عرض المواد باللغة الأصلية

أعلام وشخصيات

عدد العناصر: 115

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 3

    Kuran-u Kerimi okujylaryň biri, we Saud Arabystandaky mesjidleriniň bir Ymamy. Mekkede dogulýar we Haram mesjidinde ylym alýar. we şu wagt Alla tagalanyň öýünde Kuran mugallymy bolup işleýär, we ol Kuran-u Kerim radio tolkunynyň karysy

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 3

    Ol Mahmud Muhammed Roşad aş-Şeými, Müsürli kary, we ol Kuweýt-däki on kyraat diýilýän radiosynyň karysy, we Muda al-Umr mesjitiniň azançysy

  • تركماني

    مترجم, عدد العناصر : 3

    Arap dilinden türkmen diline terjimeçi we gözden geçiriji

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 2

    Ol 1974-nji ýylda dünýä inen, meşhur karylaryň biridir. We ol Saud Arabystanyň Jidde şäherindäki Hasan Anani mesjidiniň ymamy we hatyby. We Şeýhiň şahsy saýty bar: http://www.alrfaey.org

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 2

    Şeýh Feth Muhammed Jalend Hri Pakistanyň meşhur alymlarynyň biri

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 2

    Ady: Al-Huseýni As-Seýýid Ali Abdul-Gani Al-Azizi. Raýatlygy: Müsürli. Doglan wagty: 5/12/1956 ýyl. Ylym derejesi: 1- 1986-1987-nji ýyllarda Al-Azhar uniwesitetinden Kuran okulyşlary boýunça Ýokary derejeli şahadatnama alandyr. 2- Yzygiderli senedi bilen Kuranyň on okulyş görnüşi boýunça ijäze (öwretmäge rugsat) alandyr.. 3-4- Kuranyň Hafs okulyş görnüşi boýunça ijäze alandyr. Eden işleri: 1- Çagalar üçin mugallym Kurany kämil ses ýazga geçirdi. 2- Ortaça Kuran okaýşyny kämil ýazga geçirdi. 3- Kuranyň warş okulyş görnüşini kämil ýazga geçirdi we şeýle-de bu ýazgy Al-Mejd kanalynda CDS görnüşinde goýberilýär. 4- Kuran-u Kerimi öwrenmekligiň ýolyny kämil ýazga geçirdi. 5- Kuranyň okulyş hökümlerini ýazga geçirdi we talyplara paýlandyr, şeýle-de Tejwid barada kitapça çykarandyr.

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 2

    Kary Misbäh Ahmed At-Tuneýji, Kuran-u Kerimi 13 ýaşynda Kuran merkezi Az-Zid-de Şeýh Gulam Huseýn-iň elinde ýat tutýar. Soňra Medine-de Mesjid An-Nebewi-ň karylarynyň şeýhi Şeýh Ibrohim Al-Ahdar-yň elinde Kuranyň hafs okulyşyny ýat tutýar we ijäze(okatmaga rugsat) alýar. Şeýle-de Şeýh Doktor Muhammed Ysom Al-Kudat-yň elinde Kuranyň warş we kalun okulyşlaryny öwrenýär we ijäze alýar. Işlän ýerleri: Ol Birleşen Arap Emiratlary uniwersitetiniň raýat inženerçilik fakultetinden 2001-nji ýylda şahadatnama alandyr. We şu wagt ol Birleşen Arap Emiratlary-nyň Şarika şäherinde umumy hojalyk edarasynyň müdiri bolup işleýär. We ol Şarika-daky özünde dokuz müňe golaý talyp jemleýän Kuran-u Kerim we Sünnet guramasynyň agzasydyr.

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 2

    Ol Abdullah Taha Muhammed Serbal 1979-njy ýylyň 10-njy maýynda Iordaniýada dünýä inýär. 1999-njy ýyldan bäri Ummul-muminin mesjidiniň ymamy we hatyby. Ol Dünýä we Din ylymlar uniwersitetiniň (W.I.S.E.) Kuran we tefsiri fakultetinden magistratura derejesini alandyr.

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 2

    Saud Arabystanyň ar-Riýad şäherinde 1385-nji ýylda dünýä inýär

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 2

    Ol: Abdur-Rahman ibn Jamal ibn Abdur-Rahman al-Awsy. 5/5/1980-nji ýylda dünýä inýär, we ol Saud Arabystanyň al-Habr şäherindäki al-Ihlas mesjidiniň ymamy we mugallymy

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 2

    Ol Suriýaly Mekke-däki Belli karylaryň biri hasaplanýar, ol Kuran okulyş ugurlary boýunça ussatdyr, we ol Kurany we ony okulyş ylymlaryny karylaryň Şeýhi kakasy Said Al-Abdullah-dan -Alla oňa rehmet etsin- alýar. Çünki ol Kuran okulyşynyň on görnüşini oňa okandyr. We ol Ummu Al-Kura uniwersitetiniň öňki mugallymydyr.

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 2

    Müsüriň al-Buhaýre welaýatynda dünýa inen Müsürli karysy, Kuran Institutyny gutarýar, we Kuranyň on kyraatyny öwrenýär. Soňra Kuran ylymlary fakultetini tamamlaýar. We ol Nýu-Ýork-daky Yslam merkeziniň ymamy we hatybçysy.

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 2

    Asly Ýemenli kary, we Katardaky ar-Raýýan şäheriniň Holid ibn Welid mesjidiniň Ymamy we Hutbaçysy

  • تركماني

    مؤلف, قارئ, عدد العناصر : 2

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 1

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 1

    Ussatly we owadan sesli Pakistanly kary.

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 1

    Kary we tebip Ahmed Ahmed Nuaýnyg 1954-nji ýylda Müsüriň Kafruş-Şeýh welaýatynda dünýä inýär. Iskanderiýa uniwersitetiniň medisina bölümini gutarýar we Iskenderiýa uniwersitetindäki hassahanasynda işleýär, we 1979-njy ýylda Müsüriň radio we telewideniýasynyň belli karysy bolýar

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 1

    Taha ibn Muhammed al-Fähd: Kuran we onuň ylymlaryny özleşdiren we owadan we ussatly sesi bilen tapawutlanýar, we onuň internetde Kuran okulyş we onuň ylymlary barada öz şahsy saýty bar. http://taiser.net

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 1

    Muahmmed ibn Ywad Zaýid Al-Harbawi: Müsürdäki Al-Azhar uniwersitetiniň Yslam we Arap ylymlary fakultetini tamamlady we Ýokary derejeli kary şahadatnamasyny aldy. Şeýe-de Al-Azhar uniwersitetinden Kuran okulyşlary boýunça hususy şahadatnamasyny alýar. Soňra bolsa, şol ugurda Magistratura we Doktorlyk derejesini alýar. Soňra ol birnäçe ýyl Al-Azharda mugallym bolup işleýär. Soň Saud Arabystanyň medreselerinde mugalym bolýar. Soňra Riýad-daky Kuran mugallymlar fakultetine goşulýar. Onuň döredijilikleri: "At-Teshil fimä ýäştäbihu ala al-kary min Äýi at-tenzil", "Irşädil-kurro ilä kyroäti al-kesäi" we başgalar.

  • تركماني

    مؤلف, عدد العناصر : 1

    Bu kary Musa Biläl Mekke-däki an-Nur mesjidiniň ymamy, hatybçysy we on kyraat mugallymy. 1420-1433- ýyllarda Dubaýdaky ýyllyk geçirilýän Kuran ýaryşynyň bir häkimi bolandyr.