Alla tagalanyň meleklerine iman etmek

Gysgaça beýannama

Bu makala meleklere (perişdelere) iman etmek barada, ýazylan gysgaça makaladyr

Download
Bu sahypanyň jogapkärine teswir ýaz

Giňişleýin

    Alla tagalanyň meleklerine iman etmek

    الإيمان بالملائكة

    < التركمانية - Türkmençe >

    Ýazyjy: Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin

    المؤلف: الشيخ محمد بن صالح العثيمين

    —™

    Terjimeçi: Ebu Huzeýfa Türkmen

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen

    ترجمة: أبو حذيفة التركماني

    مراجعة: خالد أبو أنس التركماني

    Alla tagalanyň meleklerine (perişdelerine) iman etmek

    Alla tagalanyň meleklerine iman getirýäris, çünki:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱙ ﱚ ﱛ ﱜ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ الأنبياء: ٢٦ - ٢٧

    “Olar (perişdeler) sarpaly bendelerdir. Olar söz sözlemekde Alladan öňe geçmezler we Allanyň buýrugyny birkemsiz ýerine ýetirerler” (Enbiýa:26,27).

    Alla tagala olary özüne ybadat etmekleri we özüne tabyn bolmaklary üçin ýaradandyr:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲙ ﲚ ﲛ ﲜ ﲝ ﲞ ﲟ ﲠ ﲡ ﲢ ﲣ ﲤ ﲥ الأنبياء: ١٩ - ٢٠

    “Oňa gulluk etmekden ulumsylyk etmezler hem-de gaçmazlar. Olar gowşaklyk görkezmezden gije-gündiz (arman-ýadaman) tesbih ederler” (Enbiýa:19,20).

    Alla tagala meleklerini bizden ýaşrandygy üçin, biz olary görmeýäris, ýöne olary käbir gullaryna görkezendir.

    Hakykatdan-da Pygamber -sallallahu aleýhi we sellem- Jebraýyl -aleýhissalami- alty ýüz ganatly, gözýetimi tutup duran, hakyky halda görendir.

    Jebraýyl -aleýhissalm- Merýem -aleýhissalama- adam sypatynda görünendir. Merýem onuň bilen, ol-da Merýem -aleýhissalam- bilen ýüzbe-ýüz gürleşendir.

    Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- sahabalary bilen otyrka, Jebraýyl -aleýhissalam- hiç bir saparyň eseri görünmeýän, gap-gara saçly, ap-ak eşikli, tanalmaýan adamyň sypatynda geldide, Pygamberimiziň öňünde oturyp, dyzyny Pygamberimiziň dyzyna degirip, elini Pygamberimiziň aýagynyň üstüne goýdy-da, Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- bilen, ýüzbe-ýüz gürleşendir. Soňra sahabalara onuň Jebraýyl –aleýhissalam- dygyny habar berendir.

    Meleklere etmesi buýrulan amallaryň bardygyna iman getirýäris.

    Bu meleklerden käbirleri şulardyr:

    Jebraýyl –aleýhissalam-: Alla tarapyndan aýdylan wahyny, pygamberlere we resullara ýetirmeklik üçin bellenendir.

    Mykaýyl –aleýhissalam-: Ýagyş ýagdyrmaklyk we ösümlikleri ösdürmeklik üçin bellenendir.

    Ysrafyl –aleýhissalam-: Birinji we ikinji kyýamatyň gopmaklygy üçin surnaý çalmaklyk üçin bellenendir.

    Jan alyjy melegi: Ölüm wagtynda, janlardan ruhlary çykarmaklyk üçin bellenendir.

    Dag melegi: Daglar üçin bellenendir.

    Mälik –aleýhissalam-: Jähennemi goramaklyk üçin bellenendir.

    Olardan käbirleri: Ene ýatgysyndaky çagalaryň halyna seretmeklik üçin bellenendir.

    Olardan käbirleri: Adam zady goramaklyk üçin bellenendir.

    Olardan käbirleri: Edilen amallary ýazmaklyk üçin, her adama bellenen iki melekdir:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ ﱙ ﱚ ﱛ ﱜ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ق: ١٧ - ١٨

    (Ynsanyň) sagynda we çepinde iki sany belleýji (perişde) oturyp, onuň (edýän işlerini) belleýändirler (ýazýandyrlar). Onuň (ynsanyň) aýdýan (ähli) sözlerini (hökman) ýazýan (ýörite bellenilen) berk gözegçi (perişde) bardyr” (Kaf:17,18).

    Olardan käbirleri: Öli gabyra salynandan soňra, üç sany zatdan, Robby, dini we pygamberi barada soramaga gelýän iki melekdir:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥ ﱦ ﱧ ﱩ ﱪ ﱫ ﱭ ﱮ ﱯ ﱰ ﱱ إبراهيم: ٢٧

    “Alla berk (mäkäm) söz bilen iman getiren kişileri, dünýä ýaşaýşynda we ahyretde mäkäm eder. Alla zalymlary azaşdyrar. Alla islän zadyny eder” (Ybraýym:27).

    Olardan käbirleri: Jennet eýelerine hyzmat etmekleri üçin bellenendir:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲈ ﲉ ﲊ ﲋ ﲌ ﲍ ﲎ ﲏ ﲐ ﲑ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ الرعد: ٢٣ - ٢٤

    “Her gapydan olaryň ýanyna perişdeler girerler hem-de: «Sabyr edeniňiz sebäpli, size salam bolsun! Diýaryň (dünýä ýaşaýşynyň ahyretdäki bagtly) soňy ne ajaýyp» (diýerler) (Ragd:23,24).

    Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- habar berýär: "Çünki asmanda beýtul-magmur diýilýän ýer bardyr. Ol ýerde her gün ýetmiş müň melek ol ýere girýändir –başga rowaýatda, namaz okaýarlar-, soňra olar, ol ýere täzeden dolanyp gelýän däldirler".

    (Bu makala Şeýh Al-Useýminiň “Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy” atly kitabyndan alnan bir parçadyr).

    ***

    Siziň pikiriňiz bize möhümli