Halid Ebu Enes Türkmen - Kitaplar
Maglumatlaryň mukdary: 6
- Türkmençe Ýazyjy : Said ibn Ali ibn Wehf Al-Kahtani Gözden geçiren : Halid Ebu Enes Türkmen The Publisher : Dagwat we öwüt-nesihat ugrunda hemaýatçy edara, Saud Arabystan, Riýad, Rabwa raýony
Bu türkmençä terjime edilen kitabyň ýazyjysy, musulmanyň durmuşyna we ähli hajatlaryna gerek, gündelik doga-dilegleri jemländir. Çünki bu kitapda, musulmany, şeýtanlaryň we jynlaryň şerinden goramaga, sebäp bolýan doga-dilegler, ertirki we agşamky, şatlykda we gaýgy-gamda we ş. m. wagtlarda we ýerlerde okalýan doga-dilegler jemlenendir. Takyk, bu doga-dilegleri musulman kişiniň okap durmagy,onuň we Allasynyň arasyndaky aragatnaşygy berkider.
- Türkmençe Ýazyjy : Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin Terjime eden : Ebu Huzeýfa Türkmen Gözden geçiren : Halid Ebu Enes Türkmen
Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy: Bu kitap Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy barada, käbir baplary öz içine alýandyr. Ol baplar: Alla tagalany işlik sypatlarynda, ybadata hakly we gözel at-sypatlarynda birlemek baby, onuň meleklerine, kitaplaryna, resullaryna, ahyret gününe we kadaryň haýyryna we şerine iman etmeklik baradaky baplardyr.
- Türkmençe Ýazyjy : Muhammet ibn Suleýman At-Temimi Terjime eden : Ebu Ibrohim El-Merwezi Gözden geçiren : Halid Ebu Enes Türkmen
Üç asyl we onuň delilleri: Bu gysgaça kitapça örän peýdalydyr. Çünki bu kitapça, her bir gulyň hökman biläýmeli üç sany meselesini we onuň delillerini öz içinde jemländir. Ol üç sany mesele bolsa, her bir ynsan öz perwerdigärini we onuň buýran ybadatlaryny, dinini, onuň mertebelerini we her bir mertebäniň rükünlerini we pygamberiniň kimdigini, onuň gysgaça taryhyny we näme üçin iberilendigini, delilleri bilen biläýmelidir. Çünki bu üç sany mesele, gabyrda ynsandan soraljak ilkinji soraglardyr.
- Türkmençe Ýazyjy : Muhammet ibn Suleýman At-Temimi Terjime eden : Halid Ebu Enes Türkmen
Şeýh Muhammet ibn Süleýman At-Temimi bu kitapçany, töwhit we şirk barada, şirkiň we müşrikleriň görnüşleri, rugsat berlen we berilmedik şepagat barada, gysgaça we labyzly ýazandyr.
- Türkmençe Ýazyjy : Abu Jagfar At-Tahawi Gözden geçiren : Halid Ebu Enes Türkmen
Tahawynyň akydasy: Bu kitapça 321-nji hijri ýylda aradan çykan Ebu Jagfar Ahmet ibn Muhammet ibn Seläme Al-Äzdi At-Tahawy alymyň ýazan döredijilikleriniň biridir. Çünki bu kitapçadaky agzalan köp meseleler ähli sünnet we jemagat alymlarynyň ygtykadyna gabat gelýändir. Megerem käbir alymlar bu kitapça asyl usul ygtykatda dört mezhebe-de gabat gelýändigini aýdyp geçendirler. Sebäbi bu kitapça-da, alymlaryň arasynda asyl-usul ygtykat meselerinde ylalaşylan meseleler agzalandyr, ýöne olaryň käbiri bu kitapçadaky käbir meseleleri ýazgarandyrlar.
- Türkmençe Ýazyjy : Birnäçe saýlama alymlaryň jemi Terjime eden : Ebu Huzeýfa Türkmen Gözden geçiren : Halid Ebu Enes Türkmen
Oraza kitaby: "Fykh al-Muýesser" kitabyndan alnan, bu gysgaça makalada, oraza tutmak sözüniň açyklamasy, onuň hökümi, haçan tutmaly wagtlary we ş.m agyz beklemeklige degişli, ähli hökümler jemlenendir.