Akydanyň alynýan gözbaşy we ony öwrenmekligiň ýollary

Gysgaça beýannama

Bu gysgaça makala akydanyň alynýan gözbaşy we sahabalaryň, tabigynlaryň we olaryň yzlaryna eýerenleriň ony öwrenip, kabul etmekdäki ýollary barada ýazylandyr.

Download
Bu sahypanyň jogapkärine teswir ýaz

Giňişleýin

    Akydanyň alynýan gözbaşy we ony

    öwrenmekligiň ýollary

    بيان مصادر العقيدة ومنهج السلف في تلقيها

    < التركمانية – Türkmençe- Turkmen >

    Ýazan: Hormatly Şeýh Salyh ibn Fawzan Al-Fawzan

    المؤلف: فضيلة الشيخ صالح بن فوزان الفوزان

    —™

    Terjime eden: Ebu Ibrohim El-Merwezi

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen

    ترجمة: أبو إبراهيم المروزي

    مراجعة: خالد أبو أنس التركماني

    Akydanyň alynýan gözbaşy we ony

    öwrenmekligiň ýollary

    Akydanyň alynýan gözbaşy, we selefleriň (sahabalaryň, tabigynlaryň we olaryň yzlaryny eýerenleriň) ony kabul etmekdäki ýollary.

    Akyda töwkyfyý zat, ýagny, Alla tagala tarapyndan buýrulan bir iş bolmasa, durulýan zatdyr. Akyda meseleleri, bir adamyň oý-pikirine, däp-dessuryna görä alynýan däldir. Megerem, ol meseleler Kuran we sünnetdäki, aýdyň deliller bilen çäklendirilendir. Ýagny, her bir mesele, Kuran we sünnete deň gelmese, kabul edilýän däldir. Sebäbi, hiç bir adam Allany, onuň özünden gowy bilýän däldir. Çünki Alladan soňra ony, onuň pygamberi –sallallahu aleýhi we selem- gowy bilýändir. Şonuň üçin ähli selef alymlar, akydalaryny öwrenenlerinde, Kuran we sünnetden çykmandyrlar.

    Selef alymlar Kuran we hadysda, Alla tagala nähili wasp edilen bolsa, şoňa doly iman etdiler, ynandylar we amal etdiler. Edil şonuň ýaly hem, Kuran we sünnetiň delalat etmedik zatlaryny-da, inkär etdiler. Şonuň üçin, olaryň arasynda Akyda meselesinde, hiç hili bölünişik bolmandy, gaýta olar, akyda meselesinde birdiler we jemagatlary hem birdi. Çünki Alla tagala, Kurana we pygamberiniň –sallallahu aleýhi we sellemiň- sünnetine, berk ýapyşan kişä, dogry akyda-da we agzybir jemagatda boljakdygyny, boýun alandyr. Bu barada Alla tagala şeýle diýdi:
    "Hemmäňiz bilelikde, Allanyň ýüpüne (dinine) ykjam ýapyşyň, bölünişmäň!" (Äli - Ymran:103).
    Ýene-de bir ayatda şeýle diýýär: "Menden size, bir dogry ýol (hidaýat) gelende, oňa eýeren kişi, ýoluny hem ýitirmez, betbagt hem bolmaz." (Taha:123).

    Şonuň üçin olar, fyrkatu-najiýe (nejat, utuş gazanan topar) diýip, atlandyryldy. Sebäbi, haçanda Pygamberimiz Muhammet -sallallahu aleýhi wesellem- hadysynda: “Meniň ymmatym 73 fyrka (akyma) bölüner we olaryň birinden başga, ählisi, otdadyr” diýende, ondan ol utuş gazanjak topar barada soranlarynda, şeýle jogap berdi: "Ol topar, şu gün, men we meniň sahabalarym nämede bolan bolsa, şonda bolanlardyr."
    Çünki pygamberimiziň –sallallahu aleýhi we sellemiň- aýdan habary hakykatdan-da hasyl boldy. Megerem, birnäçe adamlar öz akydalaryny Kuran we sünnetden gaýry, Grek-Hindi filosofiýasy esasynda guranlarynda, akydalarynda we mezheblerinde, selef alymlaryň ýolundan gyşaryp, azaşandyklary, aralarynda agzalalyk we bölünişik bolandygy, mälimdir.

    Şunlukda, Şeýh Salyh Al-Fawzanyň “Töwhit akydasy” atly kitabyndan alnan bu gysgaça makala tamamlandy.

    Ähli hamdu-senä Ýeketäk Allaha we onuň pygamberine köp salam we salawatlar bolsun!

    ***