمُقَدِّمُ، وَأَنْتَ الْمُؤَخِّرُ لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ)).

             58. – Eý Allahym! Meniň öňki we soňky, gizlin we aýdyň, çenden geçmämi we Seniň menden gowy bilýän günälerimi geç! Elbetde, Sen hikmediň bilen ähli zatlary tertipläp ýerbe-ýer goýýansyň, Senden başga ybadata hakly Iläh ýokdyr!

    (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ أَعِنِّي عَلَى ذِكْرِكَ، وَشُكْرِكَ، وَحُسْنِ عِبادَتِكَ)).

             59. – Eý Allahym! Seni ýat etmek, Saňa şükür etmek we Saňa öz buýryşyň we pygamberiň öwredişi ýaly gözel tagat, ybadat etmek üçin, maňa ýardam ber!

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِكَ مِنَ الْبُخْلِ، وَأَعوذُ بِكَ مِنَ الْجُبْنِ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ أَنْ أُرَدَّ إِلَى أَرْذَلِ الْعُمُرِ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ فِتْنَةِ الدُّنْيَا وَعَذَابِ الْقَبْرِ)).

    60. – Eý Allahym! Takyk, men Senden husytlykdan we gorkaklykdan pena soraýaryn! We garrap kösenmekden, dünýäniň fitnesinden we eýmendirýän gabyr azabyndan men Senden pena soraýaryn.

    (Buhary)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ الْجَنَّةَ وَأَعُوذُ بِكَ مِنَ النَّارِ)).

              61. – Eý Allahym! Men Senden jennedi soraýaryn we dowzahdan hem pena soraýaryn!

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ بِعِلْمِكَ الغَيْبَ وَقُدْرَتِكَ عَلَى الْخَلقِ أَحْيِنِي مَا عَلِمْتَ الْحَيَاةَ خَيْراً لِي، وَتَوَفَّنِي إِذَا عَلِمْتَ الْوَفَاةَ خَيْراً لِي، اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ خَشْيَتَكَ فِي الْغَيْبِ وَالشَّهَادَةِ، وَأَسْأَلُكَ كَلِمَةَ الْحَقِّ فِي الرِّضَا وَالْغَضَبِ، وَأَسْأَلُكَ الْقَصْدَ فِي الْغِنَى وَالْفَقْرِ، وَأَسْأَلُكَ نَعِيماً لاَ يَنْفَدُ، وَأَسْأَلُكَ قُرَّةَ عَيْنٍ لاَ تَنْقَطِعُ، وَأَسْأَلُكَ الرِّضَا بَعْدَ الْقَضَاءِ، وَأَسْــــأَلُكَ بَرْدَ الْعَيْشِ بَعْدَ الْمَوْتِ، وَأَسْأَلُكَ لَذَّةَ النَّظَرِ إِلَى وَجْهِكَ، وَالشَّوْقَ إِلَى لِقائِكَ فِي غَيرِ ضَرَّاءَ مُضِرَّةٍ، وَلاَ فِتْنَةٍ مُضِلَّةٍ، اللَّهُمَّ زَيِّنَا بِزِينَةِ الإِيمَانِ، وَاجْعَلْنَا هُدَاةً مُهْتَدِينَ)).

    62. – Eý Allahym! Eger meniň diriligimi isleseň, zyýan beriji bir hassalyga, azdyryjy bir fitnä duşyrmazdan ömrümi dowam etdir ýa-da ölüm maňa haýyrly bolsa, kynçylyksyz, zyýansyz we fitnesiz meniň janymy al. Eý Allahym! Takyk, men, elmydama Saňa bolan gorky soraýaryn, elmydama maňa haky aýtmaga towfik (ýardam) ber, garyplyk we baýlyk halymda ortaça (göterinip biljegimi) soraýaryn, tükelmejek nygmaty (jenneti) we soňsyz göz-guwanjy soraýaryn, takdyra (kaza) razylyk we ölümden soň rehmetlik soraýaryn, Seniň didaryňa bakmaklyk lezzetini soraýaryn, Saňa gowuşmak arzuwyny edýärin. Eý Allahym! Bizi iman zynaty bilen beze, dogry ýola gönükýänlerden et.

    (Nesäi)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ يَا أَللَّهُ بِأَنَّكَ الْوَاحِدُ الْأَحَدُ الصَّمَدُ الَّذِي لَمْ يَلِدْ وَلَمْ يولَدْ، وَلَمْ يَكنْ لَهُ كُفُواً أَحَدٌ، أَنْ تَغْفِرَ لِي ذُنُوبِي إِنَّكَ أَنْتَ الْغَفُورُ الرَّحِّيمُ))

                63. – Eý Allahym! Diňe Saňa ýüzlenýarin! Eý Allahym! Meniň günälerimi geç, şübhesiz Sen günäleri geçýänsiň, merhemet edýänsiň. Elbetde, Sen ýeke-täk, ähli mahluklar Saňa mätäçdirler, Sen dogurmadyň we dogulmadyň, Seniň hiç-bir deňiň-taýyň we meňzeşiň-de ýokdyr!

    (Nesäi)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ بِأَنَّ لَكَ الْحَمْدَ لَا إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ وَحْدَكَ لاَ شَرِيكَ لَكَ، الْمَنَّانُ، يَا بَدِيعَ السَّمَوَاتِ وَالْأَرْضِ يَا ذَا الْجَلاَلِ وَالْإِكْرَامِ، يَا حَيُّ يَا قَيُّومُ إِنِّي أَسْأَلُكَ الْجَنَّةَ وَأَعُوذُ بِكَ مِنَ النَّارِ)).

               64. – Eý Allahym! Elbetde, men Saňa ýüzlenip Senden jennedi soraýaryn we dowzahdan pena soraýaryn, çünki öwgi-senalar Seniň üçindir, ybadata hakly ýeke-täk Iläh Sensiň, Seniň hiç bir şärigiň ýokdyr, Sen köp berýänsiň (sahylyk Saňa ýaraşýar), Sen asmanlary we ýeri ýokdan bar edensiň, Sen uly şan, soltan, nygmat, yhsan, öňsüz we soňsuz dirilik eýesisiň, Sen hiç zada mätäç dälsiň gaýtam biz Saňa mätäçdiris.

    (Sahyh Ibn Mäje)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ بِأَنَّي أَشْهَدُ أَنَّكَ أَنْتَ اللَّهُ لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ الْأَحَدُ الصَّمَدُ الَّذِي لَمْ يَلِدْ وَلَمْ يُولَدْ وَلَمْ يَكُنْ لَهُ كُفُواً أَحَدٌ)).

    65. – Eý Allahym! Takyk, diňe Saňa ýüzlenip, Saňa şaýatlyk edýärin. Takyk, Sen Alla, Senden başga ybadata hakly Iläh ýok, ähli mahluklar Saňa mätäç bolup, Saňa ýüzlenýändirler, Sen dogurmadyň we dogulmadyň, Seniň hiç-bir deňiň-taýyň we meňzeşiň-de ýokdyr.

    (Ebu Dawud)

    25.         SALAMDAN SOŇ AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((أَسْتَغْفِرُ اللَّهَ (ثَلاَثَاً) اللَّهُمَّ أَنْتَ السَّلاَمُ، وَمِنْكَ السَّلاَمُ، تَبَارَكْتَ يَا ذَا الْجَلاَلِ وَالْإِكْرَامِ)).

    66. – Estagfirullah (eý Allahym maňa magfyret et). (üç gezek)

    – Eý Allahym! Takyk, Sen salamatsyň we salamatlyk hem Sendendir, Sen mübärek, Sen beýikligiň we keremiň eýesisiň.

    (Muslim)

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ وَلَهُ الْحَمْدُ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ [ثلاثاً]، اللَّهُمَّ لاَ مَانِعَ لِمَا أَعْطَيْتَ، وَلاَ مُعْطِيَ لِمَا مَنَعْتَ، وَلاَ يَنْفَعُ ذَا الْجَدِّ مِنْكَ الجَدُّ)).

    67. – Takyk, ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamydlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr. Eý Allahym! Bereniňi aljak we bermedigiňi hem berjek ýokdyr we baýyň baýlygy Seniň azabyňdan halas etmez.

    (Buhary)

    ((لَا إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ، وَلَهُ الْحَمدُ، وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ. لاَ حَوْلَ وَلاَ قُوَّةَ إِلاَّ بِاللَّهِ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ، وَلاَ نَعْبُدُ إِلاَّ إِيَّاهُ, لَهُ النِّعْمَةُ وَلَهُ الْفَضْلُ وَلَهُ الثَّنَاءُ الْحَسَنُ، لَا إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ مُخْلِصِينَ لَهُ الدِّينَ وَلَوْ كَرِهَ الكَافِرُونَ)).

    68. – Elbetde, ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamytlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr, çünki güýç-kuwwat başarjaňlyk ýokdyr, megerem, Allanyň ýardamy bilendir, Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdyr we bizem ýeke-täk Alla ybadat edýäris, ähli nygmatlar we fazyl-keremler Alladandyr, ähli gözel senalar Allanyň hakydyr, Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdyr. Käfirler şol (töwhidimizi) ýigrenselerem, elbetde, biz yhlas bilen ybadatymyzda Ony birleýäris.

    (Muslim)

    ((سُبْحَانَ اللَّهِ، وَالْحَمْدُ لِلَّهِ، وَاللَّهُ أَكْبَرُ (ثلاثاً وثلاثين) لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ وَلَهُ الْحَمْدُ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ)).

    69. – Subhanallah (Allah ähli nogsanlyklardan päkdir).           (33-gezek)

              – Elhamdulilläh (Allaha hamdlar bolsun).             (33-gezek)

    Allahu Ekber (Allah has beýikdir). (33-gezek)

    – Takyk, ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamytlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr.

    (Muslim)

    بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ {قُلْ هُوَ اللَّهُ أَحَدٌ* اللَّهُ الصَّمَدُ* لَمْ يَلِدْ وَلَمْ يُولَدْ* وَلَمْ يَكُن لَّهُ كُفُواً أَحَدٌ}، بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ {قُلْ أَعُوذُ بِرَبِّ الْفَلَقِ* مِن شَرِّ مَا خَلَقَ* وَمِن شَرِّ غَاسِقٍ إِذَا وَقَبَ* وَمِن شَرِّ النَّفَّاثَاتِ فِي الْعُقَدِ* وَمِن شَرِّ حَاسِدٍ إِذَا حَسَدَ}، بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ {قُلْ أَعُوذُ بِرَبِّ النَّاسِ* مَلِكِ النَّاسِ* إِلَهِ النَّاسِ* مِن شَرِّ الْوَسْوَاسِ الْخَنَّاسِ* الَّذِي يُوَسْوِسُ فِي صُدُورِ النَّاسِ* مِنَ الْجِنَّةِ وَ النَّاسِ}بَعْدَ كُلِّ صَلاَةٍ.

    70.    

    ((El-Yhlas))

    Mähriban we Rehimli Allanyň ady bilen: Aýt: “Ol Allah bir. Allah Samad. Ol dogranam we doglanam däldir. We Onuň deňi-taýy ýokdur.”.[12]

    ((El-Falak))

    Mähriban we Rehimli Allanyň ady bilen: Aýt: “Men säheriň Perwerdigärine sygynyp, (Onuň) ýaradan zatlarynyň şerinden, tümlük bürän wagty gijäniň şerinden, düwünlere dem salýän jadygöýleriň (palçylaryň) şerinden, göriplik edýän wagty göribiň şerinden pena soraýaryn!”.

    ((En-Näs))

    Mähriban we Rehimli Allanyň ady bilen: Aýt: “Men ynsanlaryň Perwerdigärine, ynsanlaryň Hökümdaryna, ynsanlaryň Ilähine sygynyp, ynsanlaryň (gaflatda wagty) gursaklaryna (ýüreklerine) was-wasy salýan, (Allany ýatlaýan wagty gaçýan) ynsanlardan we jynlardan bolan şeýtanyň şerinden pena soraýaryn!”.

    (Her namazyň soňunda).

    (Ebu Dawud)

    {اللَّهُ لاَ إِلَهَ إِلاَّ هُوَ الْحَيُّ الْقَيُّومُ لاَ تَأْخُذُهُ سِنَةٌ وَلاَ نَوْمٌ لَّهُ مَا فِي السَّمَوَاتِ وَمَا فِي الأَرْضِ مَن ذَا الَّذِي يَشْفَعُ عِنْدَهُ إِلاَّ بِإِذْنِهِ يَعْلَمُ مَا بَيْنَ أَيْدِيهِمْ وَمَا خَلْفَهُمْ وَلاَ يُحِيطُونَ بِشَيْءٍ مِّنْ عِلْمِهِ إِلاَّ بِمَا شَاءَ وَسِعَ كُرْسِيُّهُ السَّمَوَاتِ وَالأَرْضَ وَلاَ يَؤُودُهُ حِفْظُهُمَا وَهُوَ الْعَلِيُّ الْعَظِيمُ}عَقِبَ كلِّ صَلاَةٍ.

    71. - ((Aýat el-Kürsi)): Alladan özge ybadada hakly hiç bir Iläh ýokdyr, megerem diňe onuň özi haklydyr. Ol ededi (elmydama) diridir Kaýýumdyr (Älem jahany dolandyrýandyr). Ol uklamaz, (hatda) irkilmezem. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. Ondan bidin Onuň ýanynda kim şepagat edip biler? Ol bendeleriň eden we etjek işlerini biýändir. (Ynsanlar) Onuň ylymyndan özüniň islän zadyndan başga hiç zadyň (hakykatyna) doly düşünip bilmezler. Onuň Kürsüsi asmanlary we ýeri (doly) gurşap alandyr. Ol ikisini (asmany we ýeri) gorap saklamak Oňa kyn däldir. Ol (Alla) Beýikdir, Belentdir.”[13]

    (Her parz namazyň soňunda).

    (El-Bakara 255)

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ وَلَهُ الْحَمْدُ يُحْيِي وَيُمِيتُ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ)) عَشْرَ مَرّاتٍ بَعْدَ صَلاةِ الْمَغْرِبِ وَالصُّبْحِ.

    72. – Takyk, ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamytlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, Elbetde, ol islänini direldýändir we öldürýändir, Ol her-bir zada kadyrdyr.

    (10- gezek ertir we agşam namazdan soň).

    (Tirmizi)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ عِلْماً نافِعاً، وَرِزْقاً طَيِّباً، وَعَمَلاً مُتَقَبَّلاً)) بَعْدَ السّلامِ مِنْ صَلاَةِ الفَجْرِ.

    73. – Eý Allahym! Takyk,men Senden peýdaly bilim, halal eklenç we Seniň huzuryňda kabul bolýan ýagşy amal soraýaryn.

    (ertir namazynda salamdan soň).

    (Ibn Mäje)

    26.         ALLADAN SALA (AK PATA) ALMAK DOGASY.

    قَالَ جَابرُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: كَانَ رسُولُ اللَّهِ - صلى الله عليه وسلم - يُعَلِّمُنَا الْاسْتِخَارَةَ فِي الْأُمُورِ كُلِّهَا كَمَا يُعَلِّمُنَا السُّورَةَ مِنَ الْقُرْآنِ، يَقُولُ: ((إِذَا هَمَّ أَحَدُكُمْ بِالْأَمْرِ فَلْيَرْكَعْ رَكْعَتَيْنِ مِنْ غَيْرِ الْفَرِيضَةِ، ثُمَّ لْيَقُلْ: اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْتَخِيرُكَ بِعِلْمِكَ، وَأَسْتَقْدِرُكَ بِقُدْرَتِكَ، وَأَسْأَلُكَ مِنْ فَضْلِكَ العَظِيمِ؛ فَإِنَّكَ تَقْدِرُ وَلاَ أَقْدِرُ، وَتَعْلَمُ وَلاَ أَعْلَمُ، وَأَنْتَ عَلاَّمُ الغُيُوبِ، اللَّهُمَّ إِنْ كُنْتَ تَعْلَمُ أَنَّ هَذَا الأمْرَ - وَيُسَمِّي حَاجَتَهُ - خَيْرٌ لِي فِي دِينِي وَمَعَاشِي وَعَاقِبَةِ أَمْرِي – أَوْ قَالَ: عَاجِلِهِ وَآجِلِهِ - فَاقْدُرْهُ لِي وَيَسِّرْهُ لِي ثمَّ بَارِكْ لِي فِيهِ، وَإِنْ كُنْتَ تَعْلَمُ أَنَّ هَذَا الْأَمْرَ شَرٌّ لِي فِي دِينِي وَمَعَاشِي وَعَاقِبَةِ أَمْرِي – أَوْ قَالَ: عَاجِلِهِ وَآجِلِهِ – فَاصْرِفْهُ عَنِّي وَاصْرِفْنِي عَنْهُ وَاقْدُرْ لِيَ الْخَيْرَ حَيْثُ كَانَ، ثُمَّ أَرْضِنِي بِهِ)).

    وَمَا نَدِمَ مَنِ اسْتَخَارَ الْخَالِقَ، وَشَاوَرَ الْمَخْلُوقِينَ الْمُؤْمِنِينَ وَتَثَبَّتَ فِي أَمْرِهِ، فَقَدْ قَالَ اللَّهُ: {وَشاوِرْهُمْ فِي الْأَمْرِ فَإِذَا عَزَمْتَ فَتَوَكَّلْ عَلَى اللَّهِ}.

    74. – Eý Allahym! Takyk, men Seniň ylymyňda haýsy gowy bolsa, şony soraýaryn, gudratyň bilen ýardam soraýaryn, Seniň fazyl-keremiňden umyt edýärin, çünki Sen kadyrsyň, men bolsa kadyr däldirin, Sen bilýänsiň, men bolsa bilýän däldirin, Sen gaýyplary bilýänsiň. Eý Allahym! (hajadyňy aýytmaly) Şu zat Seniň gaýyp ylmyňda iru-giç meniň dinime we dünýäme haýyrly bolsa, onda ony meniň üçin ýeňilleşdirip, ony maňa ýetir, soňra bolsa ony bereketli et! Eger-de şu zat Seniň gaýyp ylmyňda iru-giç meniň dinime we dünýäme zyýan bolsa, onda ony menden daşlaşdyr we meni hem ondan daşlaşdyr we nirede haýyr bolsa maňa ýeňilleşdirip, ony maňa ýetirip, onyň bilen meni razy et!

    - egerde kim ýaradandan ak pata alsa we mümin dana adamlara sala salsa we dykgat bilen etjek işine nazar aýlasa ökünmez.

    Alla tagala aýtdy: “Eý Muhammet sahabalaryňa sala sal, edermenli ýapyş we Alla töwekgellik et.”[14]

     (Buhary)

    27.         IRDEN-AGŞAMKY DOGALAR.

    Hamdlar ýeke-täk Alla bolsun, sag-salamatlyk iň soňky pygambere bolsun.

    أَعُوذُ بِاللَّهِ مِنَ الشَّيطَانِ الرَّجِيمِ {اللَّهُ لاَ إِلَهَ إِلاَّ هُوَ الْحَيُّ الْقَيُّومُ لاَ تَأْخُذُهُ سِنَةٌ وَلاَ نَوْمٌ لَّهُ مَا فِي السَّمَوَاتِ وَمَا فِي الأَرْضِ مَن ذَا الَّذِي يَشْفَعُ عِنْدَهُ إِلاَّ بِإِذْنِهِ يَعْلَمُ مَا بَيْنَ أَيْدِيهِمْ وَمَا خَلْفَهُمْ وَلاَ يُحِيطُونَ بِشَيْءٍ مِّنْ عِلْمِهِ إِلاَّ بِمَا شَاء وَسِعَ كُرْسِيُّهُ السَّمَوَاتِ وَالْأَرْضَ وَلاَ يَؤُودُهُ حِفْظُهُمَا وَهُوَ الْعَلِيُّ الْعَظِيمُ}.

            75. – ((Aýat el-Kürsi)) Daşlanyp kowulan şeýtanyň şerinden Allaha sygynýaryn.

    “Alladan özge ybadada hakly hiç bir Iläh ýokdyr, megerem diňe onuň özi haklydyr. Ol ededi (elmydama) diridir Kaýýumdyr (Älem jahany dolandyrýandyr). Ol uklamaz, (hatda) irkilmezem. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. Ondan bidin Onuň ýanynda kim şepagat edip biler? Ol bendeleriň eden we etjek işlerini biýändir. (Ynsanlar) Onuň ylymyndan özüniň islän zadyndan başga hiç zadyň (hakykatyna) doly düşünip bilmezler. Onuň Kürsüsi asmanlary we ýeri (doly) gurşap alandyr. Ol ikisini (asmany we ýeri) gorap saklamak Oňa kyn däldir. Ol (Alla) Beýikdir, Belentdir.”[15]

    (Bakara 255)

    بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ {قُلْ هُوَ اللَّهُ أَحَدٌ* اللَّهُ الصَّمَدُ* لَمْ يَلِدْ وَلَمْ يُولَدْ* وَلَمْ يَكُن لَّهُ كُفُواً أَحَدٌ}. بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ {قُلْ أَعُوذُ بِرَبِّ الْفَلَقِ* مِن شَرِّ مَا خَلَقَ* وَمِن شَرِّ غَاسِقٍ إِذَا وَقَبَ* وَمِن شَرِّ النَّفَّاثَاتِ فِي الْعُقَدِ* وَمِن شَرِّ حَاسِدٍ إِذَا حَسَدَ}. بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ {قُلْ أَعُوذُ بِرَبِّ النَّاسِ* مَلِكِ النَّاسِ* إِلَهِ النَّاسِ* مِن شَرِّ الْوَسْوَاسِ الْخَنَّاسِ* الَّذِي يُوَسْوِسُ فِي صُدُورِ النَّاسِ* مِنَ الْجِنَّةِ وَ النَّاسِ}(ثلاثَ مرَّاتٍ).

    76. - ((El-Yhlas)) “Allanyň ady bilen başlaýaryn.”

          Mähriban we Rehimli Allanyň ady bilen: Aýt: “Ol Allah bir. Allah Samad. Ol dogranam we doglanam däldir. We Onuň deňi-taýy ýokdur.”.[16]

    ((El-Falak)) “Allanyň ady bilen başlaýaryn.”

          Mähriban we Rehimli Allanyň ady bilen: Aýt: “Men säheriň Perwerdigärine sygynyp, (Onuň) ýaradan zatlarynyň şerinden, tümlük bürän wagty gijäniň şerinden, düwünlere dem salýän jadygöýleriň (palçylaryň) şerinden, göriplik edýän wagty göribiň şerinden pena soraýaryn!”.

    ((En-Näs)) “Allanyň ady bilen başlaýaryn.”

          Mähriban we Rehimli Allanyň ady bilen: Aýt: “Men ynsanlaryň Perwerdigärine, ynsanlaryň Hökümdaryna, ynsanlaryň Ilähine sygynyp, ynsanlaryň (gaflatda wagty) gursaklaryna (ýüreklerine) was-wasy salýan, (Allany ýatlaýan wagty gaçýan) ynsanlardan we jynlardan bolan şeýtanyň şerinden pena soraýaryn!”.                                           (üç gezek)[17]

    (Ebu Dawud)

    ((أَصْبَحْنَا وَأَصْبَحَ الْمُلْكُ لِلَّهِ، وَالْحَمْدُ لِلَّهِ، لاَ إِلَهَ إلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ وَلَهُ الْحَمْدُ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ، رَبِّ أَسْأَلُكَ خَيْرَ مَا فِي هَذَا الْيَوْمِ وَخَيرَ مَا بَعْدَهُ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّ مَا فِي هَذَا الْيَوْمِ وَشَرِّ مَا بَعْدَهُ، رَبِّ أَعُوذُ بِكَ مِنَ الْكَسَلِ وَسُوءِ الْكِبَرِ، رَبِّ أَعُوذُ بِكَ مِنْ عَذَابٍ فِي النَّارِ وَعَذَابٍ فِي الْقَبْرِ)).

            77. – Sag aman ertire çykdyk we Allanyň hojaýynlygy hem dowamatlydyr, öwgi-senalar Allaha bolsun! Elbetde, ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamytlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr. Eý Robbym! Şu günüň hemde ertiriň asudalygyny soraýaryn we şu günüň hem-de ertiriň şerinden sag-amanlyk soraýaryn. Eý Robbym, men Senden ýaltalykdan we erbet garrylykdan pena soraýaryn. Eý Robbym, men Senden jähennemden we gabyr azabyndan pena soraýaryn.

    (ertir bilen)

            – Sag  aman agşama ýetdik we Allanyň hojaýynlygy hem dowamatlydyr, öwgi-senalar Allaha bolsun! Elbetde, ýeke-täk ybadata hakly Ol Allahdyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamytlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr. Eý Robbym! Şu gijäniň hemde ertiriň asudalygyny soraýaryn we şu gijäniň hem-de ertiriň şerinden sag-amanlyk soraýaryn. Eý Robbym, men Senden ýaltalykdan we erbet garrylykdan pena soraýaryn. Eý Robbym, men Senden jähennemden we gabyr azabyndan pena soraýaryn.

     (agşam ara).

     (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ بِكَ أَصْبَحْنَا، وَبِكَ أَمْسَيْنَا، وَبِكَ نَحْيَا، وَبِكَ نَمُوتُ وَإِلَيْكَ النُّشُورُ)).

              78. – Eý Allahym! Takyk, Seniň ýardamyň bilen agşamy geçirip sag aman ertire çykdyk, Seniň penaň bilen ýaşaýarys, Seniň emriň bilen ölýaris we kyýamat güni bizi täzeden direltmeklik hem Saňa gaýdýandyr.

    (ertir bilen).

            – Eý Allahym! Elbetde, Seniň ýardamyň bilen günümizi geçirip sag aman agşama ýetdik, Seniň penaň bilen ýaşaýarys, Seniň emriň bilen ölýaris we kyýamat güni bizi täzeden direltmeklik hem Saňa gaýdýandyr.

    (agşam ara).

    (Muslim)

    “IŇ BEÝIK ISTIGFAR”

    ((اللَّهُمَّ أَنْتَ رَبِّي لَا إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ، خَلَقْتَنِي وَأَنَا عَبْدُكَ، وَأَنَا عَلَى عَهْدِكَ وَوَعْدِكَ مَا اسْتَطَعْتُ، أَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّ مَا صَنَعْتُ، أَبُوءُ لَكَ بِنِعْمَتِكَ عَلَيَّ، وَأَبُوءُ بِذَنْبِي فَاغْفِرْ لِي فَإِنَّهُ لاَ يَغْفِرُ الذُّنوبَ إِلاَّ أَنْتَ)).

            79. – “Eý Allahym! Sen meniň Perwerdigärimsiň, Senden başga ybadata hakly Iläh ýokdyr, Sen meni ýaradansyň we men Seniň bendäňdirin, men güýjümiň yetdigiçe, Saňa beren ähtimdedirin (wadamdadyryn), emma Seniň maňa beren wadaň hakdyr, men Senden öz eden ýaman amallarymyň şerinden pena soraýaryn, maňa beren ähli nygmatlaryňy ykarar edýärin we günälerimi boyun alýaryn, meniň günämi geç, çünki Senden başga hiç-kim günäleri geçýän däldir.”[18]

    (Buhary)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَصْبَحْتُ أُشْهِدُكَ، وَأُشْهِدُ حَمَلَةَ عَرْشِكَ، وَمَلاَئِكَتِكَ، وَجَمِيعَ خَلْقِكَ، أَنَّكَ أَنْتَ اللَّهُ لَا إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ وَحْدَكَ لاَ شَرِيكَ لَكَ، وَأَنَّ مُحَمَّداً عَبْدُكَ وَرَسُولُكَ)) (أربعَ مَرَّاتٍ).

            80. – Eý Allahym! Takyk, men sag-aman ertire çykdym. Elbetde men Seni, Seniň arşyňy göterýän perişdeleri, ähli perişdeleriňi we ähli mahluklaryňy şaýat tutunýaryn, Sen şol Alla, çünki şäriksiz ýeke-täk ybadata hakly we Muhammet Seniň sadyk gulyň we resulyňdyr.

    (ertir bilen 4 gezek)

           – Eý Allahym! Elbetde, men sag-aman agşama ýetdim. Elbetde men Seni, Seniň arşyňy göterýän perişdeleri, ähli perişdeleriňi we ähli mahluklaryňy şaýat tutunýaryn, Sen şol Alla, çünki şäriksiz ýeke-täk ybadata hakly we Muhammet Seniň sadyk gulyň we resulyňdyr.

    (agşam ara 4 gezek)

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ مَا أَصْبَحَ بِي مِنْ نِعْمَةٍ أَوْ بِأَحَدٍ مِنْ خَلْقِكَ فَمِنْكَ وَحْدَكَ لاَ شَرِيكَ لَكَ، فَلَكَ الْحَمْدُ وَلَكَ الشُّكْرُ)).

           81. – “Eý Allahym! Her-bir mahlugyň bilen daňa çykan ähli nygmatlar ýeke-täk Sendendir we Seniň fazly-keremiňdendir, ol nygmatlaryňa hiç-kim şärik däldir, hamd we şükür Saňa bolsun.

    (ertir bilen)

           – Eý Allahym! Her-bir mahlugyň bilen agşama ýeten ähli nygmatlar ýeke-täk Sendendir we Seniň fazly-keremiňdendir, ol nygmatlaryňa hiç-kim şärik däldir, hamd we şükür Saňa bolsun.”[19]

    (agşam ara)

    (Buhary)

    ((اللَّهُمَّ عَافِنِي فِي بَدَنِي، اللَّهُمَّ عَافِنِي فِي سَمْعِي، اللَّهُمَّ عَافِنِي فِي بَصَرِي، لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ. اللَّهُمَّ  إِنِّي أَعُوذُ بِكَ مِنَ الْكُفْرِ، وَالفَقْرِ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ عَذَابِ القَبْرِ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ)) (ثلاثَ مرَّاتٍ).

    82. – Eý Allahym! Takyk, beden agzalarymy ähli bela beterden sag-aman et. Eý Allahym! Gulagymy we görejimi apatlardan aman sakla, Senden başga ybadata hakly Iläh ýokdyr. Eý Allahym! Men Senden kapyrlykdan, garyplykdan hemde gabyr azabyndan pena soraýaryn, çünki Senden başga ybadata hakly Iläh ýokdyr.                                              (üç gezek)

    (Ebu Dawud)

    ((حَسْبِيَ اللَّهُ لاَ إِلَهَ إِلاَّ هُوَعَلَيهِ تَوَكَّلتُ وَهُوَ رَبُّ الْعَرْشِ الْعَظِيمِ)) (سَبْعَ مَرّاتٍ).

    83. – “Takyk, azym bolan arşyň eýesi , ýeke-täk ybadata hakly Alla maňa ýeterlikli bolar, men Oňa töwekgellik etdim.”[20]

    (ýedi gezek)

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ الْعَفْوَ وَالْعَافِيَةَ فِي الدُّنْيَا وَالآخِرَةِ، اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ الْعَفْوَ وَالْعَافِيَةَ: فِي دِينِي وَدُنْيَايَ وَأَهْلِي، وَمَالِي، اللَّهُمَّ اسْتُرْ عَوْرَاتِي، وَآمِنْ رَوْعَاتِي، اللَّهُمَّ احْفَظْنِي مِنْ بَينِ يَدَيَّ، وَمِنْ خَلْفِي، وَعَنْ يَمِينِي، وَعَنْ شِمَالِي، وَمِنْ فَوْقِي، وَأَعُوذُ بِعَظَمَتِكَ أَنْ أُغْتَالَ مِنْ تَحْتِي)).

    84. – Eý Allahym! Takyk, men Senden şu dünýäde we ahyretde bagyşlanmak we amanlyk soraýaryn. Eý Allahym! Men Senden dinimde, dünýämde, maşgalamda we malymda bagyşlanmagy we amanlygy soraýaryn. Eý Allahym aýyplarymy ört we gorkylarymy amanlyga öwür. Eý Allahym! Meni öňümden, yzymdan, sagymdan, solymdan we ýokarymdan duçar bolýan heläkçiliklerden gora, meni ýer ýuwutmaklykdan, Seniň azamatyňdan pena soraýaryn.

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ عَالِمَ الغَيْبِ وَالشَّهَادَةِ فَاطِرَ السَّمَوَاتِ وَالْأَرْضِ، رَبَّ كُلِّ شَيْءٍ وَمَلِيكَهُ، أَشْهَدُ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ، أَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّ نَفْسِي، وَمِنْ شَرِّ الشَّيْطانِ وَشَرَكِهِ، وَأَنْ أَقْتَرِفَ عَلَى  نَفْسِي سُوءاً، أَوْ أَجُرَّهُ إِلَى مُسْلِمٍ)).

    85. – “Eý Allahym! Takyk, Sen gaýyby we hakykaty biluwjydyrsyň! Asmanlary we ýeri ýokdan bar eden Sensiň! Sen her bir zadyñ Robbi we eýesidirsiň! Senden başga ybadata hakly Ilähiñ ýoklugyna şaýatlyk edýärin! Men senden öz nefsimiñ şerinden, şeýtanyñ şerinden we şirkinden pena soraýaryn! We özüme zýyan ýetirmekden ýa-da bir mü’mine zýyan ýetirmekden, pena soraýaryn!”

    (Ebu Dawud)

    ((بِسْمِ اللَّهِ الَّذِي لاَ يَضُرُّ مَعَ اسْمِهِ شَيْءٌ فِي الْأَرْضِ وَلاَ فِي السّمَاءِ وَهُوَ السَّمِيعُ الْعَلِيمُ)) (ثلاثَ مرَّاتٍ).

    86. – Takyk, men Allanyň ady bilen pena soraýaryn, çünki Allanyň ady bilen ýerde we asmanda hiç zat zyýan edip bilmez. Elbetde, Ol ähli närseleri eşidýändir we bilýändir.

    (üç gezek)

    (Ebu Dawud)

    ((رَضِيتُ بِاللَّهِ رَبَّاً، وَبِالْإِسْلاَمِ دِيناً، وَبِمُحَمَّدٍ - صلى الله عليه وسلم - نَبِيّاً)) (ثلاثَ مرَّاتٍ).

    87. – “Takyk, men kanagat tapyp, razy bolup, Allaha iman etdim. Takyk, men yslamy, kanagat tapyp we razy bolup, kabul etdim. Takyk, men Muhammediň -sallallahu aleýhi we sellemiň-  pygamberdigine kanagat tapyp razy bolup tassyk etdim.”[21]                                                                                 (üç gezek)

    (Ahmed)

    ((يَا حَيُّ يَا قَيُّومُ بِرَحْمَتِكَ أَسْتَغيثُ أَصْلِحْ لِي شَأْنِيَ كُلَّهُ وَلاَ تَكِلْنِي إِلَى نَفْسِي طَرْفَةَ عَيْنٍ)).

    88. – Eý Haýýum (ebedilik haýatly), Koýýum, (älem jahany dolandyrýan) men Senden rehimdarlygyň bilen medet soraýaryn, meniň hal-ahwalymy gowla, meni öz nebsime az salymlyk hem taşlama!

    (Hakim)

    ((أَصْبَحْنَا وَأَصْبَحَ الْمُلْكُ لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ، اللَّهُـمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ خَيْرَ هَذَا الْيَوْمِ:فَتْحَهُ، َنَصْرَهُ، وَنورَهُ، وَبَرَكَتَهُ، وَهُدَاهُ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّ مَا فِيهِ وَشَرِّ مَا بَعْدَهُ)).

    89. – Sag-aman daňymyz atdy we älem jahanyň Perwerdigäri Allanyň hojaýynlygy hem dowamatlydyr. Eý Allahym! Men Senden şu günüň ähli haýr sogabyny: maksadyma ýetmeklik, duşmanymy ýeňmeklik, ylma we amala gönükdiriş, halal ryzk we hidäýetlik soraýaryn. Takyk, men Senden şu günüň hem-de ertiriň ähli şerinden pena soraýaryn.

    (ertir bilen)

    – Sag-aman agşama ýetdik we älem jahanyň Perwerdigäri Allanyň hojaýynlygy hem dowamatlydyr. Eý Allahym! Men Senden şu gijäniň ähli haýr sogabyny: maksadyma ýetmeklik, duşmanymy ýeňmeklik, ylma we amala gönükdiriş, halal ryzk we hidäýetlik soraýaryn. Takyk, men Senden şu gijäniň hem-de ertiriň ähli şerinden pena soraýaryn.

    (agşam ara)

    (Ebu Dawud)

    ((أَصْبَحْنا عَلَى فِطْرَةِ الْإِسْلاَمِ، وَعَلَى كَلِمَةِ الْإِخْلاَصِ، وَعَلَى دِينِ نَبِيِّنَا مُحَمَّدٍ - صلى الله عليه وسلم -، وَعَلَى مِلَّةِ أَبِينَا إِبْرَاهِيمَ، حَنِيفاً مُسْلِماً وَمَا كَانَ مِنَ الْمُشرِكِينَ)).

    90. – Takyk, biz, sag-aman yslam dininde, kelimeýi-şahadaty aýdýan halatda, Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- pygamberiň sünnetinde we atamyz bolan Ybrahymyň milletinde, daňymyz atdy! Çünki ol (Ybrahym) müşriklerden däldir, megerem, ybadatda Allany birleýän musulmanlardandyr!

    (ertir bilen)

    – Takyk, biz, sag-aman yslam dininde, kelimeýi-şahadaty aýdýan halatda, Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- pygamberiň sünnetinde we atamyz bolan Ybrahymyň milletinde, agşama ýetdik! Çünki ol (Ybrahym) müşriklerden däldir, megerem, ybadatda Allany birleýän musulmanlardandyr!

    (agşam ara)                                                                                              (Ahmed) 

    ((سُبْحَانَ اللَّهِ وَبِحَمْدِهِ)) (مائة مرَّةٍ).

    91. – “Takyk, Alla päkdir, Oňa hamdu-sena bolsun.”[22]

    (ýüz gezek)                                                                                   (Muslim)

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ وَلَهُ الْحَمْدُ، وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ)) (عشرَ مرَّات)، أَوْ (مرَّةً واحدةً عندَ الكَسَلِ).

    92. – “Takyk, ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamytlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr.”[23]

    (10 gezek, ýaltalarada bir gezek)                                                         (Nesäi)

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ، وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ وَلَهُ الْحَمْدُ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ)) (مائةَ مرَّةٍ إذا أصبحَ).

    93. – “Takyk, ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamytlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr.”[24]

    (ýüz gezek ertir bilen)                                                                           (Buhary)

    ((سُبْحَانَ اللَّهِ وَبِحَمْدِهِ: عَدَدَ خَلْقِهِ، وَرِضَا نَفْسِهِ، وَزِنَةَ عَرْشِهِ، وَمِدَادَ كَلِمَاتِهِ)) (ثلاثَ مرَّاتٍ إذا أصبحَ).

    94. – Beýik bolan Allanyň mahluklarynyň sanyça, Azym bolan arşynyň agramyça, gutarnyksyz sözleriçe we tä Allanyň Özi razy bolýança, Oňa ähli hamdu-senalar bolsun, Ol ähli aýyplardan päkdir.

    (üç gezek ertir bilen)                                                                            (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ عِلْماً نَافِعاً، وَرِزْقاً طَيِّباً، وَعَمَلاً مُتَقَبَّلاً)) (إذا أصبحَ).

    95. - Eý Allahym! Takyk, men Senden peýdaly bilim, halal eklenç we Seniň huzuryňda kabul bolýan ýagşy amal soraýaryn.

    (ertir bilen üç gezek)

    (Ibn Mäje)

    ((أَسْتَغْفِرُ اللَّهَ وَأَتُوبُ إِلَيْهِ)) (مِائَةَ مَرَّةٍ فِي الْيَوْمِ).

    96. – Takyk, men Alla toba edip günämi geçmekligimi soraýaryn.

    (ýüz gezek günde)

    (Buhary)

    ((أَعُوذُ بِكَلِمَاتِ اللَّهِ التَّامَّاتِ مِنْ شَرِّ مَا خَلَقَ)) (ثلاثَ مرَّاتٍ إذا أمسى).

             97. – “Mahluklaryň şerinden Allahyň kemsiz gözel atlary we kitaplaryna sygynýaryn!”[25]

    (agşam ara üç gezek)

    (Ahmed)

    ((اللَّهُمَّ صَلِّ وَسَلِّمْ عَلَى نَبَيِّنَا مُحَمَّدٍ)) (عشرَ مرَّاتٍ).

            98. – “Eý Allahym! Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- pygamberimizi Öz huzuryňda ýat et, merhemet et we sünnetini galdyr (direlt).”[26]

    (10 gezek)

    (Tabarani)

    28.         ÝATMAZDAN ÖŇ AÝDYLÝAN ZIKIRLER.

    ((يَجْمَعُ كَفَّيْهِ ثُمَّ يَنْفُثُ فِيهِمَا فَيَقْرَأُ فِيهِمَا: بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ {قُلْ هُوَ اللَّهُ أَحَدٌ * اللَّهُ الصَّمَدُ* لَمْ يَلِدْ وَلَمْ يُولَدْ* وَلَمْ يَكُن لَّهُ كُفُواً أَحَدٌ}.   بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ {قُلْ أَعُوذُ بِرَبِّ الْفَلَقِ* مِن شَرِّ مَا خَلَقَ* وَمِن شَرِّ غَاسِقٍ إِذَا وَقَبَ* وَمِن شَرِّ النَّفَّاثَاتِ فِي الْعُقَدِ* وَمِن شَرِّ حَاسِدٍ إِذَا حَسَدَ}.  بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ {قُلْ أَعُوذُ بِرَبِّ النَّاسِ* مَلِكِ النَّاسِ* إِلَهِ النَّاسِ* مِن شَرِّ الْوَسْوَاسِ الْخَنَّاسِ* الَّذِي يُوَسْوِسُ فِي صُدُورِ النَّاسِ* مِنَ الْجِنَّةِ وَ النَّاسِ}ثُمَّ يَمْسَحُ بِهِمَا مَا اسْتَطَاعَ مِنْ جَسَدِهِ يَبْدَأُ بِهِمَا عَلَى رَأْسِهِ وَوَجْهِهِ وَمَا أَقبَلَ مِنْ جَسَدِهِ)) (يفعلُ ذلك ثلاثَ مرَّاتٍ).

             99. – Pygamberimiz her gije düşegine geçeninde iki elini jemläp oňa çüfläp el-Yhlas, el-Falak we en-Näs süreleri okap,  soňra bolsa kellesinden we ýüzünden başlap, ähli bedenine eliniň ýeten ýerine sürtýärdi.

    ((El-Yhlas))

            “Mähriban we Rehimli Allanyň ady bilen: Aýt: “Ol Alla bir. Alla Samad. Ol dogranam we doglanam däldir. We Onuň deňi-taýy ýokdur.”.[27]

    ((El-Falak))

             Mähriban we Rehimli Allanyň ady bilen: Aýt: “Men säheriň Perwerdigärine sygynyp, (Onuň) ýaradan zatlarynyň şerinden, tümlük bürän wagty gijäniň şerinden, düwünlere dem salýän jadygöýleriň (palçylaryň) şerinden, göriplik edýän wagty göribiň şerinden pena soraýaryn!”.

    ((En-Näs))

             Mähriban we Rehimli Allanyň ady bilen: Aýt: “Men ynsanlaryň Perwerdigärine, ynsanlaryň Hökümdaryna, ynsanlaryň Ilähine sygynyp, ynsanlaryň (gaflatda wagty) gursaklaryna (ýüreklerine) was-wasy salýan, (Allany ýatlaýan wagty gaçýan) ynsanlardan we jynlardan bolan şeýtanyň şerinden pena soraýaryn!”.  

    (şulary üç gezek gaýtalardy).

    (Buhary, Muslim).

    {اللَّهُ لاَ إِلَهَ إِلاَّ هُوَ الْحَيُّ الْقَيُّومُ لاَ تَأْخُذُهُ سِنَةٌ وَلاَ نَوْمٌ لَّهُ مَا فِي السَّمَوَاتِ وَمَا فِي الأَرْضِ مَن ذَا الَّذِي يَشْفَعُ عِنْـــــــــــدَهُ إِلاَّ بِإِذْنِهِ يَعْلَمُ مَا بَيْنَ أَيْدِيهِمْ وَمَا خَلْفَهُمْ وَلاَ يُحِيطُونَ بِشَيْءٍ مِّنْ عِلْمِهِ إِلاَّ بِمَا شَاء وَسِعَ كُرْسِيُّهُ السَّمَوَاتِ وَالأَرْضَ وَلاَ يَؤُودُهُ حِفْظُهُمَا وَهُوَ الْعَلِيُّ الْعَظِيمُ}.

            100. –  ((Aýat el-Kürsi)): Alladan özge ybadada hakly hiç bir Iläh ýokdyr, megerem diňe onuň özi haklydyr. Ol ededi (elmydama) diridir Kaýýumdyr (Älem jahany dolandyrýandyr). Ol uklamaz, (hatda) irkilmezem. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. Ondan bidin Onuň ýanynda kim şepagat edip biler? Ol bendeleriň eden we etjek işlerini biýändir. (Ynsanlar) Onuň ylymyndan özüniň islän zadyndan başga hiç zadyň (hakykatyna) doly düşünip bilmezler. Onuň Kürsüsi asmanlary we ýeri (doly) gurşap alandyr. Ol ikisini (asmany we ýeri) gorap saklamak Oňa kyn däldir. Ol (Alla) Beýikdir, Belentdir.”[28]

    (El-Bakara 255)

    {آمَنَ الرَّسُولُ بِمَا أُنزِلَ إِلَيْهِ مِن رَّبِّهِ وَالْمُؤْمِنُونَ كُلٌّ آمَنَ بِاللَّهِ وَمَلآئِكَتِهِ وَكُتُبِهِ وَرُسُلِهِ لاَ نُفَرِّقُ بَيْنَ أَحَدٍ مِّن رُّسُلِهِ وَقَالُواْ سَمِعْنَا وَأَطَعْنَا غُفْرَانَكَ رَبَّنَا وَإِلَيْكَ الْمَصِيرُ* لاَ يُكَلِّفُ اللَّهُ نَفْساً إِلاَّ وُسْعَهَا لَهَا مَا كَسَبَتْ وَعَلَيْهَا مَا اكْتَسَبَتْ رَبَّنَا لاَ تُؤَاخِذْنَا إِن نَّسِينَا أَوْ أَخْطَأْنَا رَبَّنَا وَلاَ تَحْمِلْ عَلَيْنَا إِصْراً كَمَا حَمَلْتَهُ عَلَى الَّذِينَ مِن قَبْلِنَا رَبَّنَا وَلاَ تُحَمِّلْنَا مَا لاَ طَاقَةَ لَنَا بِهِ وَاعْفُ عَنَّا وَاغْفِرْ لَنَا وَارْحَمْنَآ أَنتَ مَوْلاَنَا فَانصُرْنَا عَلَى الْقَوْمِ الْكَافِرِينَ}.

              101. – “285. Pygamber öz Perwerdigäri tarapyndan özüne inderilen (Kur’ana) iman getirdi we mömünler (hem iman getirdiler). Olaryň hemmesi Alla, Onuň perişdelerine, kitaplaryna we pygamberlerine iman getirdiler. (Olar): “Biz Onuň (Allanyň) pygamberleriniň hiç haýsyny inkär etmeýäris. Biz (Alladan gelen emirleri) eşitdik we (olara) boýun bolduk. (Biz) Seniň ýalkawyňy (soraýarys)! Eý, Perwerdigärimiz! (Biz) elbetde, Saňa dolanyp bararys!” diýdiler.

             286. Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz). (Her kimiň) gazanan (ýagşy işi) öz bähbidine, gazanan (erbet amaly) hem öz zyýanynadyr. Eý, Perwerdigärimiz! Eger biz unudyp ya-da ýalňyşlyk bilen (günä iş) etsek, bizi tutma (hasaba çekme)! Eý, Perwerdigärimiz! Bize, bizden öňküleriň (üstüne) ýükleýşiň ýaly bize, agyr ýük (buýruk) ýükleme! Eý, Perwerdigärimiz! Bize güýjümiziň ýetmejek zadymyzy hem ýükleme! Biziň (günälerimizi) bagyşla! Bizi ýalka! Bize rehim et! Sen biziň Hossarymyzsyň! Kapyrlardan (üstün çykmaga) bize kömek et!”[29]

    (El-Bakara 285-286)

    ((بِاسْمِكَ([30]) رَبِّي وَضَعْتُ جَنْبِي، وَبِكَ أَرْفَعُهُ، فَإِن أَمْسَكْتَ نَفْسِي فارْحَمْهَا، وَإِنْ أَرْسَلْتَهَا فَاحْفَظْهَا، بِمَا تَحْفَظُ بِهِ عِبَادَكَ الصَّالِحِينَ)).

            102. – Robbymyz, elbetde men seniň adyň bilen öz başymy ýassyga goýýaryn we seniň ýardamyň bilen galdyrýaryn, eger janymy alyp galsaň oňa rehim et, eger goýberseň ony takwa bendeleriňi goraýşyň ýaly gorap sakla.

    (Buhary, Muslim)

    ((اللَّهُمَّ إِنَّكَ خَلَقْتَ نَفْسِي وَأَنْتَ تَوَفَّاهَا، لَكَ مَمَاتُهَا وَمَحْياهَا، إِنْ أَحْيَيْتَهَا فَاحْفَظْهَا، وَإِنْ أَمَتَّهَا فَاغْفِرْ لَهَا. اللَّهُمَّ  إِنِّي أَسْأَلُكَ العَافِيَةَ)).

            103. – Eý Allahym! Elbetde, ruhumy ýaradan we ony alýan hem sensiň, onuň diriligi we ölümi seniň eliňdedir, eger ony direltseň gorap sakla, eger-de öldürseň onda onuň günäsini geç. Eý Allahym! Elbetde men senden salamatlyk soraýaryn.

    (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ قِنِي عَذَابَكَ يَوْمَ تَبْعَثُ عِبَادَكَ)).

            104. – Eý Allahym! Bendeleriňi direltjek günüň meni öz azabyňdan gora.[31]

    (Ebu Dawud)

    ((بِاسْمِكَ اللَّهُمَّ أَمُوتُ وَأَحْيَا)).

           105. – Eý Allahym! Elbetde seniň adyň bilen ýatýaryn we turýaryn. 

    (Buhary, Muslim)

    ((سُبْحَانَ اللَّهِ (ثلاثاً وثلاثين) وَالْحَمْدُ لِلَّهِ (ثلاثاً وثلاثين) وَاللَّهُ أَكْبَرُ (أربعاً وثلاثينَ)).

            106. –  “SubhanAlla (Alla ähli nogsanlyklardan päkdir). (33-gezek)

    Älhamdulilläh (Alla hamdlar bolsun). (33-gezek)           

    Allahu Ekber (Alla has beýikdir).” (34-gezek) [32]              

    (Buhary)

    ((اللَّهُمَّ رَبَّ السَّمَوَاتِ السَّبْعِ وَرَبَّ الأَرْضِ، وَرَبَّ الْعَرْشِ الْعَظِيمِ، رَبَّنَا وَرَبَّ كُلِّ شَيْءٍ، فَالِقَ الْحَبِّ وَالنَّوَى، وَمُنْزِلَ التَّوْرَاةِ وَالْإِنْجِيلِ، وَالْفُرْقَانِ، أَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّ كُلِّ شَيْءٍ أَنْتَ آخِذٌ بِنَاصِيَتِهِ. اللَّهُمَّ أَنْتَ الأَوَّلُ فَلَيْسَ قَبْلَكَ شَيْءٌ، وَأَنْتَ الآخِرُ فَلَيسَ بَعْدَكَ شَيْءٌ، وَأَنْتَ الظَّاهِرُ فَلَيْسَ فَوْقَكَ شَيْءٌ، وَأَنْتَ الْبَاطِنُ فَلَيْسَ دُونَكَ شَيْءٌ، اقْضِ عَنَّا الدَّيْنَ وَأَغْنِنَا مِنَ الْفَقْرِ)).

             107. - Eý Allahym! Elbetde, Sen ýedi gat asmanyñ we ýeriñ Robbysyñ! We Azym bolan arşyñ Robbysyñ! We biziñ we her bir närsäniñ Robbysyñ! Elbetde, Sen her bir dänäni we şänigi ýaryp açýandyrsyñ (ösdürýändirsiň)! We Sen Töwrady, Injili we Furkany (Kurany) asmandan indirensiň! Men Senden, Seniñ soltanlygyñ astynda bolan her bir ýaramazyñ şerinden pena soraýaryn! Eý Allahym! Elbetde, Sen Owwalsyñ (ilkinjidirsiñ)! Senden öñ we Seniñ bilen hiç bir zat bolan däldir! We Elbetde, Sen Ahyrsyñ (ýeke täk galuwjydyrsyñ)! Senden soñ we Seniñ bilen hiç bir zat galjak däldir!  We Elbetde, Sen Zahirsyñ (ähli zatlardan ýokardadyrsyñ)! Senden ýokarda we Seniñ deñiñde hiç bir zat ýokdur! We Elbetde, Sen Batynsyñ (gizlindirsiñ)! we bize hem has golaýdyrsyñ! Bizi bergidarlykdan çykar we garyplykdan gora!

    (Muslim)

    ((الْحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي أَطْعَمَنَا وَسَقَانَا، وَكَفَانَا، وَآوَانَا، فَكَمْ مِمَّنْ لاَ كَافِيَ لَهُ وَلاَ مُؤْوِيَ)).

            108. – Ähli hamdu-senalar ýeke-täk Allaha bolsun! Elbetde, Ol bizi iýdirdi, içirdi, gorady (aç-horlukdan) we ýeterlik bolan düşelge (öý) berdi, çünki ençeme adamlar aç-hor, öýsüz-öwzarsyzdyrlar.

    (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ عَالِمَ الغَيْبِ وَالشَّهَادَةِ فَاطِرَ السَّمَوَاتِ وَالْأَرْضِ، رَبَّ كُلِّ شَيْءٍ وَمَلِيكَهُ، أَشْهَدُ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ، أَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّ نَفْسِي، وَمِنْ شَرِّ الشَّيْطانِ وَشِرْكِهِ، وَأَنْ أَقْتَرِفَ عَلَى  نَفْسِي سُوءاً، أَوْ أَجُرَّهُ إِلَى مُسْلِمٍ)).

            109. - Eý Allahym! Elbetde, Sen gaýyby we hakykaty biluwjydyrsyň! Asmanlary we ýeri ýokdan bar eden Sensiň! Sen her bir zadyñ Robbi we eýesidirsiň! Senden başga ybadata hakly Ilähiñ ýoklugyna şaýatlyk edýärin!    

    Men senden öz nefsimiñ şerinden, şeýtanyñ şerinden we şirkinden pena soraýaryn! We özüme zýyan ýetirmekden ýa-da bir mü’mine zýyan ýetirmekden, pena soraýaryn!

    (Ebu Dawud)

    ((يَقْرَأُ {الـم}تَنْزِيلَ السَّجْدَةِ، وَتَبَارَكَ الَّذي بِيَدِهِ الْمُلْكُ)).

    110. – Şu iki süräni: Es-Sejde we Tebärek (el-Mulk) okamaly.

    (Tirmizi, Nesai)

    ((اللَّهُمَّ أَسْلَمْتُ نَفْسِي إِلَيْكَ، وَفَوَّضْتُ أَمْرِي إِلَيْكَ، وَوَجَّهْتُ وَجْهِي إِلَيْكَ، وَأَلْجَأْتُ ظَهْرِي إِلَيْكَ، رَغْبَةً وَرَهْبَةً إِلَيْكَ، لاَ مَلْجَأَ وَلاَ مَنْجَا مِنْكَ إِلاَّ إِلَيْكَ، آمَنْتُ بِكِتَابِكَ الَّذِي أَنْزَلْتَ، وَبِنَبِيِّكَ الَّذِي أَرْسَلْتَ)).

    111. - Eý Allahym! Elbetde, Seniň sogabyňa umyt baglap we azabyňdan hem gorkup, öz nebsimi seniň tagat ybadatyňa goýdum we durmuşymy saňa tabşyrdym we ýüzümi Saňa gönderip, Saňa daýandym! Çünki Senden özge daýanç hem-de Senden başga halas ediji ýokdur! Indiren kitabyňa (Kur’ana) we iberen pygamberiňe iman etdim .

    (Buhary, Muslim)

    29.          ÝATYRKAŇ SAGA-SOLA ÖWRÜLENIŇDE

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ الْوَاحِدُ الْقَهّارُ، رَبُّ السَّمَوَاتِ وَالْأَرْضِ وَمَا بَيْنَهُمَا الْعَزيزُ الْغَفَّارُ)).

     112. – Ýeke-täk Kahhar (Çäksiz güýçli) bolan, asmanlaryň, ýeriň we olaryň arasyndaky her-bir närsäniň Robby, Aziz (Çäksiz güýç kuwwatly, has eziz) we Goffar (Ähli günäleri bagyşlaýjy) bolan Alladan başga ybadata hakly iläh ýokdur.

    (Nesai)

    30.         ÝATAN HALDA: GORKA, ÜRKÄ WE GARA-BASMA GARŞY DOGA.

    ((أَعُوذُ بِكَلِمَاتِ اللَّهِ التَّامَّاتِ مِنْ غَضَبِهِ وَعِقَابِهِ، وَشَرِّ عِبَادِهِ، وَمِنْ هَمَزَاتِ الشَّياطِينِ وَأَنْ يَحْضُرُونِ)).

      113. – Allanyň gazabyndan, jezasyndan, bendeleriniň şerinden, şeýtanlaryň waswasalaryndan hem-de olaryň meni gabamaklaryndan, elbetde, men Allanyň gözel atlary we Kitaplaryna sygynýaryn.

    (Ebu Dawud)

    31.         DÜÝŞ GÖRÜLEN HALATYNDA NÄME ETMELI.

    ((يَنْفُثُ عَنْ يَسَارِهِ)) (ثلاثاً).

     ((يَسْتَعِيذُ بِاللَّهِ مِنَ الشَّيطَانِ وَمِنْ شَرِّ مَا رَأَى)) (ثَلاَثَ مَرَّاتٍ).

     ((لاَ يُحَدِّثْ بِهَا أَحَداً)).

     ((يَــتَحَوَّلُ عَنْ جَنْبِهِ الَّذِي كَانَ عَلَيْهِ)).

    114. – (üç gezek) “çep tarapyna çüflesin”.

               - (üç gezek) “şeýtandan hem-de gören düýşüniň şerinden  Alladan pena sorasyn”.

     - “ol gören erbet düýşi barada hiç kime aýtmasyn”.

     - “we beýleki gapdalyna öwrülip ýatsyn”.

    (Muslim)

    ((يَقُومُ يُصَلِّي إِنْ أَرَادَ ذَلِكَ)).

    115. – “Eger islese turyp namaz okasyn”.

    (Muslim)

    32. WITIR NAMAZYNDA OKALÝAN KUNUT DOGALARY.

    ((اللَّهُمَّ اهْدِنِي فِيمَنْ هَدَيْتَ، وَعَافِنِي فِيمَنْ عَافَيْتَ، وَتَوَلَّنِي فِيمَنْ تَوَلَّيْتَ، وَبَارِكْ لِي فِيمَا أَعْطَيْتَ، وَقِنِي شَرَّ مَا قَضَيْتَ؛ فَإِنَّكَ تَقْضِي وَلاَ يُقْضَى عَلَيْكَ، إِنَّهُ لاَ يَذِلُّ مَنْ وَالَيْتَ، [وَلاَ يَعِزُّ مَنْ عَادَيْتَ]، تَبارَكْتَ رَبَّنا وَتَعَالَيْتَ)).

    116. – Eý Allahym! Meni dogry ýola gönderenleriňden, sag-aman edenleriňden we ýardam berenleriňden et! Maňa beren nygmatlaryňy bereketli et! We meni ykbalymyň şerinden gora! Çünki, sen garşylyksyz: kaza-kadar, hökümi-rowanlygyň eýesidirsiň. Elbetde, Seniň söýen ynsanyň har-zelil bolmaz, hem-de duşmançylyk eden ynsanyň şöhratparazly bolmaz. Eý Robbymyz! Seniň berekediň çäksizdir we şanyň hem belentdir.

    (Ahmed)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِرِضَاكَ مِنْ سَخَطِكَ، وَبِمُعَافَاتِكَ مِنْ عُقُوبَتِكَ، وَأَعُــــوذُ بِكَ مِنْكَ، لاَ أُحْصِي ثَنَاءً عَلَيْكَ، أَنْتَ كَمَا أَثْنَيْتَ عَلَى نَفْسِكَ)).

    117. – Eý Allahym! Seniň razyçylygyňdan gazabyňa uçramakdan, salamatyňdan jezaňa duçar bolmakdan, Saňa sygynýaryn we seniň azabyňdan, Senden pena soraýaryn! Elbetde, Sen Özüňi öwüşiň ýaly, saňa öwgi senalar bolsun, çünki Seni näçe öwgilesemem azdyr.

    (Ahmed)

    ((اللَّهُمَّ إِيَّاكَ نعْبُدُ، وَلَكَ نُصَلِّي وَنَسْجُدُ، وَإِلَيْكَ نَسْعَى وَنَحْفِدُ، نَرْجُو رَحْمَتَكَ، وَنَخْشَى عَذَابَكَ، إِنَّ عَذَابَكَ بِالكَافِرِينَ مُلْحَقٌ. اللَّهُمَّ إِنَّا نَسْتَعينُكَ، وَنَسْتَغْفِرُكَ، وَنُثْنِي عَلَيْكَ الْخَيْرَ، وَلاَ نَكْفُرُكَ، وَنُؤْمِنُ بِكَ، وَنَخْضَعُ لَكَ، وَنَخْلَعُ مَنْ يَكْفرُكَ)).

    118. – Eý Allahym! Elbetde biz diňe Saňa ybadat edýäris, seniň üçin namaz okap, sejde edýäris, seniň tagat ybadatyňa ilkinjilige bäsleşýäris, rehmediňe umyt edip, azabyňdan hem gorkýarys, çünki azabyň kapyrlara injekdigi hakdyr. Eý Allahym! Biz diňe senden  kömek we magfiret soraýarys we Saňa ýagşy senalar edýäris, biz saňa kapyr bolmaýarys, belkide iman edip, boýun bolýarys we kapyr kişini hem taşlaýarys.

    (Beýhaky)

    33. WITIR NAMAZYŇ SALAMYNDAN SOŇ AÝDYLÝAN ZIKIR.

    ((سُبْحَانَ المَلِكِ القُدُّوسِ)) ثلاثَ مرَّاتٍ والثَّالِثَةُ يَجْهَرُ بها ويَمُدُّ بها صَوتَهُ يقولُ: [رَبِّ الْمَلاَئِكَةِ وَالرُّوحِ])).

    119. – “Mukaddesligiň eýesi bolan Sen, ähli aýyplardan päksiň.”; “Sen perişdeleriň we Ruhyň Perwerdigärisiň” (çekdirip daşyňdan aýtmaly). (Üç gezek).

    (Nesai)

    34. GAÝGY-GAMA BATANYŇDA AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي عَبْدُكَ، ابْنُ عَبْدِكَ، ابْنُ أَمَتِكَ، نَاصِيَتِي بِيَدِكَ، مَاضٍ فِيَّ حُكْمُكَ، عَدْلٌ فِيَّ قَضَاؤُكَ، أَسْأَلُكَ بِكُــــلِّ اسْمٍ هُوَ لَكَ، سَمَّيْتَ بِهِ نَفْسَكَ، أَوْ أَنْزَلْتَهُ فِي كِتَابِكَ، أَوْ عَلَّمْتَهُ أَحَداً مِنْ خَلْقِكَ، أَوِ اسْتَأْثَرْتَ بِهِ فِي عِلْمِ الغَيْبِ عِنْدَكَ، أَنْ تَجْعَلَ القُرْآنَ رَبِيعَ قَلْبِي، وَنُورَ صَدْرِي، وَجَلاَءَ حُزْنِي، وَذَهَابَ هَمِّي)).

    120. – Eý Allahym! Elbetde, men Seniň gulyň, erkek we aýal gullaryň perzendi.  Elbetde, men Seniň soltanlygyň astynda, Seniň hökümdarlygyň mende ýöreýändir we her bir kaza-kadaryň adyldyr. Eý Allahym! Kitabyňda ýat eden ya-da mahluklaryň birine öwreden ýa-da olardan gaýyp bolan öz ylmyňdaky ähli gözel atlaryňy tewessül (araçy) edip: “Kurany meniň kalbymyň bahar-ýazy, gursagymyň nury etmekligiňi, gamym göterilip we gaýgymyň gitmegini, men Senden soraýaryn!”.

    (Ahmed)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِكَ مِنَ الْهَمِّ وَالْحَزَنِ، وَالْعَجْزِ وَالْكَسَلِ، وَالْبُخْلِ وَالْجُبْنِ، وَضَلَعِ الدَّيْنِ وَغَلَبَةِ الرِّجَالِ)).

    121. – Eý Allahym! Gaýgy-gamdan, ejizlikden, ýaltalykdan, bahyllykdan, gorkaklykdan, bergidarlykdan we zalymlaryň başyma musallat bolmaklyklaryndan men Senden pena soraýaryn!

    (Buhary)

    35. AGYR HASRATLY GAM-GUSSADA

    AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ الْعَظِيمُ الْحَلِيمُ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ رَبُّ الْعَرْشِ الْعَظِيمِ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ رَبُّ السَّمَوَاتِ وَرَبُّ الْأَرْضِ وَرَبُّ الْعَرْشِ الْكَرِيمِ)).

    122. – Azym, Halym (çäksiz mylaýym sabyr-takatly) bolan Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur. Arşyň Perwerdigäri Azym bolan Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur. Asmanlaryň, ýeriň we arşyň Perwerdigäri Kerim (çäksiz jomart) bolan Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur.

    (Buhary, Muslim)

    ((اللَّهُمَّ رَحْمَتَكَ أَرْجُو، فَلاَ تَكِلْنِي إِلَى نَفْسِي طَرْفَةَ عَيْنٍ، وَأَصْلِحْ لِي شَأْنِي كُلَّهُ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ)).

    123. – Eý Allahym! Men diňe Seniň rehimdarlygyň bilen rehmediňe umyt edýärin! Meni göz açyp-ýumar salym hem öz nebsime taşlama we hal-ahwalymy düzet! Çünki senden başga ybadata hakly Iläh ýokdur.

    (Ebu Dawud)

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ سُبْحَانَكَ إِنِّي كُنْتُ مِنَ الظّالِمِينَ)).

    124. – Allahym! Senden başga ybadata hakly Iläh ýokdur, sen ähli aýplardan päksiň, elbetde men zalymlardan bolupdyryn.

    (Tirmizi)

    ((اللَّهُ اللَّهُ رَبِّي لاَ أُشْرِكُ بِهِ شَيْئاً)).

    125. – Alla, Alla, elbetde Ol meniň Robbymdyr, men Oňa hiç-hili şärik goşmaýaryn.

    (Ebu Dawud)

    36. DUŞMANA ÝA-DA ZALYM PATYŞA DUŞYLANDA

    AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((اللَّهُمَّ إِنَّا نَجْعَلُكَ فِي نُحُورِهِم، وَنَعُوذُ بِكَ مِنْ شُرُورِهِمْ)).

    126. – Eý Allahym! Biz olary saňa tabşyrýarys, olaryň şerinden Senden pena soraýarys.

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ أَنْتَ عَضُدِي، وَأَنْتَ نَصِيرِي، بِكَ أَحُولُ وَبِكَ أَصُولُ، وَبِكَ أُقاتِلُ)).

    127. – Eý Allahym! Sen meniň daýanjymsyň we   maňa ýeňiş berýänsiň, Seniň ýardamyň bilen hereket edýärin, hüjüm edýärin we söweşýärin.

    (Ebu Dawud)

    ((حَسْبُنا اللَّهُ وَنِعْمَ الْوَكِيلُ)).

    128. – Elbetde Alla bize ýeterlikdir, Ol wekilleriň has gowysydyr.

    (Buhary)

    37. PÄLI AZAN KIŞIDEN GORKANYŇDA

    AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((اللَّهُمَّ ربَّ السَّمَوَاتِ السَّبْعِ، وَرَبَّ الْعَرْشِ الْعَظِيمِ، كُنْ لِي جَاراً مِنْ فُلاَنِ بْنِ فُلاَنٍ، وَأَحْزَابِهِ مِنْ خَلاَئِقِكَ، أَنْ يَفْرُطَ عَلَيَّ أَحَدٌ مِنْهُمْ أَوْ يَطْغَى، عَزَّ جَارُكَ، وَجَلَّ ثَنَاؤُكَ، وَلاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ)).

    129. – Ýedi gat asmanyň, azym bolan arşyň Perwerdigäri, eý Allahym! Seniň mahluklaryňdan “pylanyň ogly pylany” hem-de onuň ýaranlary meniň üstüme öňürtilemeklerinden ýa-da meniň hakymda öte geçmeklerinden, meniň arkadagym bol! Çünki seniň goragyňdaky kişi, güyç-kuwwat tapar. Elbetde Seniň şanyň beýikdir we senden başga ybadata hakly Iläh ýokdur.

    (Buhary)

     ((اللَّهُ أَكْبَرُ، اللَّهُ أَعَزُّ مِنْ خَلْقِهِ جَمِيعاً، اللَّهُ أَعَزُّ مِمَّا أَخَافُ وَأَحْذَرُ، أَعُوذُ بِاللَّهِ الَّذِي لاَ إِلَهَ إِلاَّ هُوَ، الْمُمْسِكِ السَّمَوَاتِ السَّبْعِ أَنْ يَقَعْنَ عَلَى الْأَرْضِ إِلاَّ بِإِذْنِهِ، مِنْ شَرِّ عَبْدِكَ فُلاَنٍ، وَجُنُودِهِ وَأَتْبَاعِهِ وَأَشْيَاعِهِ، مِنْ الْجِنِّ وَالإِنْسِ، اللَّهُمَّ كُنْ لِي جَاراً مِنْ شَرِّهِمْ، جَلَّ ثَنَاؤُكَ وَعَزَّ جَارُكَ، وَتَبَارَكَ اسْمُكَ، وَلاَ إِلَهَ غَيْرُكَ)) (ثلاثَ مرَّاتٍ).

    130. – Allahu Ekber, Allahu A’az (has güýçli), meniň ähli gorkýan we ägälenýän zatlarymdan Alla has güýçlidir. Onuň guly (pylanynyň), onuň goşunynyň, ýaranlarynyň we yzyna eýerýän ynsu-jynlaryň şerinden, Alladan pena soraýaryn! Çünki Ol ýeke-täk ybadata hakly Ilähdir, Ol ýedi gat asmany ýeri gaçyrman saklaýar, elbetde olar (asman, ýer) Onuň rugsady bilen gaçar. Eý Allahym! Meni olaryň şerinden gora, çünki Seniň goragyňdaky güýç-kuwwat tapar we Seniň şanyň belent, berekediň çäksizdir we senden gaýry ybadata hakly Iläh ýokdyr.

    (Buhary)

    38. DUŞMANYŇ ÜSTÜNE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ مُنْزِلَ الْكِتَابِ، سَرِيعَ الْحِسَابِ، اهْزِمِ الأَحْزَابَ، اللَّهُمَّ اهزِمْهُمْ وَزَلْزِلْهُمْ)).

    131. – Şübhesiz, Kurany indiren, hasaba çalt çeken, Eý Allahym! Ähli duşman toparyny ýeň! Eý Allahym! Olary sarsdyr we heläk et!

    (Muslim)

    39. BIR KOWUMDAN GORKULAN HALATDA

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ اكْفِنِيهِمْ بِمَا شِئْتَ)).

    132. – Eý Allahym! Meni olardan islän zadyň bilen gora!

    (Muslim)

    40. IMANYŇDA ŞEK-ŞÜBHE BOLSA AÝDYLÝAN

    DOGALAR.

    ((يَسْتَعِيذُ بِاللَّهِ)).

    ((يَنْتَهِي عَمَّا وَسْوَسَ فِيهِ)).

    133. – Alladan Pena sorasyn! (ondan soň bolan şek-şübhesi gider).

    (Buhary, Muslim)

    ((يَقُولُ: ((آمَنْتُ بِاللَّهِ وَرُسُلِهِ)).

    134. – Elbetde men Allaha we Onuň pygamberlerine iman etdim.

    (Muslim)

    ((يَقْرَأُ قَوْلَهُ تَعَالَى: {هُوَ الْأوَّلُ وَالْآخِرُ وَالظّاهِرُ وَالْباطِنُ وَهُوَ بِكُلِّ شَيْءٍ عَلِيمٌ})).

    135. – “Elbetde Ol Alla Owwaldyr, Ahyrdyr, Zahirdir (iň belent), Batyndyr (has golaý) we Ol ähli zady bilýändir.”[33]

    (Ebu Dawud)

    41. BERGIDAR ADAMYŇ ETMELI DOGASY.

    ((اللَّهُمَّ اكْفِنِي بِحَلاَلِكَ عَنْ حَرَامِكَ، وَأَغْنِنِي بِفَضْلِكِ عَمَّنْ سِوَاكَ)).

    136. – Eý Allahym! Meni haramdan daşda edip, halal zadyň bilen kanagat ber we fazyl-keremiň (jomartlygyň) bilen meni baý et, Özüňden gaýra mätäç etme!

    (Tirmizi)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِكَ مِنَ الْهَمِّ وَالْحَزَنِ، وَالْعَجْزِ وَالْكَسَلِ، وَالْبُخْلِ وَالْجُبْنِ، وَضَلَعِ الدَّيْنِ وَغَلَبَةِ الرِّجَالِ)).

    137. - Eý Allahym! Gaýgy-gamdan, ejizlikden, ýaltalykdan, bahyllykdan, gorkaklykdan, bergidarlykdan we zalymlaryň başyma musallat bolmaklyklaryndan men Senden pena sraýaryn!

    (Buhary)

    42. NAMAZDA WASWASA DÜŞENIŇDE

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((أَعُوذُ بِاللَّهِ مِنَ الشَّيطَانِ الرَّجِيمِ، وَاتْفُلْ عَلَى يَسَارِكَ (ثلاثاً))).

    138. – Daşlanyp kowulan şeýtandan Allaha sygynýaryn. (soňra üç gezek çep tarapyna çüflesin).

    (Muslim)

    43. KYNÇYLYK ÝÜZE ÇYKANDA

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ لاَ سَهْلَ إِلاَّ مَا جَعَلْتَهُ سَهْلاً، وَأَنْتَ تَجْعَلُ الْحَزْنَ إِذَا شِئْتَ سَهْلاً)).

    139. – Eý Allahym! Elbetde, ýeňil-ýelpaý zat ýokdur, megerem diňe seniň ýeňilleşdiren zadyň ýeňil bolar.

    (Ibn Hibban)

    44. GÜNÄ EDEN KIŞI NÄME ETMELI.

    ((مَا مِنْ عَبْدٍ يُذنِبُ ذَنْباً فَيُحْسِنُ الطُّهُورَ، ثُمَّ يَقُومُ فَيُصَلِّي رَكْعَتَيْنِ، ثُمَّ يَسْتَغْفِرُ اللَّهَ إِلاَّ غَفَرَ اللَّهُ لَهُ)).

    140. – Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Haýsy bir gul günä etse, soňra gözel we dogry suratda täret alsa hem-de iki rekagat namaz okasa we Alladan günäsiniň bagyşlanmagyny sorap toba etse, onda elbetde Alla onuň eden günäsini bagyşlar.”

    (Ebu Dawud)

    45. ŞEÝTANYŇ WE ONUŇ WASWASASYNA

    GARŞY DOGA.

    ((الْاسْتِعَاذَةُ بِاللَّهِ مِنْهُ)).

    141. -  Daşlanyp kowulan şeýtandan Allaha sygynýaryn.

    (Ebu Dawud)

    ((الْأَذَانُ)).

    142. – Azan aýtmaly.

    (Muslim)

    ((الْأَذْكَارُ وَقِرَاءَةُ الْقُرْآنِ)).

    143. – Kuran okamaly we gündeki zikirleri etmeli.[34]

    (Muslim)

    46. ISLÄN ZADYŇ BOLMASA ÝA-DA IŞIŇ BAŞA

    BARMASA AÝDYLÝAN DOGA.

    ((قَدَرُ اللَّهُ وَمَا شَاءَ فَعَلَ)).

    144. – Bu Allanyň kaza-kadarydyr. Elbetde, Ol islän zadyny edýändir.

    (Muslim)

    47. TÄZE DOGLAN ÇAGANYŇ EÝESINE AÝDYLÝAN

    GUTLAG DOGASY WE ONUŇ JOGABY.

    ((بَارَكَ اللَّهُ لَكَ فِي الْمَوْهُوبِ لَكَ، وَشَكَرْتَ الْوَاهِبَ، وَبَلَغَ أَشُدَّهُ، وَرُزِقْتَ بِرَّهُ)). وَيَرُدُّ عَلَيْهِ الْمُهَــــــنَّأُ فَيَقُولُ: ((بَارَكَ اللَّهُ لَكَ وَبَارَكَ عَلَيْكَ، وَجَزَاكَ اللَّهُ خَيْراً، وَرَزَقَكَ اللَّهُ مِثْلَهُ، وَأَجْزَلَ ثَوَابَكَ)).

    145. – Beýik bolan Alla saňa bu peşgeş beren perzendini bereketli-döwletli etsin, Allaha alkyş aýdyp, minnetdar (şükrana) bol we ol sag-aman kämillik ýaşyna ýetip ata-enä wepaly bolsun!

    Gutlagça aýdylýan jogap:

    We seni hem Beýik bolan Alla, bereketli etsin, öz berekedini seniň üstüňe indirsin, saňada haýyr  jeza bilen şuar ýaly perzent peşgeş etsin we-de sogabyňy artdyrsyn!

    (Newewi, el-Azkär)

    48. ÇAGALARY BELA-BETERDEN

    GORALÝAN DOGA.

    كَانَ رَسُولُ اللَّهِ - صلى الله عليه وسلم - يُعَوِّذُ الحَسَنَ وَالحُسَينَ ^ ((أُعِيذُكُمَا بِكَلِمَاتِ اللَّهِ التَّامَّةِ مِنْ كُلِّ شَيْطَانٍ وَهَامَّةٍ، وَمِنْ كُلِّ عَيْنٍ لاَمَّةٍ)).

    146. – “Elbetde, sizi her-bir şeýtandan, mör-möjekden, göz-dilden, we bela-beterden, Allanyň kemsiz gözel atlary we kitaplaryna sygynýaryn.”[35]

    (Buhary)

    49. HASSANY SORAMANA BARYLANDA

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((لاَ بأْسَ طَهُورٌ إِنْ شَاءَ اللَّهُ)).

           147. – Gam çekme, umytki Alla tagala günäleriňi ýuwýandyr.

    (Buhary)

    ((أَسْأَلُ اللَّهَ الْعَظيمَ رَبَّ الْعَرْشِ الْعَظِيمِ أَنْ يَشْفيَكَ)) (سبع مرات).

           148. –“Azym arşyň Robby, Azym bolan Alladan saňa şypa bermegini dileýärin.” (Ýedi gezek)[36]

    (Tirmizi)

    50. HASSA ZYÝARAT ETMEKLIGIŇ SOGABY BARADA.

    قَالَ النَّبِيُّ - صلى الله عليه وسلم -: ((إِذَا عَادَ الرَّجُلُ أَخَاهُ الْمُسْلِمَ مَشَى فِي خِرَافَةِ الْجَنَّةِ حَتَّى يَجْلِسَ، فَإِذَا جَلَسَ غَمَرَتْهُ الرَّحْمَةُ، فَإِنْ كَانَ غُدْوَةً صَلَّى عَلَيْهِ سَبْعُونَ أَلْفَ مَلَكٍ حَتَّى يُمْسِيَ، وَإِنْ كَانَ مَسَاءً صَلَّى عَلَيْهِ سَبْعُونَ أَلْفَ مَلَكٍ حَتَّى يُصْبِحَ)).

             149. – Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eger-de bir adam bir hassa musulman doganyna zyýarata gitse, ol öýünden çykyp, tä ýanyna baryp oturýança göýä jennediň bag-bakjasyndan miwe ýygýan ýalydyr, haçanda otursa elbetde ony (zyýarat edýäni) Allahyň rehimdarlygy gurşap alar, we eger şol zyýarat irden edilse elbetde oňa (zyýarat edýäne) 70,000 (ýagny ýetmiş müň) perişde agşama çenli doga edip magfyret sorarlar, we-de agşam zyýarat edilse, daňa çenli 70,000 perişde daňa çenli doga edip magfyret sorarlar.”

    (Tirmizi)

    51. DURMUŞDAN UMYT ÜZEN

    HASSANYŇ DOGASY.

    ((اللَّهُمَّ اغْفِرْ لِي، وَارْحَمْنِي، وَأَلْحِقْنِي بِالرَّفِيقِ الْأَعْلَى)).

           150. – Eý Allahym! Maňa magfyret, rehmet et we-de pygamberlere, syddyklara, şehitlere we ýagşyzadalara duşyr!

    (Buhary)

    ((جَعَلَ النَّبِيُّ - صلى الله عليه وسلم - عِنْدَ مَوْتِهِ يُدْخِلُ يَدَيْهِ فِي الْمَاءِ فَيَمْسَحُ بِهِمَا وَجْهَهُ، وَيَقُولُ: لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ إِنَّ لِلْمَوْتِ سَكَرَاتٍ)).

           151. – Haçanda resulallanyň -sallallahu aleýhi we sellemiň- ajaly golaýlanda ol mübärek bolan iki ellerini suwa salyp, mübärek bolan ýüzüni ölleýärdi we aýdýardy: “Lä Ilähä illä Alla (Elbetde Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur), elbetde ölümiň jebir-jepasy bardyr.”

    (Buhary)

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَاللَّهُ أَكْبَرُ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ لَهُ المُلْكُ وَلَهُ الْحَمْدُ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَلاَ حَوْلَ وَلاَ قُوَّةَ إِلاَّ بِاللَّهِ)).

          152. – “Elbetde Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur, Ol Alla beýikleriň beýigidir;

           - Elbetde Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur, Ol ýeke-täkdir; 

          - Elbetde Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi ýokdyr;

           - Elbetde Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur, Ol ähli zatlaryň we öwgi-senalaryň eýesidir;

           - Elbetde Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur, elbetde, edermenlik (başarjaňlyk) we güýç-kuwwat ýokdur, megerem Allanyň ýardamy bilen bolar.”[37]

    (Tirmizi)

    52. JANY ÇYKJAK BOLÝAN ADAMA (KELIMEÝI-ŞAHADANY) GAÝTALATMAK.

    ((مَنْ كَانَ آخِرُ كَلاَمِهِ لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ دَخَلَ الْجَنَّةَ)).

            153. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Kimiň ahyrky sözi “Lä Ilähä illä Alla” (Elbetde Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur) bolsa jennede girer.”[38]

    (Ebu Dawud)

    53. BAŞYŇA BELA DÜŞENDE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((إِنَّا لِلَّهِ وَإِنَّا إِلَيْهِ رَاجِعُونَ، اللَّهُمَّ أْجُرْنِي فِي مُصِيبَتِي، وَأَخْلِفْ لِي خَيْرَاً مِنْهَا)).

             154. -  Elbetde, biz Allanyň gullary we Allaha gaýdyp bararys. Eý Allahym! Başyma düşen belada, sogabymy artdyr we öwezine (ýerine) has gowysy bolsun!

    (Muslim)

    54. ÖLEN KIŞINIŇ GÖZLERINI ÝAPANYŇDA

     AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ اغْفِرْ لِفُلاَنٍ (بِاسْمِهِ) وَارْفَعْ دَرَجَتَهُ فِي الْمَهْدِيِّينَ، وَاخْلُفْهُ فِي عَقِبِهِ فِي الْغَابِرِينَ، وَاغْفِرْ لَنَا وَلَهُ يَا رَبَّ الْعَالَمِينَ، وَافْسَحْ لَهُ فِي قَبْرِهِ، وَنَوِّرْ لَهُ فِيهِ)).

           155. – Eý Allahym! (Pylana) magfyret et, hidäýet edenleriň arasynda derejesini galdyr we yzynda galan maşgalasyna Özüň eýe çyk! Eý älem-jahanyň Prewerdigäri bizi hem-de ony magfyret et we gabyryny ýaýly (giň) edip nurlandyr!

    (Muslim)

    55. JYNAZA NAMAZYNDA ÖLÄ AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((اللَّهُمَّ اغْفِرْ لَهُ وَارْحَمْهُ، وَعَافِهِ، وَاعْفُ عَنْهُ، وَأَكْرِمْ نُزُلَهُ، وَوَسِّعْ مُدْخَلَهُ، وَاغْسِلْهُ بِالْمَاءِ وَالثَّلْجِ وَالْبَرَدِ، وَنَقِّهِ مِنَ الْخَطَايَا كَمَا نَقَّيْتَ الثَّوْبَ الأَبْيَضَ مِنَ الدَّنَسِ، وَأَبْدِلْهُ دَاراً خَيْراً مِنْ دَارِهِ، وَأَهْلاً خَيْراً مِنْ أَهْلِهِ، وَزَوْجَاً خَيْراً مِنْ زَوْجِهِ، وَأَدْخِلْهُ الْجَنَّةَ، وَأَعِذْهُ مِنْ عَذَابِ القَبْرِ [وَعَذَابِ النَّارِ])).

           156. – Eý Allahym! Oňa magfyret we merhemet et we bela-beterlerden aman edip, günälerini bagyşla, onuň jaýyny jennet edip, gabyryny hem giňelt! Gary, suwy we jöwenegi arassaçylyga sebäp edişiñ ýaly, oñada (ölä) dürli-dürli rehmediñi günälerinden saplanmaga sebäp et! Ony günälerinden göýä ak köýnegi hapadan päkleýşiň ýaly päkle. Eý Allahym! Oňa (geçmiş) öýünden has gowy öý, maşgalasyndan has gowy maşgala we hatynyndan has gowy hatyn, öwezine jennetde ber! Ony jennede sal, ony gabyryň we jähennemiň azabyndan gora!

    (Muslim)

    ((اللَّهُمَّ اغْفِرْ لِحَيِّنَا وَمَيِّتِنَا، وَشَاهِدِنَا وَغَائِبِنَا، وَصَغِيرِنَا وَكَبيرِنَا، وَذَكَرِنَا وَأُنْثَانَا. اللَّهُمَّ مَنْ أَحْيَيْتَهُ مِنَّا فَأَحْيِهِ عَلَى الْإِسْلاَمِ، وَمَنْ تَوَفَّيْتَهُ مِنَّا فَتَوَفَّهُ عَلَى الإِيمَانِ، اللَّهُمَّ لاَ تَحْرِمْنَا أَجْرَهُ، وَلاَ تُضِلَّنَا بَعْدَهُ)).

            157. – Eý Allahym! Dirimizi we wepat bolanymyzy, (jynazadaky) barymyzy, kiçimizi we ulymyzy, erkeklerimizi we aýallarymyzy magfyret et! Eý Allahym! Bizden kimi diri galdyrsaň ony yslamda ýaşat we bizden kimiň janyny alsaň, ony mü’min halynda janyny al! Eý Allahym! Onuň ejirini (sogabyny) bizden mahrum etme we bizi hem ondan soň azaşan etme.

    (Ibn Mäje)

    ((اللَّهُمَّ إِنَّ فُلاَنَ بْنَ فُلاَنٍ فِي ذِمَّتِكَ، وَحَبْلِ جِوَارِكَ، فَقِهِ مِنْ فِتْنَةِ الْقَبْرِ، وَعَذَابِ النَّارِ، وَأَنْتَ أَهْلُ الْوَفَاءِ وَالْحَقِّ، فَاغْفِرْ لَهُ وَارْحَمْهُ إِنَّكَ أَنْتَ الغَفُورُ الرَّحيمُ)).

            158. – Eý Allahym! (Pylan ogly pylan) seniň howandarlygyňda we goragyňdadyr. Ony gabyr fitnesinden we jähennemiň azabyndan gora! Çünki, Sen haksyň, wepadarsyň, oňa magfyret we rehim et, elbetde, Sen Gafur we Rahym (magfyret ediji, rehimdarsyň)!

    (Ibn Mäje)

    ((اللَّهُمَّ عَبْدُكَ وَابْنُ أَمَتِكَ احْتَاجَ إِلَى رَحْمَتِكَ، وَأَنْتَ غَنِيٌّ عَنْ عَذَابِهِ، إِنْ كَانَ مُحْسِناً فَزِدْ فِي حَسَنَاتِهِ، وَإِنْ كَانَ مُسِيئاً فَتَجَاوَزْ عَنْهُ)).

            159. – Eý Allahym! Elbetde, Seniň gulyň, erkek we aýal gullaryň perzendi, Seniň rehmediňe mätäç, elbetde, Sen oňa azap bermän hem bilýärsiň, eger ýagşyzada bolsa, onda onuň sogabyny artdyr we eger günäkär bolsa, onda ony bagyşla!

    (Hakim)

    56. ÇAGANYŇ JYNAZASYNDA AÝDYLÝAN

     DOGALAR.

    ((اللَّهُمَّ أَعِذْهُ مِنْ عَذَابِ القَبْرِ)).

    160. – Eý Allahym! Ony gabyr azabyndan gora!

    (Mälik, el-Muwatta)

    وإن قال: ((اللَّهُمَّ اجْعَلْهُ فَرَطاً وَذُخْراً لِوَالِدَيْهِ، وَشَفِيعاً مُجَاباً، اللَّهُمَّ ثَقِّلْ بِهِ مَوَازِينَهُمَا، وَأَعْظِمْ بِهِ أُجورَهُمَا، وَأَلْحِقْهُ بِصَالِحِ الْمُؤْمِنِينَ، وَاجْعَلْهُ فِي كَفَالَةِ إِبْرَاهِيمَ، وَقِهِ بِرَحْمَتِكَ عَذَابَ الْجَحِيمِ، وَأَبْدِلْهُ دَاراً خَيْراً مِنْ دَارِهِ، وَأَهْلاً خَيْراً مِنْ أَهْلِهِ، اللَّهُمَّ اغْفِرْ لِأَسْلاَفِنَا، وَأَفْرَاطِنَا، وَمَنْ سَبَقَنَا بِالْإِيمَانِ)) فَحَسَنٌ.    

          - We şu dogany okamaklyk hem gowydyr: “Eý Allahym! Ony öz huzuryňda ene-atasyna göz dikip (garaşyp) duran sogap, penakärçi we hak şepagatçy et! Eý Allahym! Ony ene-atasynyň mizan hasanatlaryndan we onuň bilen sogaplaryny azym et! We atamyz Ybraýym -aleýissalamyň- hossarlygynda edip, salyh mü’minlere duşyr! Ony rehimdarlygyň bilen jähennemiň azabyndan gorap, geçmiş öýünden has gowy öý we maşgalasyndan has gowy magala öwezine ber! Eý Allahym! Biziň ata-babalarymyza, bala-çagalarymyza we bizden owalky mü’minlere magfyret et!

    (Ibn Kudama, el-Mugni)

    ((اللَّهُمَّ اجْعَلْهُ لَنَا فَرَطاً، وَسَلَفاً، وَأَجْراً)).

          161. - “Eý Allahym! Ony (jennetde) bize göz dikip duran, sylag-hormat, penakärçi we bizi hoş garşylaýan et!”[39]

    (Bagawy, şerh es-Sunna)

    57. PATA (ÝASA) BARANYŇDA AÝDYLÝAN

     DOGALAR.

    ((إِنَّ للَّهِ مَا أَخَذَ، وَلَهُ مَا أَعْطَى، وَكُلُّ شَيْءٍ عِنْدَهُ بِأَجَلٍ مُسَمَّى... فَلْتَصْبِرْ وَلْتَحْتَسِبْ)).

           162. – Elbetde, beren hem Alla we alan hem Alladyr, onda her-bir zadyň wagty çäklidir, sabyr et, umytki sogap gazanarsyň.

    (Buhary)

    وَإِنْ قَالَ: ((أَعْظَمَ اللَّهُ أَجْرَكَ، وَأَحْسَنَ عَزَاءَكَ، وَغَفَرَ لِمَيِّتِكَ)) فَحَسَنٌ.

          - we şeýle doga etse ýagşy bolar: “Alla tagala ejriiňi (sogabyňy) azym (köp), ýasyňy sabyrly we öliňe magfyret etsin!”

    (Newewi, el-Azkar)

    58. ÖLI GABYRA SALNANDA AÝDYLÝAN DOGA.

    ((بِسْمِ اللَّهِ وَعَلَى سُنَّةِ رَسُولِ اللَّهِ)).

           163. – Bismilläh (Allanyň ady bilen) we Onuň resulynyň sünnetine görä.

    (Ebu Dawud)

    59. JAÝLAP BOLANYŇDAN SOŇ AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ اغْفِرْ لَهُ، اللَّهُمَّ ثَبِّتْهُ)).

           164. – Eý Allahym! Oňa magfyret et we soraglara jogap bermäge ýardam et.

    (Ebu Dawud)

    60. GONAMÇYLYGA ZYÝARAT EDILENDE

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((السَّلاَمُ عَلَيْكُمْ أَهْلَ الدِّيَارِ، مِنَ الْمُؤْمِنِينَ وَالْمُسْلِمِينَ، وَإِنَّا إِنْ شَاءَ اللَّهُ بِكُمْ لاَحِقُونَ، [وَيَرْحَمُ اللَّهُ الْمُسْتَقدِمِينَ مِنَّا وَالْمُسْتأْخِرِينَ] أَسْاَلُ اللَّهَ لَنَا وَلَكُمُ الْعَافِيَةَ)).

           165. -  Bu mazarlygyň mü’min musulmanlaryna salamat bolsun, biz hem Allanyň emri bilen size duşarys, “bizden ölenleri we dirileri Alla rehmet etsin”[40], Alladan bize we size salamatlyk dileýärin.

    (Muslim, Ibn Mäje)

    61. ÝEL ÖWSENDE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ  إِنِّي أَسْــــــأَلُكَ خَيْرَهَا، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّهَا)).

           166. – Eý Allahym! Elbetde, men Senden şunyň haýryny dileýärin we onuň şerinden hem Senden pena soraýaryn.

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ خَيْرَهَا، وَخَيْرَ مَا فِيهَا، وَخَيْرَ مَا أُرْسِلَتْ بِهِ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّهَا، وَشَرِّ مَا فِيهَا، وَشَرِّ مَا أُرْسِلَتْ بِهِ)).

           167. – Eý Allahym! Elbetde, men Senden şunyň haýryny, şunyň içindäki we şunyň bilen iberilen haýyry dileýärin. We elbetde, şunyň zyýanyndan, şunyň içindäki we şunyň bilen iberilen zyýan-zeperden Senden pena soraýaryn.

    (Muslim)

    62. ÝYLDYRYM ÇÄKYP GÖK GÜMÜRDESE

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((سُبْحَانَ الَّذِي يُسَبِّحُ الرَّعْدُ بِحَمْدِهِ وَالْمَلاَئِكةُ مِنْ خِيفَتِهِ)).

           168. – “Gök gümürdeýän halatynda “ähli kemçiliklerden päk bolan” Allaha hamdu-sena we tesbih edýändir, we perişdeler hem ondan (Alladan) gorkup Ony  ähli nogsanlyklardan päkleýärler.”[41]                                                                      (Ra’ad:13)

    (Mälik, el-Muwatta)

    63. ÝAGMYR-ÝAGDYR DOGALARY.

    ((اللَّهُمَّ اسْقِنَا غَيْثاً مُغِيثاً مَرِيئاً مَرِيعاً، نَافِعاً غَيْرَ ضَارٍّ، عَاجِلاً غَيْرَ آجِلٍ)).

            169. – Eý Allahym! Bizi halas etjek, gök-ot ýetişdirjek, bereketli, peýdaly we zyýansyz gijikdirmezden çalt, bize ýagmyr ýagdyr!

    (Ebu-Dawud)

    ((اللَّهُمَّ أَغِثْنَا، اللَّهُمَّ أَغِثْنَا، اللَّهُمَّ أَغِثْنَا)).

    170. – Eý Robbymyz bize ýagmyr ýagdyr. (üç gezek) 

    (Buhary)

    ((اللَّهُمَّ اسْقِ عِبَادَكَ، وَبَهَائِمَكَ، وَانْشُرْ رَحْمَتَكَ، وَأَحْيِي بَلَدَكَ الْمَيِّتَ)).

          171. – Eý Allahym! Rehmediňi saçyp bendeleriňi we haýwanlaryňy suwa ýak (gandyr) we guran ýerleriňi täzeden direlt.

    (Ebu Dawud)

    64. ÝAGMYR ÝAGYP DURKA AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ صَيِّباً نَافِعاً)).

    172. – Eý Allahym! Şuny (ýagmyry) bol we peýdaly et!                

    (Buhary)

    65. ÝAGMYR ÝAGANYNDAN SOŇ AÝDYLÝAN DOGA.

    ((مُطِرْنَا بِفَضْلِ اللَّهِ وَرَحْمَتِهِ)).

           173. – Allanyň fazly-keremi we rehimdarlygy bilen bize  ýagmyr ýagdy. 

    (Buhary)

    66. ÝAGMYR ÝAGANYNDAN SOŇ, GÜN ÇYKANDA

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ حَوَالَيْنَا وَلاَ عَلَيْنَا، اللَّهُمَّ عَلَى الآكَامِ وَالظِّرَابِ، وَبُطُونِ الْأَوْدِيَةِ، وَمَنَابِتِ الشَّجَرِ)).

          174. – Eý Allahym! Ýagmyry biziň üstümeze dälde, daş töweregimize  indir. Eý Allahym! Ýagmyry daglara, daşlara, derelere, baýyrlara we jülgelere indir!

    (Buhary)

    67. TÄZE DOGULAN AÝ GÖRÜLENDE

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُ أَكْبَرُ، اللَّهُمَّ أَهِلَّهُ عَلَيْنَا بِالْأَمْنِ وَالْإِيمَانِ، وَالسَّلاَمَةِ وَالْإِسْلاَمِ، وَالتَّوْفِيقِ لِمَا تُحِبُّ رَبَّنَا وَتَرْضَى، رَبُّنَا وَرَبُّكَ اللَّهُ)).

          175. – Allahu Ekber, Eý Allahym! Täze aýy, sag-amanlyk, asudalyk we iman-yslam salamatlygy hem-de razy boljak we söýjek amallaryňa ugrukdyrmak bilen biziň üstümize indir. Biziň we seniň (täze aý) Robbymyz Alladyr.

    (Tirmizi)

    68. AGYZ BEKLÄP, AÇANYŇDAN SOŇRA

     AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((ذَهَبَ الظَّمَأُ وَابْتَلَّتِ العُرُوقُ، وَثَبَتَ الْأَجْرُ إِنْ شَاءَ اللَّهُ)).

           176. – Suwsyzlyk gitdi, damaklar öllendi we Allanyň islegi bilen sogap gazandyk.

    (Ebu Dawud)

    ((اللَّهُمَّ  إِنِّي أَسْأَلُكَ بِرَحْمَتِكَ الَّتِي وَسِعَتْ كُلَّ شَيْءٍ أَنْ تَغْفِرَ لِي)).

           177. – Eý Allahym! Elbetde men Seniň ähli zady gurşap alan rehimdarlygyň bilen maňa magfyret etmekligiňi soraýaryn!

    (Ibn Mäje)

    69. NAHAR IÝJEK BOLANYNDA

    AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((إِذَا أَكَلَ أَحَدُكُمْ طَعَاماً فَلْيَقُلْ بِسْمِ اللَّهِ، فَإِنْ نَسِيَ فِي أَوَّلِهِ فَلْيَقُلْ بسمِ اللَّهِ فِي أَوَّلِهِ وَآخِرِهِ)).

           178. – “Bismilläh”[42] (Allanyň ady bilen iýip başlaýaryn)

    We eger-de, naharyň başynda (bismilläh) diýmekligi ýadyndan çykaran bolsa, onda şeýle diýsin: “Naharyň başynda, soňunda bismilläh”.

    (Ebu Dawud)

    ((مَنْ أَطْعَمَهُ اللَّهُ الطَّعَامَ فَلْيَقُلْ: اللَّهُمَّ بَارِكْ لَنَا فِيهِ وَأَطْعِمْنَا خَيْراً مِنْهُ، وَمَنْ سَقَاهُ اللَّهُ لَبَناً فَلْيَقُلْ اللَّهُمَّ بَارِكْ لَنَا فِيهِ وَزِدْنَا مِنْهُ)).

            179. –  (Nahar üçin): Eý Allahym! Bize şuny bereketli et we bizi jennediň naharyndan naharla,

    (Suw üçin):  Eý Allahym! Bize şunyň yzyny üzmän bereketli et!

    (Tirmizi)

    70. NAHARDAN SOŇ AÝDYLÝAN DOGALAR.

    ((الْحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي أَطْعَمَنِي هَذَا، وَرَزَقَنِيهِ، مِنْ غَيْرِ حَوْلٍ مِنِّي وَلاَ قُوَّةٍ)).

           180. – Elbetde, şu tagamy rysgal beren Allaha hamdu-senalar bolsun! Ýogsam, biz ony (tagamy) hasyl etmäne kadyr däldiris!

    (Tirmizi)

    ((الْحَمْدُ لِلَّهِ حَمْداً كَثِيراً طَيِّباً مُبَارَكاً فِيهِ، غَيْرَ [مَكْفِيٍّ وَلاَ ] مُوَدَّعٍ، وَلاَ مُسْتَغْنَىً عَنْهُ رَبَّنَا)).

           181. – Allaha köp, soňsuz, çäksiz, elbetde, ajaýyp we mübärek hamd-öwgi senalamak senalar (aňyrbaşy senelar) bolsun. Elbetde Sen biziň Robbymyzsyň!

    (Buhary)

    71. MYHMAN BOLUP BARYLANYNDA

    AÝDYLÝAN DOGA-DILEG.

    ((اللَّهُمَّ بَارِكْ لَهُمْ فِيمَا رَزَقْتَهُم، وَاغْفِرْ لَهُمْ وَارْحَمْهُمْ)).

            182. – Eý Allahym! Bulara rysgal beren zadyňa bereket ber, bularyň günälerini geç we rehim et!

    (Muslim)

    72. SUW ÝA-DA NAHAR HÖDÜRLÄN KIŞÄ

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ أَطْعِمْ مَنْ أَطْعَمَنِي، وَاسْقِ مَنْ سَقَانِي)).

            183. – Eý Allahym! Maňa nahar hödürläni, naharla we suw hödürläni, suwa gandyr!

    (Muslim)

    73. AGYZ BEKLÄN KIŞI, AGZYNY AÇDYRANA

    EDÝÄN DOGASY.

    ((أَفْطَرَ عِنْدَكُمُ الصَّائِمُونَ، وَأَكَلَ طَعَامَكُمُ الْأَبْرَارُ، وَصَلَّتْ عَلَيْكُمُ الْمَلاَئِكَةُ)).

            184. – Sizde agyz beklänler agyzlaryny açdylar, iýmitiňizi takwalar iýdiler we perişdeler hem size ýagşy dogalar etdiler.

    (Ebu Dawud)

    74. AGYZY BEKLI ÝA-DA BEKLI DÄL KIŞI NAHARA

    ÇAGYRYLSA, ŞOL ÇAGYRYLAN NÄME ETMELI.

    ((إِذَا دُعِيَ أَحَدُكُمْ فَلْيُجِبْ، فَإِنْ كَانَ صَائِماً فَلْيُصَلِّ، وَإِنْ كَانَ مُفْطِراً فَلْيَطْعَمْ))، وَمَعْنَى فَلْيُصَلِّ أَيْ فَلْيَدْعُ.

            185. – Resulalla -sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “ Eger biriňiz nahara çagyrylsaňyz ol çakylyga jogap bersin! We barsa, agzy hem bekli bolsa, onda öý eýesine doga etsin! Eger-de agzy açyk bolsa nahar iýsin!”.

    (Muslim)

    75. EGER AGYZY BEKLI KIŞÄ SÖGÜLSE, NÄME

    DIÝIP JOGAP BERMELI.

    ((إِنِّي صَائِمٌ، إِنِّي صَائِمٌ)).

            186. – Çünki, meniň agzym bekli! Çünki, meniň agzym bekli!

    (Buhary)

    76. MIWELER BIŞIŞIP BAŞLANYNDA

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ بَارِكْ لَنَا فِي ثَمَرِنَا، وَبَارِكْ لَنَا فِي مَدِينَتِنَا، وَبَارِكْ لَنَا فِي صَاعِنَا، وَبَارِكْ لَنَا فِي مُدِّنَا)).

            187. – Eý Allahym! Biziň miwämize we şäherimize bereket ber, hem-de ölçeg-kile sanlarymyzy bereketli et!

    (Muslim)

    77. ASGYRYLANDA AÝDYLÝAN DOGA.

    ((إِذَا عَطَسَ أَحَدُكُم فَلْيَقُلِ الْحَمْدُ لِلَّهِ، وَلْيَقُلْ لَهُ أَخُوهُ أَوْ صَاحِبُهُ: يَرْحَمُكَ اللَّهُ، فَإِذَا قَالَ لَهُ: يَرحَمُكَ اللَّهُ، فَلْيَقُلْ: يَهْدِيكُمُ اللَّهُ وَيُصْلِحُ بَالَكُمْ)).

            188. – Asgyran kişi: “älhämdulilläh (ähli hamdlar Allahadyr) diýsin.

            - Gapdalyndaky dost-ýary oňa (asgyrana) aýtsyn: “Alla saňa rehmet etsin!”.

            - Asgyran jogap bersin: “Alla sizi dogry ýola gönükdirsin we hal-ahwallaryňyzy gowulasyn!”.

    (Buhary)

    78. KÄFIR KIŞI ASGYRYP ALLAHA HAMD ETSE,

    OŇA NÄDIP JOGAP BERMELI.

    ((يَهْدِيكُمُ اللَّهُ وَيُصْلِحُ بَالَكُمْ)).

            189. – Alla sizi dogry ýola göndersin we hal-ahwallaryňyzy gowulasyn!

    (Tirmizi)

    79. ÖÝLENÝÄN KIŞI ÜÇIN GUTLAG-DOGASY.

    ((بَارَكَ اللَّهُ لَكَ، وَبَارَكَ عَلَيْكَ، وَجَمَعَ بَيْنَكُمَا فِي خَيْرٍ)).

            190. – Elbetde, Beýik bolan Alla seni bereketli etsin we seniň üstüňe bereket indirsin hem-de ikiňiziň durmuşyňyzy bagtly etsin!

    (Ebu Dawud)

    80. ÖÝLENENIŇ WE ULAG SATYN ALANYŇ DOGASY.

    إِذَا تَزَوَّجَ أَحَدُكُمُ امْرَأَةً، أَوْ إِذَا اشْتَرَى خَادِماً فَلْيَقُلْ: ((اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ خَيْرَهَا، وَخَيْرَ مَا جَبَلْتَهَا عَلَيْهِ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّهَا، وَشَرِّ مَا جَبَلْتَهَا عَلَيْهِ، وَإِذَا اشْتَرَى بَعِيراً فَلْيَأْخُذْ بِذِرْوَةِ سَنَامِهِ وَلْيَقُلْ مِثْلَ ذَلِكَ)).

            191. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eger biriňiz öýlense ýa-da gul satyn alsa, onda goý ol aýtsyn: “Eý Allahym! Elbetde, men Senden onyň haýryny we ondaky tebigy gözel ahlagyny soraýaryn, hem-de onuň şerinden we ondaky tebigy ýaramaz ahlagyndan pena soraýaryn!

    (Ebu Dawud)

    81. ÄR-AÝAL GATNAŞYGYNY ETMEZDEN ÖŇ

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((بِسْمِ اللَّهِ، اللَّهُمَّ جَنِّبْنَا الشَّيْطَانَ، وَجَنِّبِ الشَّيْطَانَ مَا رَزَقْتَنَا)).

           192. – Bismilläh (Allanyň ady bilen başlaýaryn). Eý Allahym! Bizi şeýtandan we şeýtany-da bizi ryzyklandyrjak perzentden  daşlaşdyr!

    (Buhary)

    82. GAHAR-GAZAPDA AÝDYLÝAN DOGA.

    ((أَعُوذُ بِاللَّهِ مِنَ الشَّيْطَانِ الرَّجِيمِ)).

           193. – Men daşlanan şeýtanyň şerinden Alladan pena soraýaryn!

    (Buhary)

    83. MUSYBATA (BETBAGTÇYLYGA) UÇRAN ADAMY GÖRENIŇDE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((الْحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي عَافَانِي مِمَّا ابْتَلاَكَ بِهِ، وَفَضَّلَنِي عَلَى كَثِيرٍ مِمَّنْ خَلَقَ تَفْضِيلاً)).

           194. – Seni synap, meni sag-aman galdyran we özüniň köp bendeleriniň içinden saýlap çykaran Allaha hamdu-senalar bolsun!

    (Tirmizi)

    84. MEJLISLERDE AÝDYLÝAN ZIKIR.

    ((عَنِ ابْنِ عُمَرَ ^ قَاَلَ: كَانَ يُعَدُّ لِرَسُولِ اللَّهِ - صلى الله عليه وسلم - فِي الْمَجْلِسِ الوَاحِدِ مِائَةُ مَرَّة ٍ مِنْ قَبْلِ أَنْ يَقُومَ: ((رَبِّ اغْفِرْ لِي، وَتُبْ عَلَيَّ، إِنَّكَ أَنْتَ التَّوَّابُ الغَفُورُ)).

           195. – Eý Robbym! Meni bagyşla, tobamy kabul et! Elbetde, Sen Towwab we Goffarsyň (köp tobalary kabul edýän we ähli günäleri bagyşlaýansyň)!

    (Tirmizi)

    85. GÜMÜR-ÝAMYR EDILEN MEJLISIŇ ÖWEZINI

    DOLMA DOGASY.

    ((سُبْحَانَكَ اللَّهُمَّ وَبِحَمْدِكَ، أَشْهَدُ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلاَّ أَنْتَ، أَسْتَغْفِرُكَ وَأَتُوبُ إِلَيْكَ)).

    196. – Eý Allahym! Elbetde, Seni ähli aýyp-kemçilikden päklemek-päkläp hamdu-senalar aýdýaryn. Senden başga ybadata hakly Ilähiň ýoklygyna şaýatlyk edýärin! Elbetde, men senden magfyret sorap Saňa toba edýärin!

    (Sahyh Tirmizi)

    86. “ALLA SAŇA MAGFYRET ETSIN” DIÝEN ADAMA

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((وَلَكَ)).

               197. – We saňada!

    (Ahmed)

    87. ÝAGŞYLYK EDEN ADAMA AÝDYLÝAN DOGA.

    ((جَزَاكَ اللَّهُ خَيْراً)).

    198. – Alla saňa haýyr-sogap bersin!

    (Tirmizi)

    88. NÄME BILEN ALLA SENI DEJJALDAN

    GORAÝAR?!

    ((مَنْ حَفِظَ عَشْرَ آيَاتٍ مِنْ أَوَّلِ سُورَةِ الْكَهْفِ عُصِمَ مِنَ الدَّجَّالِ))، وَالْاسْتِعَاذَةُ بِاللَّهِ مِنْ فِتْنَتِهِ عَقِبَ التَّشَهُّدِ الْأَخِيرِ مِنْ كُلِّ صَلاَةٍ.

    199. – Kim el-Kähf süresinden ilkinji on aýaty, manysyna düşünip ýat tutsa, onda ol dejjaldan goragda bolar.

    (Muslim)

    89. KIM SENI ALLA ÜÇIN SÖÝÝÄN (GOWY GÖRÝÄN)

    DIÝSE, ONUŇ JOGABY.

    ((أَحَبَّكَ الَّذِي أَحْبَبْتَنِي لَهُ)).

    200. – Çünki sen, meni onuň (Alla)  üçin söýenligiň sebäpli, Seni hem Ol söýsün!

    (Ebu Dawud)

    90. PUL HÖDÜRLÄN ADAMA AÝDYLÝAN DOGA.

    ((بَارَكَ اللَّهُ لَكَ فِي أَهْلِكَ وَمَالِكَ)).

    201. – Alla tagala seniň mal-mülkiňi we maşgalaňy bereketli etsin!

    (Buhary)

    91. HAÇANDA BERGIŇI GAÝTARYP BERENIŇDE MAL

    EÝESINE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((بارَكَ اللَّهُ لَكَ فِي أَهْلِكَ وَمَالِكَ، إِنَّمَا جَزَاءُ السَّلَفِ الْحَمْدُ وَالأَدَاءُ)).

    202. – Beýik bolan Alla, seniň mal-Mülkiňi hem-de maşgalaňy bereketli etsin! Çünki karz alanyňdan soň, onuň jogaby elbetde, bergiňi berip, şükür etmeklikdir.

    (Nesai)

    92. ŞIRKDEN GORKANYŇDA AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ  إِنِّي أَعُوذُ بِكَ أَنْ أُشْرِكَ بِكَ وَأَنَا أَعْلَمُ، وَأَسْتَغْفِرُكَ لِمَا لاَ أَعْلَمُ)).

    203. – Eý Allahym! Şek-şübhesiz, Saňa bilip şirk etmeklikden, men senden pena soraýaryn we bilmän edýän bolsam hem magfyret soraýaryn!

    (Ahmed)

    93. “ALLA SAŇA BEREKET BERSIN!” DIÝEN ADAMA

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((وَفِيكَ بَارَكَ اللَّهُ)).

    204. – We saňa-da Alla bereket bersin!

    (Ibn es-Sunni)

    94. GUŞLAR BILEN YRYM ETMESIZLIK BARADA.

    ((اللَّهُمَّ لاَ طَيْرَ إِلاَّ طَيْرُكَ، وَلاَ خَيْرَ إِلاَّ خَيْرُكَ، وَلاَ إِلَهَ غَيْرُكَ)).

    205. – “Eý Allahym! Elbetde, peýda-zyýan guşlardan däl-de sendendir we hiç hili haýyr ýokdyr megerem Sendendir, we Senden başga ybadata hakly Iläh hem ýokdyr.”[43]

    (Ahmed)

    95. ULAGA MÜNILENDE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((بِسْمِ اللَّهِ، وَالْحَمْدُ للَّهِ {سُبْحَانَ الَّذِي سَخَّرَ لَنَا هَذَا وَمَا كُنَّا لَهُ مُقْرِنِينَ، وَإِنَّا إِلَى رَبِّنَا لَمُنقَلِبُونَ}، ((الْحَمْدُ لِلَّهِ، الْحَمْدُ لِلَّهِ، الْحَمْدُ لِلَّهِ، اللَّهُ أَكْبَرُ، اللَّهُ أَكْبَرُ، اللَّهُ أَكْبَرُ، سُبْحَانَكَ اللَّهُمَّ  إِنِّي ظَلَمْتُ نَفْسِي فَاغْفِرْ لِي؛ فَإِنَّهُ لاَ يَغْفِرُ الذُّنُوبَ إِلاَّ أَنْتَ)).

    206. – Allanyň ady bilen münýärin, Allaha hamdlar bolsun, muny biziň hyzmatymyzda goýan Allahy, ähli kemçiliklerden päkleýärin! Ýogsam, biz oňa (ulaga) kadyr däldiris we elbetde biz Robbymyza dönjekdiris.

    - “Elhämdulilläh” (Allaha hamdlar bolsun). (üç gezek)

    - “Allahu Ekber” (Alla beýikleriň beýigidir). (üç gezek)

    Eý Allahym! Seni ähli aýyplardan päkleýärin, maňa magfyret et, çünki men öz nebsime köp zulum edendirin, elbetde, günäleri diňe sen bagyşlawjydyrsyň!

    (Ebu Dawud)

    96. SAPARA ÇYKANYŇDA AÝDYLÝAN DOGA.

    اللَّهُ أَكْبَرُ، اللَّهُ أَكْبَرُ، اللَّهُ أَكْبَرُ، {سُبْحَانَ الَّذِي سَخَّرَ لَنَا هَذَا وَمَا كُنَّا لَهُ مُقْرِنِينَ * وَإِنَّا إِلَى رَبِّنَا لَمُنقَلِبُونَ}((اللَّهُمَّ إِنّا نَسْأَلُكَ فِي سَفَرِنَا هَذَا البِرَّ وَالتَّقْوَى، وَمِنَ الْعَمَلِ مَا تَرْضَى، اللَّهُمَّ هَوِّنْ عَلَيْنَا سَفَرَنَا هَذَا وَاطْوِ عَنَّا بُعْدَهُ، اللَّهُمَّ أَنْتَ الصَّاحِبُ فِي السَّفَرِ، وَالْخَليفَةُ فِي الْأَهْلِ، اللَّهُمَّ  إِنِّي أَعُوذُ بِكَ مِنْ وَعْثَاءِ السَّفَرِ، وَكَآبَةِ الْمَنْظَرِ، وَسُوءِ الْمُنْقَلَبِ فِي الْمَالِ وَالْأَهْلِ))، وإذا رَجَعَ قَالَهُنَّ وَزَادَ فِيهِنَّ: ((آيِبُونَ، تائِبُونَ، عَابِدُونَ، لِرَبِّنَا حَامِدُونَ)).

    207. – “Allahu Ekber, Allahu Ekber, Allahu Ekber, şuny (ulagy) biziň hyzmatymyzda goýan Allany ähli kemçiliklerden päkleýärin, ýogsam biz oňa kadyr däldiris, we elbetde biz Robbymyza dolanjakdyrys! Eý Allahym! Elbetde biz senden şu saparymyzda gowulyk, takwalyk we seniň razy bolýan amalyňy soraýarys. Eý Allahym! Ýolumyzy ýeňil we uzaklygyny ýakyn et! Eý Allahym! Umytki Sen, ýolumda hemram hemde yzyma (maşgalama) eýe (daýanjym) bol! Eý Allahym! Elbetde, şu saparymyň kösenjinden, tukatlyk, hasratlyk ýagdaýyndan we maşgalamda hem-de mülkümde ýaramazlyk bolup dönmeklikden men Senden pena soraýaryn!

    - (we yzyna dolananda şu dogany okap, soň hem şulary goşsyn): “Elbetde, biz haýyr bilen dolananlar we toba, ybadat edenler we Robbumyza hamdu-sena edenler.”.

    (Muslim)

    97. BIR ŞÄHERE ÝA-DA OBA GIRJEK BOLANYŇDA

    AÝDYLÝAN DOGA.

    ((اللَّهُمَّ رَبَّ السَّمَوَاتِ السَّبْعِ وَمَا أَظْلَلْنَ، وَرَبَّ الأَرَضِينَ السَّبْعِ وَمَا أَقْلَلْنَ، وَرَبَّ الشَّياطِينِ وَمَا أَضْلَلْنَ، وَرَبَّ الرِّيَاحِ وَمَا ذَرَيْنَ، أَسْأَلُكَ خَيْرَ هَذِهِ الْقَرْيَةِ، وَخَيْرَ أَهْلِهَا، وَخَيْرَ مَا فِيهَا، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ شَرِّهَا، وَشَرِّ أَهْلِهَا، وَشَرِّ مَا فِيهَا)).

    208. - Eý Allahym! Elbetde, Sen ýedi gat asmanyň we ähli asman astyndaky zatlaryň Robbydyrsyň! We ýedi gat yeriň we ähli ýer üstündäki zatlaryň Robbydyrsyň! Şeýtanlaryň we ähli azan-tozan zatlaryň, ýeliň we onuň (ýeliň) ähli tozduran zatlarynyň Robbysyň! Men Senden şu obanyň (şäheriň) salamatyny, onuň halkynyň haýyryny we onuň peýda-maslahatyny soraýaryn, hem-de obanyň we halkynyň we onuň zyýan-zeperinden Senden pena soraýaryn!

    (Hakim)

    98. BAZARA GIRILENDE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ، وَلَهُ الْحَمْدُ، يُحْيِي وَيُمِيتُ، وَهُوَ حَيٌّ لاِ يَمُوتُ، بِيَدِهِ الْخَيْرُ، وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ)).

    209. – “Elbetde, ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamydlar Oňa bolsun we bar-bolan ähli mülkler Onuňkydyr, Elbetde, ol islänini direldýändir we öldürýändir, emma Onuň özi ebedilik diridir, ähli haýyrlar Onuň elindedir, Ol her-bir zada kadyrdyr.”[44]

    (Tirmizi)

    99. MÜNÝÄN ULAGYŇ BÜDRESE (ÝYKYLSA) AÝDYLÝAN DOGA.

    ((بِسْمِ اللَّهِ)).

    210. – Bismilläh.

    (Ebu Dawud)

    100. MUSAPYRYŇ (ÝOLAGÇYŇ), YZYNDA GALÝANLARA

    EDÝÄN DOGASY.

    ((أَسْتَوْدِعُكُمُ اللَّهَ الَّذِي لاَ تَضِيعُ وَدَائِعُهُ)).

    211. – Elbetde, özüne tabşyrylan amanatlary gorap saklaýan Allaha sizi tabşyrýaryn!

    (Ahmed)

    101. ÖÝDE GALÝAN ADAMYŇ, MUSAPYRA

    EDÝÄN DOGALARY.

    ((أَسْتَوْدِعُ اللَّهَ دِينَكَ، وَأَمَانَتَكَ، وَخَوَاتِيمَ عَمَلِكَ)).

    212. – Elbetde, Seniň diniňi, amanat zatlaryňy we işleriň soňlary gowy gutarmagyny Allaha tabşyrýaryn!

    (Ahmed)

    ((زَوَّدَكَ اللَّهُ التَّقْوَى، وَغَفَرَ ذَنْبَكَ، وَيَسَّرَ لَكَ الخَيْرَ حَيْثُ ما كُنْتَ)).

    213. – Alla tagala seniň takwalygyňy artdyrsyn, seniň günäleriňi geçsin we saňa haýyr işleri nirede bolsaň hem ýeňilleşdirsin!

    (Tirmizi)

    102. SAPAR ÝOLUNDA AÝDYLÝAN TEKBIR, TESBIH.

    قَالَ جَابِرٌ - رضي الله عنه -: ((كُنَّا إِذَا صَعَدْنَا كَبَّرْنَا، وَإِذَا نَزَلْنَا سَبَّحْنَا)).

    214. – “Belentlige çykylanda: “Allahu Ekber”;

    - peslige inilen halatynda hem: “SubhanAlla”.”[45]

    (Buhary)

    103. MUSAPYR GIJÄNIŇ ÝARYNDA EDÝÄN DOGASY.

    ((سَمَّعَ سَامِعٌ بِحَمْدِ اللَّهِ، وَحُسْنِ بَلاَئِهِ عَلَيْنَا، رَبَّنَا صاحِبْنَا، وَأَفْضِلْ عَلَيْنَا، عَائِذاً بِاللَّهِ مِنَ النَّارِ)).

    215. – Allaha hamdu-senalar bolsun! Ol bize gözel nygmatlar berdi we ajap synaglar etdi, we eşidenler hem şuňa şaýat boldy. Eý Perwerdigärimiz! Biziň ýaranymyz bol we üstümize Öz kerem nygmatlaryňdan indir hem-de bizi jähennemden gora!

    (Muslim)

    104. BIR ÝERDE DÜŞLENILSE AÝDYLÝAN ZIKIR.

    ((أَعُوذُ بِكَلِمَاتِ اللَّهِ التَّامَّاتِ مِنْ شَرِّ مَا خَلَقَ)).

    216. – Mahluklaryň şerinden Allanyň kemsiz gözel atlary we kitaplaryna sygynýaryn!

    (Muslim)

    105. SAPARDAN DOLANYP GELINSE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((يُكَبِّرُ عَلَى كُلِّ شَرَفٍ ثَلاَثَ تَكْبِيرَاتٍ ثُمَّ يَقُولُ: لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ، وَلَهُ الْحَمْدُ، وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ، آيِبُونَ، تَائِبُونَ، عَابِدُونَ، لِرَبِّنا حَامِدُونَ، صَدَقَ اللَّهُ وَعْدَهُ، وَنَصَرَ عَبْدَهُ، وَهَزَمَ الْأَحْزابَ وَحْدَهُ)).

    217. – Her beýige çykanynda tekbir çekip şeýler diýsin: “Ýeke-täk ybadata hakly ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdur, hamydlar oňa bolsun we ähli mülkler hem Onuňkydyr we Ol her-bir zada kadyrdyr, elbetde biz haýyr bilen dolalanlar we toba, ybadat edenler we Robbymyza hamdu-sena edenler, elbetde Beýik bolan Alla wadasynda tapylýandyr, Öz gulyna ýeňiş berýändir we onuň yeke Özi ähli küfr taýpalaryny ýeňýändir.

    (Buhary)

    106. HOŞ HABAR ÝA-DA ÝAMAN HABAR GELENINDE

    NÄME AÝYTMALY.

    ((كَانَ النَّبِيُّ - صلى الله عليه وسلم - إِذَا أَتَاهُ الْأَمْرُ يَسُرُّهُ قَالَ: ((الْحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي بِنِعْمَتِهِ تَتِمُّ الصَّالِحَاتُ)) وَإِذَا أَتَاهُ الْأَمْرُ يَكْرَهُهُ قَالَ: ((الْحَمْدُ لِلَّهِ عَلَى كُلِّ حَالٍ)).

    218. – (Hoş habar gelende): “Allaha hamdu-senalar bolsun, elbetde şular ýaly ýagşy zatlar bilen Allanyň nygmatlary bize dolýar.”.

    - (Ýaman habar gelende): “Elbetde, şatlykdada we hasratlykdada  Allaha hamdu-senalar bolsun!”[46]

    (Hakim)

    107. PYGAMBERE SALAWAT AÝTMAKLYGYŇ

    SOGAPLARY BARADA.

    قَالَ النَّبِيُّ - صلى الله عليه وسلم -: ((مَنْ صَلَّى عَلَيَّ صَلاَةً صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ بِهَا عَشْراً)).

    219. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Kim maňa salawat aýtsa, Alla tagala oňa (salawat aýdana) şol bir salawady üçin on gezek rehmet eder.”

    (Muslim)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((لاَ تَجْعَلُوا قَبْرِي عِيداً وَصَلُّوا عَلَيَّ؛ فَإِنَّ صَلاَتَكُم تَبْلُغُنِي حَيْثُ كُنْتُمْ)).

    220. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Maňa salawat aýtmak üçin, meniň gabrymy ybadathana öwürmäň (gabryma gelmäň), çünki siziň aýdýan salawatlaryňyz siz nirede bolsaňyz hem maňa ýetýändir!”

    (Ebu Dawud)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((الْبَخِيلُ مَنْ ذُكِرْتُ عِنْدَهُ فَلَمْ يُصَلِّ عَلَيَّ)).

    221. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Elbetde, husyt (bahyl) ol haçanda men onuň ýanynda ýatlansam ol (husyt) maňa salawat aýtmaýan adamdyr.”

    (Tirmizi)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -:((إِنَّ لِلَّهِ مَلاَئِكَةً سَيَّاحِينَ فِي الْأَرْضِ يُبَلِّغُونِي مِنْ أُمَّتِي السَّلاَمَ)).

    222. – Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Elbetde, Beýik bolan Allahyň mälim bolan jahankeşde perişdeleri bardyr, olaryň wezipesi: “Meniň ummatymdan kim maňa salam aýtsa, ony (salamy) maňa ýetirmeklikdir”.

    (Nesäi)

    ((وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((مَا مِنْ أَحَدٍ يُسَلِّمُ عَلَيَّ إِلاَّ رَدَّ اللَّهُ عَلَيَّ رُوحِيَ حَتَّى أَرُدَّ عَلَيْهِ السَّلاَمَ)).

    223. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Elbetde, Beýik bolan Alla maňa ruhymy gaýtaryp berendir, egerde kimde-kim maňa salam aýtsa, men oňa jogabyny bererin”.

    (Ebu Dawud)

    108. SALAM BARADA.

    قَالَ رَسُولُ اللَّهِ - صلى الله عليه وسلم -: ((لاَ تَدْخُلُوا الْجَنَّةَ حَتَّى تُؤْمِنُوا، وَلاَ تُؤْمِنُوا حَتَّى تَحَابُّوا، أَوَلاَ أَدُلُّكُم عَلَى شَيْءٍ إِذَا فَعَلْتُمُوهُ تَحَابَبْتُم، أَفْشُوا السَّلاَمَ بَيْنَكُمْ)).

    224. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Elbetde, iman getirýänçäňiz jennede girmersiňiz, we bir-biriňizi gowy görýänçäňiz imanly bolup bilmersiňiz, sizi (sahabalary) bir amala göndermäýinmi? Eger şony edäýseňiz bir-biriňizi gowy görersiňiz: “Araňyzda salamy ýaýradyň”.”

    (Muslim)

    ((ثَلاَثٌ مَنْ جَمَعَهُنَّ فَقَدْ جَمَعَ الْإِيمَانَ: الْإِنْصَافُ مِنْ نَفْسِكَ، وَبَذْلُ السَّلاَمِ لِلْعَالَمِ، وَالْإِنْفَاقُ مِنَ الإِقْتَارِ)).

    225. – Ammar ibn Ýäsir -Alla ondan razy bolsun- aýtdy: “Kimde-kim üç sany häsiýeti özünde jemlese, ol özünde imanyň gözel amallaryny jemländir: öz-özüňe ynsaply bolmaklyk, hemme muslulmanlara salam bermeklik we garyplyga uçranyňda Alla üçin sadaka bermeklik.”

    (Buhary)

    وَعَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: أنَّ رَجُلاً سَأَلَ النَّبِيَّ - صلى الله عليه وسلم - أيُّ الْإِسْلاَمِ خَيْرٌ قَالَ: ((تُطْعِمُ الطَّعَامَ، وَتَقْرأُ السَّلاَمَ عَلَى مَنْ عَرَفْتَ وَمَنْ لَمْ تَعْرِفْ)).

    226. – Abdulla ibn Amr -Alla ondan razy bolsun- aýtdy: “Bir adam resulalladan -sallallahu aleýhi we sellemden- Yslamyň haýsy amallary has haýyrly diýip sorady, Şonda ol: “Tagam bermeklik we ähli tanaýan we nätanyş musulmanlara salam bermeklik” diýdi.”

    (Buhary)

    109. KAPYR ADAM SALAM BERSE, NÄDIP

    JOGAP BERMELI.

    ((إذَا سَلَّمَ عَلَيْكُمْ أَهْلُ الْكِتَابِ فَقُولُوا: وَعَلَيْكُمْ)).

    227. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eger-de size kitap eýeleri (ýewreýler we hristianlar) salam berseler, sizem olara “we sizede” diýip jogap beriň!”

    (Buhary)

    110. HORAZ GYGYRANYNDA WE EŞEK AŇŇYRANYNDA AÝDYLÝAN DOGA.

    ((إِذَا سَمِعْتُمْ صِيَاحَ الدِّيَكَةِ فَاسْأَلُوا اللَّهَ مِنْ فَضْلِهِ؛ فَإِنَّهَا رَأَتْ مَلَكاً وَإِذَا سَمِعْتُمْ نَهِيقَ الْحِمَارِ فَتَعَوَّذُوا بِاللَّهِ مِنَ الشَّيطَانِ؛ فَإِنَّهُ رَأَى شَيْطَاناً)).

    228. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eger siz horazlaryň sesini eşitseňiz, onda Allahyň fazly-kereminden we nygmatyndan soraň, çünki ol (horaz) perişde görendir. We eger-de siz eşegiň aňňyranyny eşitseňiz, onda Alladan şeýtanyň şerinden pena soraň, çünki ol (eşek) şeýtany görendir.”

    (Buhary)

    111. GIJE  ITLERIŇ ÜÝRENINI ÝA-DA EŞEGIŇ AŇŇYRANYNY EŞIDILENINDE AÝDYLÝAN DOGA.

    ((إِذَا سَمِعْتُمْ نُبَاحَ الْكِلاَبِ وَنَهِيقَ الْحَمِيرِ بِاللَّيْلِ فَتَعَوَّذُوا بِاللَّهِ مِنْهُنَّ؛ فَإِنَّهُنَّ يَرَيْنَ مَا لاَ تَرَوْنَ)).

    229. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eger siz gije itleriň üýrenini ýa-da eşegiň aňňyranyny eşitseňiz, onda olaryň gören zatlaryndan Alladan pena soraň! Çünki olar siziň görmeýän zadyňyzy görýändirler (şeýtanlary, jynlary)!”

    (Ebu Dawud)

    112. SÖGEN ADAMYŇA AÝDYLÝAN DOGA.

    قَالَ النَّبِيُّ - صلى الله عليه وسلم -: ((اللَّهُمَّ فَأَيُّمَا مُؤْمِنٍ سَبَبْتُهُ فَاجْعَلْ ذَلِكَ لَهُ قُرْبَةً إِلَيْكَ يَوْمَ الْقِيَامَةِ)).

    230. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eý Allahym! Men haýsy bir mü’mine sögen bolsam, elbetde şonyň üçin öz huzuryňda onuň (sögüleniň) derejesini galdyr!”

    (Buhary)

    113. MUSULMAN BIR MUSULMANY ÖWENINDE

    NÄME DIÝIP ÖWMELI?!

    قَالَ النَّبِيُّ - صلى الله عليه وسلم -: ((إِذَا كَانَ أَحَدُكُم مَادِحاً صَاحِبَهُ لاَ مَحَالَةَ فَلْيَقُلْ: أَحْسِبُ فُلاَناً وَاللَّهُ حَسِيبُهُ، وَلاَ أُزَكِّي عَلَى اللَّهِ أَحَداً، أَحْسِبُهُ – إِنْ كَانَ يَعْلَمُ ذَاكَ – كَذَا وَكَذَا)).

    231. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “ Eger biriňiz bir musulmany hökman öwjek bolsa, onda ol goý şeýle diýsin:(Pylany) meniň bilşimçe, ýöne Alla tagala ony has gowy bilýändir we Allaha onuň (öwülýän) hakykatyna güwä geçemok, ýöne (eger-de halyny bilýän bolsa) ol (öwülýän) şeýle-şeýle .... diýip öwsün.”.”

    (Muslim)

    114. BIR MUSLIM ÖWÜLENINDE OL (ÖWÜLÝÄN)

    NÄME DIÝMELI?!

    ((اللَّهُمَّ لاَ تُؤَاخِذْنِي بِمَا يَقُولُونَ، وَاغْفِرْ لِي مَا لاَ يَعْلَمُونَ، [وَاجْعَلْنِي خَيْراً مِمَّا يَظُّنُّونَ])).

    232. – Eý Allahym! Elbetde, şularyň meni öwgüleri üçin meni hasaba çekme, maňa magfyret et! Çünki bular meniň günälerimi bilmeýärler we meni bularyň çak edişlerindenem has haýyrly et!

    (Buhary)

    HAJ WE UMRA BARADA BAPLAR.

    115. IHRAM EŞIGI GEÝILENDE AÝDYLÝAN

    LEPBEÝ (DOGASY).

    ((لَبَّيْكَ اللَّهُمَّ لَبَّيْكَ، لَبَّيْكَ لاَ شَرِيكَ لَكَ لَبَّيْكَ، إِنَّ الْحَمْدَ، وَالنِّعْمَةَ، لَكَ وَالْمُلْكَ، لاَ شَرِيكَ لَكَ)).

    233. – Lepbeý eý Allahym buýr! Men Seniň buýrugyňa taýyn! Şeksiz, Seniň şärigiň ýokdyr, Saňa lepbeý! Hamdu-senalar nygmatlar hem-de ähli mülk Saňadyr, Seniň şärigiň ýokdyr.

    (Buhary)

    116. KÄBÄNIŇ DAŞYNDAN TAWAF (AÝLAW) EDIP DURKAŇ GARA-DAŞLY ÇÜŇKE ÝETENIŇDE TEKBIR ÇEKMEK BARADA.

    ((طَافَ النَّبيُّ - صلى الله عليه وسلم - بِالْبَيْتِ عَلَى بَعِيرٍ كُلَّمَا أَتَى الرُّكْنَ أَشَارَ إِلَيْهِ بِشَيْءٍ عِنْدَهُ وَكَبَّرَ)).

    234. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- Käbäniň daşyndan düýeli tawaf edip durka, ol her gezek gara-daşly çüňke ýeteninde, hasasy bilen şol çüňke (gara daşa) yşarat edip tekbir (Allahu Ekber) çekerdi.

    (Buhary)

    117. ÝEMÄNI WE GARA DAŞ, ŞU IKI ÇÜŇKIŇ

    ARASYNDA AÝDYLÝAN DOGA.

    (({رَبَّنَا آتِنَا فِي الدُّنْيَا حَسَنَةً وَفِي الْآخِرَةِ حَسَنَةً وَقِنَا عَذَابَ النَّارِ})).

    235. – “Eý Perwerdigärimiz, bize bu dünýäde gowulyk (halar rysgal) ber, ahyretde hem gowulyk (ýalkaw) ber we bizi ot (dowzah) azabyndan gora!”[47]

    (el-Bakara 201)

    118. SAFA WE MERWE (DEPELERDE) DURULANYNDA AÝDYLÝAN DOGA.

    ((لَمَّا دَنَا النَّبِيُّ - صلى الله عليه وسلم - مِنَ الصَّفَا قَرَأَ: {إِنَّ الصَّفَا وَالْمَرْوَةَ مِنْ شَعَآئِرِ اللَّهِ}أَبْدَأُ بِمَا بَدَأَ اللَّهُ بِهِ)) فَبَدَأَ بِالصَّفَا فَرَقِيَ عَلَيْهِ حَتَّى رَأَى الْبَيْتَ، فَاسْتَقْبَلَ الْقِبْلَةَ، فَوَحَّدَ اللَّهَ وَكبَّرَهُ وَقَالَ: ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ وَلَهُ الْحَمْدُ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ، لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ، أَنْجَزَ وَعْدَهُ، وَنَصَرَ عَبْدَهُ، وَهَزَمَ الْأَحْزَابَ وَحْدَهُ، ثُمَّ دَعَا بَيْنَ ذلكَ. قَالَ مِثْلَ هَذَا ثَلاَثَ مَرَّاتٍ)) الْحَدِيثُ. وَفِيهِ: ((فَفَعَلَ عَلَى الْمَرْوَةِ كَمَا فَعَلَ عَلَى الصَّفَا)).

    236. – Haçanda Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- depä (Safa) golaýlaşanda şu aýaty okady: “Takyk, Safa bilen Merwe (depeleri) Allanyň ybadat üçin goýan alamatlarydyr.” Elbetde Allanyň ýatlap başlan depesi (Safa), men hem şondan (Safadan) başlaýaryn, depäniň üstüne çykdy tä käbe gorünýänçä, kybla bakdyda,  1) ”Allany birledi” we 2) “tekbir çekdi” we aýtdy 3) “Ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şärigi hem ýokdyr, hamdu-senalar Oňa bolsun we ähli mülk hem Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr. Elbetde, ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol wadasyny ýerine ýetirdi, gulyna ýeňiş berdi we onuň ýeke Özi ähli küfür taýpalary ýeňdi.” Soňra bolsa şu üç dogany, üç gezek gaýtalady.

    - We ikinji depede-de (Merwe), birinji depede näme eden bolsa şolar ýaly etdi.

    (Muslim)

    119. ARAFAT GÜNI AÝDYLÝAN DOGA.

    قَالَ النَّبِيُّ - صلى الله عليه وسلم -: ((خَيْرُ الدُّعَاءِ دُعَاءُ يَوْمِ عَرَفَةَ، وَخَيْرُ مَا قُلْتُ أَنَا وَالنَّبيُّونَ مِنْ قَبْلِي: لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ وَلَهُ الْحَمْدُ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ)).

    237. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Dogalaryň has haýyrlysy arafat güni aýdylýan dogadyr, we elbetde, meniň we menden öňki geçen pygamberleriň has gowy sözlän sözleri ol (sözdür): “Ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, onuň hiç-bir şarigi hem ýokdyr, hamdu-senalar Oňa bolsun we ähli mülk hem Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr.”.

    (Tirmizi)

    120. MAŞ’AR EL-HARAM[48] ŞOL ÝERDE AÝDYLÝAN ZIKIR.

    ((رَكِبَ النَّبِيُّ - صلى الله عليه وسلم - الْقَصْوَاءَ حَتَّى أَتَى الْمَشْعَرَ الْحَرَامَ فَاسْتَقْبَلَ الْقِبْلَةَ (فَدَعَاهُ، وَكَبَّرَهُ، وَهَللَّهُ، وَوَحَّدَهُ) فَلَمْ يَزَلْ وَاقِفاً حَتَّى أَسْفَرَ جِدَّاً فَدَفَعَ قَبْلَ أَنْ تَطْلُعَ الشَّمسُ)).

    238. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- Kaswa (düýesine) münüp Maş’ar el-Harama geldi, kybla bakdy we (Allaha doga etdi, tekbir çekdi, kelime şahadaty getirdi we Allany birledi.) ol şu halda tä daň atýança uzak durdy, soňra bolsa gün dogmanka gitdi.

    (Muslim)

    121. HER DAŞY SÜTÜNLERE ZYŇYLANYNDA TEKBIR

    ÇEKMEK BARADA.

    ((يُكَبِّرُ كُلَّمَا رَمَى بِحَصَاةٍ عِنْدَ الْجِمَارِ الثَّلاَثِ، ثُمَّ يَتَقَدَّمُ، ويَقِفُ يَدْعُو مُسْتَقْبِلَ الْقِبلَةِ، رَافِعاً يَدَيْهِ بَعْدَ الْجَمْرَةِ الْأُولَى وَالثَّانِيَةِ. أَمَّا جَمْرَةُ الْعَقَبَةِ فَيَرْمِيهَا وَيُكَبِّرُ عِنْدَ كُلِّ حَصَاةٍ وَيَنْصَرِفُ وَلاَ يَقِفُ عِنْدَهَا)).

    239. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle ederdi: “Her-bir daşy zyňanda tekbir çekýärdi, soň hem öňe gidip durýar, kybla bakýar, iki elini galdyryp doga edýär, (birinji, ikinji sütünde). Emma (üçünji sütünde) doga etmän dowam edýär.”

    (Buhary)

    122. BIR ZADA AJAPLANANDA WE GOWY HALAT

    BOLANYNDA, NÄME AÝTMALY?!

    ((سُبْحَانَ اللَّهِ!)).

    240. – SubhanAlla (Alla ähli kemçiliklerden päkdir).

    (Buhary)

    ((اللَّهُ أَكْبَرُ!)).

    241. – Allahu Ekber (Beýikleriň beýigi Alladyr).

    (Buhary)

    123. HOŞ HABARDA NÄME ETMELI?!

    ((كَانَ النَّبيُّ - صلى الله عليه وسلم - إِذَا أَتَاهُ أَمْرٌ يَسُرُّهُ أَوْ يُسَرُّ بِهِ خَرَّ سَاجِداً شُكْراً لِلَّهِ تَبَارَكَ وَتَعَالَى)).

    242. - Egerde Resulallahy –sallallahu aleýhi we sellem- şatlandyrýan bir zat gelse, onda ol mübärek we beýik bolan Allaha şükür sejdesini ederdi.

    (Ebu Dawud)

    124. BEDENINDE AGYRY DUÝSA, NÄME

    ETMELI WE AÝTMALY?!

    ((ضَعْ يَدَكَ عَلَى الَّذِي تَألَّمَ مِنْ جَسَدِكَ وَقُلْ: بِسْمِ اللَّهِ، ثَلاَثاً، وَقُلْ سَبْعَ مَرَّاتٍ: أَعُوذُ بِاللَّهِ وَقُدْرَتِهِ مِنْ شَرِّ مَا أَجِدُ وَأُحَاذِرُ)).

    243. – Elini agyrýan ýerine goýsun (üç gezek) “Bismilläh” diýsin we (ýedi gezek) “Agyrymdan we gorkýan zadymyň şerinden, şeksiz, men Allaha we Onuň gudratyna sygynýaryn”.

    (Muslim)

    125. BIR ZADY HALAP, OŇA GÖZ DEGMEZLIK ÜÇIN

    AÝDYLÝAN ZIKIRLER.

    ((إِذَا رَأَى أَحَدُكُم مِنْ أَخِيهِ، أَوْ مِنْ نَفْسِهِ، أَوْ مِنْ مَالِهِ مَا يُعْجِبُهُ [فَلْيَدْعُ لَهُ بِالْبَرَكَةِ] فَإِنَّ الْعَيْنَ حَقٌّ)).

    244. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Elbetde, göz (degmek) hakdyr, eger sizden biriňiz öz doganynda ýa-da özünde ýa-da öz öýünde (malynda) halaýan zadyny görse, “Alla seni bereketli etsin!” şeýle diýsin, (umytki göz degmez ýaly).

    (Ahmed, Musned)

    126. GATY GORKYLANDA AÝDYLÝAN ZIKIR.

    ((لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ!)).

    245. – Ýeke-täk ybadata hakly Iläh, Ol Alladyr.

    (Buhary)

    127. MALYŇ DAMAGYNY ÇALANYŇDA (GURBAN

    EDENIŇDE) NÄME DIÝMELI?!

    ((بِسْمِ اللَّهِ وَاللَّهُ أَكْبَرُ [اللَّهُمَّ مِنْكَ وَلَكَ] اللَّهُمَّ تَقَبَّلْ مِنِّي)).

    246. – Allanyň ady bilen başlaýaryn, Alla beýikleriň beýigidir. [Eý Allahym! Şu senden geldi we seniň ýoluňa gurban edýärin.[49] Eý Allahym! Gurbanymy kabul et!

    (Muslim)

    128. ZALYM IBLISIŇ HILESINE GARŞY AÝDYLÝAN DOGA.

    ((أَعُوذُ بكَلِمَاتِ اللَّهِ التَّامَّاتِ الَّتِي لاَ يُجَاوِزُهُنَّ بَرٌّ وَلاَ فَاجِرٌ: مِنْ شَرِّ مَا خَلَقَ، وَبَرَأَ وَذَرَأَ، وَمِنْ شَرِّ مَا يَنْزِلُ مِنَ السَّمَاءِ، وَمِنْ شَرِّ مَا يَعْرُجُ فيهَا، وَمِنْ شَرِّ مَا ذَرَأَ فِي الْأَرْضِ، وَمِنْ شَرِّ مَا يَخْرُجُ مِنْهَا، وَمِنْ شَرِّ فِتَنِ اللَّيْلِ وَالنَّهَارِ، وَمِنْ شَرِّ كُلِّ طَارِقٍ إِلاَّ طَارِقاً يَطْرُقُ بِخَيْرٍ يَا رَحْمَنُ)).

    247. – Allanyň ähli ýokdan bar edip ýaradan we ýaýradan mahluklarynyň şerinden, asmandan inýän we oňa göterilýän zatlaryň şerinden, ýeriň üstündäki we astyndaky mahluklaryň  şerinden, gijäniň we gündiziň fitneli şerinden we gijeki gapyny kakýan her-bir apy-tupanlaryň şerinden, şübhesiz, men Allanyň gözel atlaryna we kemsiz kitaplaryna sygynýaryn. Çünki ýagşy niýetli we-de päli azan bulara sygnanlara (gözel atlardan, kemsiz kitaplardan) zyýan-zeper berip bilmezler. Eý Rahman, gijeki gapyny kakýan rysgal-döwletden mahrum etme!

    (Ahmed)

    129. MAGFYRET SORAMAK WE TOBA

    ETMEK BARADA.

    قَالَ رَسُولُ اللَّهِ - صلى الله عليه وسلم -: ((وَاللَّهِ إِنِّي لأَسْتَغفِرُ اللَّهَ وَأَتُوبُ إِلَيْهِ فِي الْيَوْمِ أَكْثَرَ مِنْ سَبْعِينَ مَرَّةٍ)).

    248. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Allaha kasam bolsun, Elbetde men günde ýetmişden köp gezek Alladan magfyret soraýaryn (Estagfirullah).”

    (Buhary)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((يَا أَيُّهَا النَّاسُ تُوبُوا إِلَى اللَّهِ فَإِنِّي أَتُوبُ فِي الْيَوْمِ إِلَيْهِ مِائَةَ مَرَّةٍ)).

    249. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eý adamlar Allaha toba ediň, elbetde men Oňa günde ýüz gezek toba edýärin.”

    (Muslim)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((مَنْ قَالَ أَسْتَغْفِرُ اللَّهَ الْعَظيمَ الَّذِي لاَ إِلَهَ إِلاَّ هُوَ الْحَيُّ القَيّوُمُ وَأَتُوبُ إِلَيهِ، غَفَرَ اللَّهُ لَهُ وَإِنْ كَانَ فَرَّ مِنَ الزَّحْفِ)).

    250. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Kim şeý diýse: “Elbetde men Azym bolan Alladan magfyret soraýaryn, çünki Ol ýeke-täk ybadata hakly Ilähdir, Ol Haý (elmydama diri), Kaýýum (älem jahany dolandyrýan), men Oňa toba edýärin.” Alla ony hatda uruşdan gaçan bolsada bagyşlar.”

    (Ebu Dawud)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((أَقْرَبُ مَا يَكُونُ الرَّبُّ مِنَ الْعَبْدِ فِي جَوْفِ اللَّيْلِ الآخِرِ فَإِنِ اسْتَطَعْتَ أَنْ تَكُونَ مِمَّنْ يَذْكُرُ اللَّهَ فِي تِلْكَ السَّاعَةِ فَكُنْ)).

    251. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Elbetde, Perwerdigäriň Öz gulyna has ýakyn bolýan wagty, gijäniň iň soňky bölümindedir, eger-de sen şol wagtda Allany ýatlaýanlardan bolup bilseň, bol!”

    (Tirmizi)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((أَقْرَبُ مَا يَكُونُ الْعَبْدُ مِنْ رَبِّهِ وَهُوَ سَاجِدٌ فَأَكثِرُوا الدُّعَاءَ)).

    252. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Elbetde, gul Robbyna has ýakyn wagty, ol sejde edip duran hayndadyr, şonuň üçin sejdede köp doga ediň!”

    (Muslim)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((إِنَّهُ لَيُغَانُ عَلَى قَلْبِي وَإِنِّي لأَسْتَغْفِرُ اللَّهَ فِي الْيَوْمِ مِائَةَ مَرَّةٍ)).

    253. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Kä wagt Allanyň zikirinden ünsüm bölünýär we elbetde, men günde ýüz gezek Ondan magfyret soraýaryn.”

    (Muslim)

    130. TESBIH (SUBHANALLA), TAHMID (ELHÄMDULILLÄH), TÄHLIL (LÄ ILÄHÄ ILLÄ ALLA) WE TEKBIR (ALLAHU EKBER) ŞUARYŇ SOGAPLARY BARADA.

    ((قَالَ - صلى الله عليه وسلم - مَنْ قَالَ: سُبْحَانَ اللَّهِ وَبِحَمْدِهِ فِي يَوْمٍ مِائَةَ مَرَّةٍ حُطَّتْ خَطَايَاهُ وَلَوْ كَانَتْ مِثْلَ زَبَدِ الْبَحْر)).

    254. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Kim günde ýüz gezek (Alla päkdir, Oňa hamd we öwgi bolsun) diýse, onuň günäleri döküler, hat-da günäleri deňiziň köpürjükleri ýaly köp bolsada.”.

    (Buhary)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((مَنْ قَالَ لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، لَهُ الْمُلْكُ، وَلَهُ الْحَمْدُ، وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ عَشْرَ مِرَارٍ، كَانَ كَمَنْ أَعْتَقَ أَرْبَعَةَ أَنْفُسٍ مِنْ وَلَدِ إِسْمَاعِيلَ)).

    255. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Kim on gezek “Ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň hiç-bir şarigi hem ýokdyr, hamdu-senalar Oňa bolsun we ähli mülk hem Onuňkydyr, Ol her-bir zada kadyrdyr.” diýse, ol Ysmaýyl -aleýhissalamyň- dört sany ogluny gulçylukdan azat eden ýaly sogap gazanar.”

    (Buhary)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((كَلِمَتَانِ خَفِيفَتَانِ عَلَى اللِّسَانِ، ثَقِيلَتَانِ فِي الْمِيزَانِ، حَبِيبَتَانِ إِلَى الرَّحْمَنِ: سُبْحَانَ اللَّهِ وَبِحَمْدِهِ، سُبْحانَ اللَّهِ الْعَظِيمِ)).

    256. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Elbetde, iki sany söz bardyr, ol ikisi dile ýeňildir, mizandada agyrdyr we Rahmanada söýgülidir, ol (Şübhesiz, Alla päkdir, Oňa hamdu-senalar bolsun) we (Alla ähli kemçiliklerden päkdir, Ol Azymdyr).”

    (Buhary)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((لَأَنْ أَقُولَ سُبْحَانَ اللَّهِ، وَالْحَمْدُ لِلَّهِ، وَلاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ، وَاللَّهُ أَكْبَرُ، أَحَبُّ إِلَيَّ مِمَّا طَلَعَتْ عَلَيْهِ الشَّمسُ)).

    257. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Elbetde, maňa şu dünýäden has söýgüli zat ol (şübhesiz, Alla ähli kemçiliklerden päkdir we Oňa hamdu-senalar bolsun, Ol ýeke-täk ybadata hakly Iläh, Ol Alladyr, Ol beýikleriň beýigidir).”

    (Muslim)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((أَيَعْجِزُ أَحَدُكُم أَنْ يَكْسِبَ كُلَّ يَوْمٍ أَلْفَ حَسَنَةٍ)) فَسَأَلَهُ سَائِلٌ مِنْ جُلَسَائِهِ كَيْفَ يَكْسِبُ أَحَدُنَا أَلْفَ حَسَنَةٍ؟ قَالَ: ((يُسَبِّحُ مِائَةَ تَسْبِيحَةٍ، فَيُكتَبُ لَهُ أَلْفُ حَسَنَةٍ أَوْ يُحَطُّ عَنْهُ أَلْفُ خَطِيئَةٍ)).

    258. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Haýsyňyz her gün müň sogap gazanmakdan ejiz gelýär! Oturanlardan biri sorady: “Ony nädip gazanyp bolar?” ýüz gezek tesbih etse, onda oňa müň sany sogap ýazylar ýa-da müň günäsi döküler.”

    (Muslim)

    ((مَنْ قَالَ: سُبْحَانَ اللَّهِ الْعَظِيمِ وَبِحَمْدِهِ غُرِسَتْ لَهُ نَخْلَةٌ فِي الْجَنَّةِ)).

    259. - “ Kim “Şübhesiz, Azym bolan Alla ähli kemçiliklerden päkdir, Oňa hamdu-senalar bolsun.” diýse, oňa jennetde hurma agajy ekiler.”

    (Tirmizi)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((يَا عَبْدَ اللَّهِ بْنَ قَيْسٍ أَلاَ أَدُلُّكَ عَلَى كَنْزٍ مِنْ كُنُوزِ الْجَنَّةِ) فَقُلْتُ: بَلَى يَا رَسُولَ اللَّهِ، قَالَ: ((قُلْ لاَ حَوْلَ وَلاَ قُوَّةَ إِلاَّ بِاللَّهِ)).

    260. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eý Kaýsyň ogly Abdullah, seni jennediň hazynalarynyň birine göndermäýinmi?” Eýse näme ýa resulalla! Aýt: “Şübhesiz, hiç-hili güýç-kuwwat we edermenlik ýokdyr, megerem Alla bilendir”.

    (Buhary)

    وَقَالَ - صلى الله عليه وسلم -: ((أَحَبُّ الْكَلاَمِ إِلَى اللَّهِ أَرْبَعٌ: سُبْحَانَ اللَّهِ، وَالْحَمْدُ لِلَّهِ، وَلاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ، وَاللَّهُ أَكْبَرُ، لاَ يَضُرُّكَ بِأَيِّهِنَّ بَدَأتَ)).

    261. - Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Elbetde, Allaha sözleriň has söýgülisi dört sany sözlerdir: “Şübhesiz, Alla ähli kemçilikden päkdir”; “Hamdu-senalar Allahadyr”; “Ýeke-täk ybadata hakly Iläh Ol Alladyr”; “Alla beýikleriň beýigidir”. Şu dördüsiniň haýsyndan başlasaňda zyýany ýok.”

    (Muslim)

    جَاءَ أَعْرَابِيٌّ إِلَى رَسُولِ اللَّهِ - صلى الله عليه وسلم - فَقَالَ: عَلِّمْنِي كَلاماً أَقُولُهُ: قَالَ: ((قُلْ: لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ، اللَّهُ أَكْبَرُ كَبِيراً، وَالْحَمْدُ لِلَّهِ كَثِيراً، سُبْحَانَ اللَّهِ رَبِّ العَالَمِينَ، لاَ حَوْلَ وَلاَ قُوَّةَ إِلاَّ بِاللَّهِ الْعَزِيزِ الْحَكِيمِ)) قَالَ: فَهَؤُلاَءِ لِرَبِّي، فَمَا لِي؟ قَالَ: ((قُلْ: اللَّهُمَّ اغْفِرْ لِي، وَارْحَمْنِي، وَاهْدِنِي، وَارْزُقْنِي)).

    262. - Resulallanyň -sallallahu aleýhi we sellem- ýanyna bir oba adamysy gelip, maňa bir zatlar öwret diýdi, pygamberimiz şeýle aýtdy: “Elbetde, ýeke-täk ybadata hakly Iläh, Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir, Onuň şärigi ýokdyr, Ol Alla beýikleriň beýigidir, Ol Allaha köp-köp hamdu-senalar bolsun, älem jahanyň Robby bolan Alla ähli kemçiliklerden päkdir we hiç-hili güýç-kuwwat başarjaňlyk ýokdyr, megerem Alla bilendi, Ol Azym (gudraty güýçli), Hakim (aňyr başy hikmetli). Şonda ol adam aýtdy, bular Allanyň haky, men özüme näme dileg edeýin? Aýt: “Eý Allahym maňa magfyret we rehmet et, meni hidäýet et we maňa halal ryzk ber”.

    (Muslim)

    كَانَ الرَّجُلُ إِذَا أَسْلَمَ عَلَّمَهُ النَّبيُّ - صلى الله عليه وسلم - الصَّلاَةَ ثُمَّ أَمَرَهُ أَنْ يَدْعُوَ بِهَؤُلاَءِ الْكَلِمَاتِ: ((اللَّهُمَّ اغْفِرِ لِي، وَارْحَمْنِي، وَاهْدِنِي، وَعَافِنِي وَارْزُقْنِي)).

    263. - Yslama giren adama resulalla -sallallahu aleýhi we sellem- namaz öwrederdi, soňra bolsa şu sözler bilen doga et diýerdi: “Eý Allahym! Maňa magfyret we rehmet et, meni hidäýet et we meni sag-aman et, maňa halal ryzk ber!”.

    (Muslim)

    ((إِنَّ أَفْضَلَ الدُّعَاءِ الْحَمْدُ لِلَّهِ، وَأَفْضَلَ الذِّكْرِ لاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ)).

    264. - Elbetde, has gowy doga “Hamdu-senalar Allanyň hakydyr” we zikirleriň has gowusy “Ýeke-täk ybadata hakly Iläh, Ol Alladyr”.

    (Tirmizi)

    ((الْبَاقِيَاتُ الصَّالِحَاتُ: سُبْحَانَ اللَّهِ، وَالْحَمْدُ لِلَّهِ، وَلاَ إِلَهَ إِلاَّ اللَّهُ، وَاللَّهُ أَكْبَرُ، وَلاَ حَوْلَ وَلاَ قُوَّةَ إِلاَّ بِاللَّهِ)).

    265. – Elbetde, ebedi galjak ýagşy amallar, olar: Alla ähli kemçilikden päkdir; hamdu-senalar Allahadyr; ýeke-täk ybadata hakly Iläh Ol Alladyr; Alla beýikleriň beýigidir; hiç-hili güýç-kuwwat edermenlik ýokdyr, megerem Alla bilendir.

    (Ahmed)

    131. PYGAMBERIMIZ TESBIH ÜÇIN SAG ELINIŇ BARMAKLARYNY ULANAR EKEN.

    عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عَمْرٍو ^ قَالَ: ((رَأَيْتُ النَّبيَّ - صلى الله عليه وسلم - يَعْقِدُ التَّسْبِيحَ)) وفي زيادةٍ: ((بِيَمِينِهِ)).

    266. – Amryň ogly Abdulla aýtdy: “Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- sag eliniň barmaklaryny tesbih edip sanaýanyny gördüm.”

    (Ebu Dawud)

    132. EDEP-AHLAKLARY ÖZ IÇINDE JEMLEÝÄN

    BIR-NÄÇE HAÝYRLAR.

    ((إِذَا كَانَ جُنْحُ اللَّيْلِ – أَوْ أَمْسَيْتُم – فَـكُفُّوا صِبْيانَـكُم، فَإِنَّ الشَّيَاطِينَ تَنْتَشِرُ حِينَئِذٍ، فَإِذَا ذَهَبَ سَاعَةٌ مِنَ اللَّيلِ فَخَلُّوهُمْ، وَأَغْلِقُوا الأَبْوَابَ وَاذْكُرُوا اسْمَ اللَّهِ؛ فَإِنَّ الشَّيطَانَ لاَ يَفْتَحُ بَاباً مُغلَقاً، وَأَوْكُوا قِرَبَكُمْ، وَاذْكُرُوا اسْمَ اللَّهِ، وَخَمِّرُوا آنِيَتَكُم، وَاذْكُرُوا اسْمَ اللَّهِ، وَلَوْ أَنْ تَعْرُضُوا عَلَيْهَا شَيْئاً، وَأَطْفِئُوا مَصَابِيحَكُمْ)).

    267. – Agşam düşen wagtynda (gün ýaşanda) çagalaryňyzy öýe ýygnaň, çünki şeýtanlar-jynlar şol wagt ýaýraýandyrlar, eger-de bir az-owlak wagt geçse, ondan soň çagalaryňyzy goýberäýiň, Allanyň ady bilen gapylaryňyzy ýapyň, çünki şeýtan ýapyk gapyny açmaz, Allanyň ady bilen meşikleriňizi (suw gaplaryňyzy) baglaň, Allanyň ady bilen gaplaryňyzy ýapyň, hiç bolmanda bir zat goýsaňyzam, we çyralaryňyzy söndüriň.

    (Ebu Dawud)


    [1] ‘Hutbetu’l-Haje’ ady bilen meşhur bolan bu dogany, juma hutbalarynda we beýleki gürrüňlerinde okaýan Allanyň resuly (a.w.s.), sahabylaryna hut özi öwredipdir. Bu habary bize ýetiren hadysy bolsa Ymam Tirmizi sahyh bir senet bilen rowaýat edendir.

    [2] Buhary.

    [3] Sahabalar -Alla olardan razy bolsun- biri-birlerine şeýle diýip gutlag dogasyny edendirler.

    [4] Buhary.

    [5] Tirmizi.

    [6] Buhary.

    [7] Ibn Mäje.

    [8] Ibn Huzeýmä.

    [9] Resulalla -sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eger-de azançyny eşitseňiz onuň azanyny gaýtalaň, soňra maňä salawat aýdyň, çünki kim maňa bir salawat aýtsa, Allah tagala oňa (salawat aýdana) şol bir salawady üçin on gezek rehmet eder, soňra bolsa maňa jennetdäki (wesile) diýlen menzili Alladan sorasa şoňa meniň şefagatym wäjip bolar, çünki ol (menzil) bir adama miýesser bolýar we umytki men şol adam bolsadym”.

    [10] Beýhaky.

    [11] Tirmizi.

    [12] Tefsir: Aýt: “Ol Allah birdir (Onuň hiç-hili şärigi ýokdur, ýeke-täk ýalňyzdyr). Allah Samad (ähli hajatlar Ondan soralýar, emma Ol hiç-bir zada mätäçlik çekýän däldir). Ol dogranam we doglanam däldir (Onuň ata-enesi, ogly-gyzy hemde ýoldaşy ýokdyr, Ol ezeli we ebedidir). We Onuň deňi-taýy ýokdur.”.

    [13] “Kim aýat el-Kürsini her namazyň soňunda okasa oňa jennete girmäne diňe ölümi böwet bolar.” (Ibn Sunni)

    [14] Äli Imran 159.

    [15] Kim ir bilen aýat el-Kürsini okasa tä agşama duşýança ol jyndan goralar we agşam okasa tä ertire çenli jyndan goralar.  (Hakim).

    [16] Tefsir: Aýt: “Ol Allah birdir (Onuň hiç-hili şärigi ýokdur, ýeke-täk ýalňyzdyr). Allah Samad (ähli hajatlar Ondan soralýar, emma Ol hiç-bir zada mätäçlik çekýän däldir). Ol dogranam we doglanam däldir (Onuň ata-enesi, ogly-gyzy hemde ýoldaşy ýokdyr, Ol ezeli we ebedidir). We Onuň deňi-taýy ýokdur.”.

    [17] Kim şulary irden we agşam okasa oňa hemme zatdan ýeterlik bolar.

    [18] Kim şuny agşam çyn ýürekden ynanyp aýtsa, şol gijede ölse jennede girer we ertir bilen aýtsa şol gün ölse jennete girer.

    [19] Kim şuny agşam ara aýtsa ol Allaha şol gijeki şükürini berjaý edendir we ertir bilen aýtsa Allaha şol günki şükürini berjaý edendir.

    [20] Kim ertir bilen we agşam ara şuny ýedi gezek gaýtalasa oňa Allaň Özi ýeterlikli bolar, dünýäde we kyýamat gününde.

    [21] Kim şuny üç gezek irden we agşam aýtsa ony Alla kyýamat güni razy eder.

    [22] Kim ertir bilen we agşamlyk şuny ýüz gezek gaýtalasa, ondan känaýdan ýa-da şonça aýdan bolaýmasa kyýamat güni ondan has ýagşy iş bilen hiç kim gelmez.

    [23] Kim şuny ertir bilen we agşam ara gaýtalasa ol göýä Ismail pygamberiň bir ogluny gulçylykdan azat eden ýalydyr, hem-de oňa on sogap ýazylyp, on günäsi geçiler we on esse derejesi galdyrylar we şol gün şeýtandan goralar.

    [24] Kim şuny ertir bilen ýüz gezek gaýtalasa ol göýä on guly azat eden ýalydyr, oňa ýüz sogap ýazylyp we ýüz günäsi pozular, şol günüň dowamynda şeýtandan goralar, we ondan kän aýdyp ýada şonça aýdan bolaýmasa şol güni ondan has ýagşy iş bilen hiçkim gelmez.

    [25] Kim şuny agşam ara üç gezek gaýtalasa oňa şol gije awy zäher zyýan bermez.

    [26] Resulalla -sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Kim ertir bilen we agşam ara 10 gezek maňa salawat aýtsa oňa kyýamat güni meniň şefagatymdan paý bardyr.

    [27] Tefsir: Aýt: “Ol Alla birdir (Onuň hiç-hili şärigi ýokdur, ýeke-täk ýalňyzdyr). Alla Samad (ähli hajatlar Ondan soralýar, emma Ol hiç-bir zada mätäçlik çekýän däldir). Ol dogranam we doglanam däldir (Onuň ata-enesi, ogly-gyzy hemde ýoldaşy ýokdyr, Ol ezeli we ebedidir). We Onuň deňi-taýy ýokdur.”.

    [28] Kim aýat el-Kürsini okasa, Alla tagala şonuň üstüne goragçy indirer we daň atýança, oňa şeýtan golaýlaşmaz. (Buhary).

    [29] Kim gije Bakara süresiniň iň soňky iki aýatyny okasa, hemme zatdan oňa ýeterlik bolar. (Buhary).

    [31] Pygamberimiz eger ýatmak islese, sag elini ýaňagynyň aşagynda goýup şu dogany okar eken.

    [32] Kim şu zikiri düşegine gireninde okasa onda ol hyzmatkäre mätäçlik çekmez.

    [33] (Hadid 3).

    [34] Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Öýleriňizi gabyrçylyga öwürmäň, elbetde, şeýtan (Bakara süresi) okalýan öýden gaçýandyr.” (Muslim).

    We şol sanda ýene-de şeýtany kowýan zatlar: zikirler (irden-agşam, ýatmak-turmak, öýe giriş-çykyş, metjide giriş-çykyş we şuara meňzeş sünnete laýyk zikirler); we ýatjak bolan halatyňda aýat el-Kürsi we Bakara süresiniň iň soňky iki aýatyny okamak; we kim şu dogany ýüz gezek okasa şol gün şeýtandan goragda bolar: “Ýeke-täk ybadata hakly Ol Alladyr, Ol ýeke-täkdir Onuň hiç-bir şärigi ýokdur, Ol ähli mülküň we öwgi-senalaryň eýesidir, Ol her-bir zada kadyrdyr.”; we azan aýtmaklyk hem şeýtany kowýandyr.

    [35] Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- şuny aýdyp (Hasan we Huseýn) agtyklaryny gorapdyr.

    [36] Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Bir musulman gul, bir ölüm ýassygyna ýetmedik hassa, zyýarata baryp şu dogany (ýedi gezek) okasa, onda ol hassa Allanyň fazyl-keremi bilen keselinden açylar.”

    [37] Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Kim şu dogany aýdyp ölse, onda ony jähendemiň ody ýakmazam, köýdürmezem.”

    [38] Şu kelime-şahadatyndan maksat “Lä Ilähä illä Allah we Muhammed rasulalla” (Elbetde Alladan başga ybadata hakly Iläh ýokdur we Muhammet onuň resulydyr) diýmek.

    [39] Hasan el-Basri –Allah ondan razy bolsun- şu dogany çaganyň jynazasynda okardy.

    [40] Aýşe enemiz rowaýat etdi.

    [41] Abdulla ibn Zubeýr haçanda gök-gümürdisini eşideninde şu dogany (aýaty) aýdýardy.

    [42] Resulalla –sallalahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eger biriňiz nahar iýjek bolsa, goý ol naharyň başynda Allanyň adyny ýatlasyn we eger ýadyndan çykaran bolsa goý ol şeýle diysin: “Naharyň başynda, soňunda bismilläh”.”.

    [43] Jähillik (yslamdan öň) zamanynda bir adam sapara çykjak bolsa, guş uçurýar, eger guş sag tarapa uçsa onda ýola düşer ekeni we eger-de çep tarapa uçsa ýola düşmez ekeni (saparyndan galar), olar şeýdip yrym edenler. We haçanda yslam geleninde şu yrymdan gaýtardy, çünki olaryň şeýtmekleri şirk bolýar.

    [44] Resulalla –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Kimde-kim bazara gireninde şu dogany aýtsa:.....”  Alla tagala oňa milýon (1000000) sogap ýazar we milýon (1000000) günäsini geçer we milýon (100000) dereje beýgelder”.

    [45] Jäbir -Allah ondan razy bolsun- aýtdy: “Haçanda biz ýolda barýarkak belentlige galsak “Allahu Ekber” we peslige inenimizde hem “Subhanallah” diýýärdik”.

    [46] Resulallaha –sallallahu aleýhi we selleme- bir hoş habar gelse, şeýle diýerdi “....” , we ýaman habar gelsede şeýle diýerdi “......”.

    [47] Ebu Dawud.

    [48] Ýeriň ady

    [49] Beýhaky.