عرض المواد باللغة الأصلية

أعلام وشخصيات

عدد العناصر: 111

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 21

    Ady: Muhammed Muhammed as-Seýýid Husneýn Jibril. Meşhury: Şeýh Muhammed Jibril. Doglan ýeri: Tohuriýä- Şebin Kanatyr merkezi- Kalýubiýýä welaýaty- Müsür. Okan ýeri: Azhar uniwersitetiniň şerigat we kanun fakultetini gutaran we 1988-nji ýyldan bäri Kair-däki Amr ibn as-As mesjidinde Tarawa namazynda ymam bolýar

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 27

    Şeýh Ebu Bekr Aş-Şatyry 1970-nji ýylda dünýä inýär, we Jidde şäherinde önüp ösýär. Çünki ol Jiddä-niň Nasim raýonyndaky Al-Furkan mesjidiniň ymamydyr. Durmuş ýagdaýy: Öýlenen, we onuň dört sany ogly bar we onuň kunýasy "Abu Abdur-Rahman". Ylym derejesi: Ol 1416-njy hijri ýylda Şeýh Äýmen Roşdi Suweýd-iň elinde Kuranyň hafs okulyşyny ýat tutýar we ondan ijäze(okatmaklyga rugsat) alýar. Şeýle-de Ol 1420-nji ýylda Hasapçylyk ugry boýunça Magistratura şahadatnamasyny alýar.

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 28

    Färis Abbad: Asly Ýemenli sesi owadan belli karydyr. Käbir belli ylym kitapçalaryny we Kurany ýazga geçirendir we ol Saud Arabystanyň Gündogar welaýatynyň Doha etrabyndaky Ali ibn Ebu Talib mesjidiniň ymamydyr.

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 28

    Ady: Abdullah Ali Abdullah Al-Haýl Basfar. Doglan ýeri we wagty: Saud Arabystanyň Jidde şäherinde 9/11/1381-nji hijri ýylda dogulýar. 1406-njy ýylda Jidde-däki Melik Abdul-Aziz uniwersitetiniň yslam ylymlary fakultetini gutarýar. Soňra 1412-nji ýylda Ummu Al-Kura uniwersitetiniň Şerigat fakultetiniň Usul we fykh bölüminden magistratura derejesini alýar. Soňra şol ýerden 1419-njy ýylda fykh ylymyndan ýene-de doktorçylyk derejesini alýar. Şeýle-de 1407-nji ýylda Şeýh Kary Äýmen Ruşdi Suweýd-iň elinden Kuranyň hafs görnüşi boýunça ijäze alýar.

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 28

    Ady: Ahmed ibn Ali ibn Muhammed Äli Suleýman Al-Ajmi, 24/2/1968-nji ýylda dünýä inýär, Ylym derejesi: Dünýä derejesinde tefsir ylymynda professor derejesini ýokary bahaly alandyr. We kitabynyň ady: "Minnetul-Aliýýil-Kebir fi şerhi turuk at-tefsir". We magistraturany ol Pakistanyň Lahur uniwersitetinde alandyr. We orta bilimi bolsa, Imam Muhammed ibn Saud uniwersitetiniň Şerigat bölüminde alandyr.

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 39

    Şeýh Mahmud Halil Al-Husari, Müsüriň ähli şeýhleriniň şeýhidir we dünýä karylar jemgyýetiniň müdiridir. Ol 1335-nji hijri ýylda (17/9/1917) Müsüriň Garbiýýa welaýatynyň Tanta obasynda dogulandyr. We 16/1/1401-nji hijri ýylda (24/11/1980) ýassy namazyndan soň aradan çykandyr. Kuran ses ýazgylary: Kuranyň hafs okulyşynyň ses ýazgysy 1961-nji ýyl, Kuranyň warş okulyşynyň ses ýazgysy 1964-nji ýyl, Kuranyň kalun we Dawri okulyşynyň ses ýazgysy 1968-nji ýyl, Kuran mugallym ses ýazgysy 1969-njy ýyl, Ýazan kitaplary: "Kuranyň häkim aýatlary", "Uly açyş we tekbir getirmek" we başgalar.

  • تركماني

    قارئ, مؤلف, عدد العناصر : 29

  • تركماني

    مؤلف, مُراجع, عدد العناصر : 31

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 35

    Mekkedäki mesjid al-Haramyň ymamy.

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 47

    Şeýh Mahmud Ali al-Benna Kuran karysy, 1926-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Müsüriň demirgazygyndaky Manufiýýa welaýatynda dünýä inýär, we Şeýh Musa al-Muntaşyň elinde on bir ýaşynyň içinde Kurany ýat tutýar, soňra şerigat ylymlaryny öwrenmek üçin Tanta şäherine göçýär, we ol ýerde Kuranyň dürli okulyşlaryny Şeýh Ibrohim ibn Sälim al-Mälikiniň elinde öwrenýär, we 1985-nji ýylyň 20-nji iýulynda aradan çykýar.

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 140

    Ady: Mişäri ibn Roşid Gorib ibn Muhammed ibn Roşid Al-Afasi. Raýatlygy: Kuweýtli. Kuran-u Kerimi okap beren Şeýhleri: 1- 1907-nji (1325 hijri) ýylda dogulan Hormatly Şeýh Ahmed Abdul-Aziz Az-Zeýýät -Alla oňa rehmet etsin-. Oňa Kuranyň Hafs okulşyny kämil okap berýär. 2- 1995-nji (1333 hijri) ýylda dogulan Hormatly Şeýh Ibrohim Ali Şähäte As-Sämnudi. Çünki oňa Şeýh Husari we Şeýh Muhammed Syddyk Al-Minşäwi we Şeýh Mustafa Ismail we Şeýh Abdul-Basyt Abdus-Samad Kurany kämil okap berendirler. 3- 1932-nji (1352 hijri) ýylda dogulan Şeýh Abdur-Rofig Rydwan Ali Aş-Şarkawi, muňa hem Kuran-u Kerimi kämil okap berendir. 4- Hormatly Şeýh Ahmed Isa Al-Magsarawi Müsürdäki AZhar uniwersitetiniň Yslam gözlegleri jemdyýetiniň müdiri. Oňa hem Kurany kämil okap berýär. Şeýle-de Kuweýt we Müsür we Saud Arabystanyň başga Şeýhlerine hem okap berendir.

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 81

    Mesjid An-Nebewi-niň ymamy we hatyby

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 91

    Mesjid an-Nebewi-niň ymamy we hatyby.

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 123

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, مُراجع, عدد العناصر : 155

    Mesjid An-Nebewi-niň ymamy we hatyby

  • تركماني

    مؤلف, مُراجع, قارئ, عدد العناصر : 521

    Medinedäki Mesjid an-Nebewi-niň ymamy we hatybçysy

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 157

    Mesjid Al-Haramyň ymamy we hatyby

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 184

    Mesjid Al-Haram-yň ymamy we hatyby

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 160

    Şeýh ul-Islam Ibn Teýmiýýä -Alla oňa rehmet etsin-: Ol Ahmed Takyýýud-Din Abu al-Abbas ibn Abdul-Halim ibn Abdus-Seläm ibn Abdullah ibn Abu al-Kasym al-Hydr ibn Muhammed ibn al-Hydr ibn Ali ibn Abdullah ibn Teýmiýýä al-Harani. We käbir taryhçylar näme üçin onuň maşgalasyna Ä-lu Teýmiýýä diýilendigine käbir sebäpleri getirýärler, we şolardan biri Ibnu Abdul-Hädi -Alla oňa rehmet etsin- şeýle diýýär: ”Çünki Ibnu Teýmiýýäniň atasy-Muhammediň, ejesine Teýmiýýe diýýärdiler, we ol dagwatçy aýaldy, we şol sebäpli oňa ýöňkelipdir, we onuň ady bilen tanalypdyr”. We ýene bir sebäbi: ”Çünki Ibnu Teýmiýýäniň atasy Muhammmed ibn al-Hydr Teýmää atly ýolyň üsti bilen Haja gidipdi. We şol ýerde bir gyzjagazy görýär, we haçan-da yzyna dolananda, çünki onuň aýaly gyzjagaz dograndygyny görýär we begenjinden teýmiýýä,.. teýmiýýä.. diýip gygyrýar, we şoňa ýoňkelip galýar”.

  • تركماني

    مؤلف, مُراجع, عدد العناصر : 160

    Şeýh Muhammed Nasr ad-Din al-Albani şu asyryň alymlarynyň biri, we Şeýh al-Albani hadys we hadys ylymlary alymlaryndan hasaplanýar.