Gusul kitaby

Gysgaça beýannama

Gusul kitaby: Bu gysgaça makala öz içine gusul babyna degişli, ýagny, gusul sözüniň manysy, hökümi, sypaty we ş. m. mowzuklary öz içinde jemländir.

Download
Bu sahypanyň jogapkärine teswir ýaz

Giňişleýin

    Gusul kitaby

    باب الغسل

    <التركمانية –Türkmençe- Turkmen>

    Taýýarlan: Birnäçe saýlama Alymlaryň jemi

    إعداد: نخبة من العلماء

    —™

    Terjime eden: Halid Ebu Enes Türkmen

    Gözden geçiren: Ebu Huzeýfa Türkmen

    ترجمة: خالد أبو أنس التركماني

    مراجعة: أبو حذيفة التركماني

    Gusul kitaby

    - Gusul sözüniň manysy, hökümi we delili

    Dil taýdan manysy: “Endamy kämil ýuwmaklyk”.

    Şerigat taýdan manysy: “Endamyň ähli ýerine suw ýetirmeklik, ýa başgaça aýdanymyzda: “Alla tagala üçin, ybadat ediji hökmünde, belli sypata görä, bedeniň ähli ýerini arassa suw bilen ýuwmaklyk”.

    Hökümi: “Eger-de gusul almaklyk wajyp ediji, bir zat sebäp bolsa, şonda gusul almaklyk wajyp bolýar”. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Eger ini hapa (gusul) bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň!” (Mäide:6).

    Şeýlede, gusul almaklygyň sypaty barada, birnäçe sahabalaryň Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemden- rowaýat eden hadyslary hem, onuň wajypdygyna delil bolup durýandyr. Bu käbir hadyslar barada, aşakda agzap geçeris Inşa Allah.

    Gusul almaklygy wajyp ediji zatlar: Çünki gusul almaklyk şu aşakdaky ýagdaýlarda wajyp bolýandyr:

    1- Öňki owratdan meniý (dölüň) çykmaklygy we onuň erkek ýa-da aýal adamdan, lezzetli we batly ýagdaýda çykmaklygy şertlenendir. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär: “Eger ini hapa (gusul) bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň!” (Mäide:6). We Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- bu barada, Ala –Alla ondan razy bolsun- şeý diýdi: “Eger-de şähwediň bilen suw (ýagny, döl) çykaýsa, suwa düşgün!”.[1] Ýöne bu (lezzet duýma) ýagdaýy, ýatan kişä degişli däldir. Çünki ýatan adamdan döl çykaýsa, käbir hal-da onuň lezzetini duýmaýar. Şonuň üçin, haçanda ukudan soň dölüň çykanyny bilse, (ýagny içki eşiginde öl tapsa), oňa gusul almaklyk wajypdyr. Bu barada haçanda pygamberimiz Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemden- “eger-de bir aýal gusul bolup turaýsa, oňa gusul almaklyk wajypmy?” diýip soralanda, şeýle jogap berdi: “Hawa, eger-de suwuň (dölüň) yzyny görse, oňa gusul almaklyk wajypdyr” diýdi”.[2] Bu agzalan meselelerde, yslam Alymlary bir agyzdan ylalaşandyrlar.

    2- Eger-de erkek kişiniň öňki jynsy agzasynyň bir bölegi ýa-da hemmesi, aýal adamyň jynsy agzasyna girse, ondan soňra döl çyksyn-çykmasyn tapawudy ýok, olaryň ikisinide gusul almaklyk wajypdyr. Bu barada Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Eger-de erkek adam aýalynyň ýanyna barsa we jynsy agzasy, aýalynyň jynsy agzasyna girse, gusul almaklyk wajyp bolýandyr”.[3] Şübhesiz bu mesele, ýetişen erkek-aýala degişlidir.

    3- Kapyr ýa-da mürted adam yslama girse, oňa gusul almaklyk wajypdyr. Çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- Kaýs ibn Asym yslama girende, oňa gusul almaklygy buýrandyr.[4]

    4- Nifas (kyrk çile) we haýz (aýbaşy) gany gutaranda, gusul almaklyk wajypdyr. Bu barada Aýşanyň –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- Fatyma bint Ebi Hubeýşe şeýle diýdi: “Haçanda haýz (aýbaşy gany) gelende, namaz okamaklygyňy goý we haçanda haýz gany kesilende, suwa düşüp, namaz okamaklygyňy dowam et!”.[5] Şeýle-de nifas (kyrk çile gany) hem, haýz ganynyň hökümi ýalydyr (ýagny, kyrk çile gany gelse, namaz okamaklygyny goýar we haçanda ol gan kesilende, gusul alyp, namaz okamaklygyny dowam etdirer). Bu meselede yslam Alymlary bir agyzdan ylalaşandyrlar.

    5- Haçan-da musulman kişi ölse, ony ýuwmaklyk wajypdyr. Bu barada Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- öz aradan çykan gyzy, Zeýnebi, ýuwmaklygy buýranlygy baradaky, hadysynda şeýle diýdi: “Ony ýuwuň (oňa gusul aldyryň)[6]. Şeýle-de Umra edýän bir kişi ýogalanda, şeýle diýdi: “Ony suw we sidr (sabun ýaly zat) bilen ýuwuň”[7]. Çünki ölini ýuwmaklyk, ony arassa, täretli edýän däldir. Megerem, bu Alla tagalanyň buýruguna, boýun bolmaklyk tarapyndan edilýändir.

    - Gusul almaklygyň sypaty

    Gusul almaklygyň iki sypaty bardyr.

    1- Mustahap (artykmaçly) sypaty[8].

    2- Ijzä (ýeterlikli) sypaty[9].

    Şeýlelikde, mustahap gusul almaklygyň sypaty, bu: Ilki bilen gusul bolan adam iki elini ýuwmaly, soňra jynsy agzasyny we oňa düşen hapalary ýuwmaly, ondan soňra namaz üçin täret kylyşy ýaly, täret almaly, soňra eline suw alyp, saçyny, barmaklary bilen, düýplerine çenli, gowy edip öllemeli, soňra kellesinden üç gezek suw akdyrmaly, soňra bolsa, bedeniniň ähli ýerine suw akdyrmaly. Çünki bu sypat, Aýşanyň –Alla ondan razy bolsun- Buhary we Muslimde rowaýat edýän hadysynda agzalyp, geçendir.

    Emma Ijzä gusulynyň sypaty, bu: Gusul bolan adam, niýet alyp, bedeniniň ähli ýerine suw akdyrmalydyr. Çünki bu barada Meýmune –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda şeýle diýdi: “Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- gusul aljak suwuny ýanynda goýup, ondan eli bilen suw alyp, iki elini (goşawuça çenli), iki ýa-da üç gezek ýuwdy. Soňra agzyny çaýkap, burnuny ýuwdy. Ondan soň ýüzüni we iki ellerini, tirseklerine çenli ýuwdy. Soňra bolsa, kellesinden suw akytdy we ähli bedenini ýuwdy”.[10] Edil şolar ýaly Aýşanyň –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda hem, şeý diýilýär: “...soňra öl eli bilen, saçlaryny, düýplerine çenli gowy edip ölledi, soňra kellesinden üç gezek suw akytdy, ondan soň ähli bedenini ýuwdy.”[11] Şeýle-de gusul bolan aýal kişi, egerde, saçyny düýplerine çenli gowy edip öllese, oňa saçyny çözmeklik wajyp däldir. Megerem, haýz (aýbaşy) ganyndan soňra, alynýan gusulda, çözmeklik wajypdyr. Bu barada Ummu Seleme –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda şeýle aýtdy: “Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemden- soradym: “Eý, Allanyň resuly, men aýal adam we saçymy elmydama daňýaryn. Haçanda jynsy gatnaşyk sebäpli gusul bolup, ondan ýuwunmak islänimde, saçymy çözeýinmi?” diýenimde, ol: “Ýok, megerem, kelläňden üç gezek suw akdyrmagyň ýeterliklidir. Soňra bolsa, galan bedeniň ähli ýerine suw akdyr. Şeýle etseň, gusuldan arasslanarsyň” diýdi”.[12]

    - Gusul almaklyk mustahap bolan ýagdaýlar

    Gusul almaklyk wajyp bolan ýagdaýlary ýokarda agzap geçipdik. Emma suwa düşmeklik sünnet we mustahap bolýan ýagdaýlar, şulardyr:

    1- Her jynsy gatnaşykdan soňra, ýene-de jynsy gatnaşyga dolanmak islese, suwa düşmeklik sünnetdir. Bu barada Ebu Rafig –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda şeýle diýdi: “Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- gijeleriň birinde, aýallarynyň ýanyna baranda, her biriniň öýünde gusul alardy. Şonda men ondan: “Eý, Allanyň resuly, (iň soňunda) bir gezek suwa düşseň, bolmazmy?” diýip soradym. Şonda, ol: “Çünki bular ýaly etmeklik, has gowudyr, arassadyr we tämizdir” diýdi”.[13]

    2- Anna güni, jumga namazy üçin, suwa düşmeklik sünnetdir. Bu barada Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle aýtdy: “Haçan-da haýsam bolsa biriňize, jumga güni ýetse, suwa düşsin!”.[14] Çünki jumga gusuly, berkidilen sünnetleriň biridir.

    3- Oraza we Gurban baýramy üçin suwa düşünmeklik sünnetdir.

    4- Haj ýa-da umra etmeklik üçin, ihram eşigini geýmezinden öň, suwa düşmeklik sünnetdir. Çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- ihram eşigini geýmezinden öň suwa düşendir.

    5- Ölini ýuwan adama suwa düşmeklik sünnetdir. Megerem, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Kim ölini ýuwsa, suwa düşsin!”.[15]

    - Gusul almaklyk wajyp bolan adama, haram (gadagan) bolýan zatlar

    1- Ýolagçydan başga, ini hapa (gusul) bolan adama metjitde galmaklyk haramdyr. Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Eger iniňiz hapa bolsaňyz we ýolagçy hem bolmasaňyz, gusul almazdan (namaz okamaň) (Nisä:43). Ýöne, eger-de ol adam ini hapa halynda, täret alsa, oňa metjitde galmaklyk rugsatdyr. Megerem, bu ýagdaý barada Pygamberimiziň –sallallahu aleýhi we sellemiň- döwründe birnäçe sahabalardan säbit bolandyr. Çünki täret, gusul bolan adamyň hapasyny ýeňilleşdirýändir. Şeýle-de täret iki arassaçylygyň (ýagny, gusul we täretiň) biridir.

    2- Ini hapa adama, Kuran ellemeklik haramdyr. Bu barada Alla tagala şeýle diýdi: “Oňa, meger tämiz bolanlar (el) degrip bilerler”. (Wakyga:79), we Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Kurana, diňe tämiz adamdan başga hiç kim, el degirip, bilmez”.[16]

    3- Ini hapa adama, Kuran okamaklyk haramdyr. Ini hapa adam tä gusul alýança, Kurandan hiç zat okamaly däldir. Bu barada Aly –Alla ondan razy bolsun- rowaýat edýän hadysynda şeýle diýdi: “Pygamberimizi –sallallahu aleýhi we sellemi- Kuran okamakdan, diňe gusul bolan ýagdaýyndan başga, hiç zat gaýtarýan däldi”.[17] Çünki ini hapa halda Kuran okamaklyk gadagan edilmeginiň sebäbi, ýagny, çalt gusul almaklyga we Kuran okamaklygy gadagan edýän zady, aýyrmaklyga höweslendirýändir.

    Şeýle-de ini hapa adama:

    4- Namaz okamaklyk

    5- We Käbä-niň daşyndan aýlaw (tawaf) etmeklik haramdyr.

    Çünki bu soňky iki mowzuk barada “täret almaklyk wajyp bolýan adamlar” baradaky bapda gürläp geçendiris.

    Şunlukda, tamamlandy. Çünki bu gysgaça makala, “Fykh Al-muýesser” atly kitapdan alnan bir parçadyr. Allaha hamdu-senalar we onuň pygamberine köp salam we salawatlar bolsun!

    ***

    [1]Ebu Dawud: 206 (sahyh hadys)

    [2]Muslim:313.

    [3]Muslim:349.

    [4]Ebu Dawud:355, Nesäi:109, Tirmizi:605. Sahyh hadys.

    [5]Buhary:320, Muslim:333.

    [6]Buhary:1253, Muslim:939.

    [7]Buhary:1266, Muslim:1206.

    [8]Mustahap: “Edilmegi gowy görülýän amal. Mustahap amaly eden kişä sogap berilýär we etmedik kişä günä ýazylýan däldir ”.

    Mustahap gusuly: Bu gusul almaklygyň ähli sünnetlerini we wajyplaryny öz içine alýandyr.

    [9]Ijzä gusuly: Bu sypat gusulyň diňe wajyplaryny öz içine alýandyr.

    [10]Buhary:249, Muslim:317.

    [11]Buhary:248, Muslim:316.

    [12]Muslim:330.

    [13]Ebu Dawud:216, Ibn Mäje:590, Hadys hasan.

    [14]Buhary:877.

    [15]Ibn Mäje:1463. Sahyh hadys.

    [16]Mälik “Muwatta-da”:468, Hakim “Mustadrak-da”: 3/485. Sahyh hadys.

    [17]Ahmet:1014, Ibn Mäje: 594, Tirmizi:146. Sahyh hadys.

    Siziň pikiriňiz bize möhümli