• Türkmençe

    Bu gysgaça kitapça: "Iman esaslarynyň şerhi" öz içinde musulman adama bilmekligi zerur bolan, diniň we imanyň esaslarynyň düşündirilişini jemländir. Çünki bu kitapçada, yslam dini barada, yslam akydasynyň esaslary we iman esaslarynyň düşündirilişi barada, gysgaça agzalyp geçilendir.

  • Türkmençe

    Bu türkmençä terjime edilen kitabyň ýazyjysy, musulmanyň durmuşyna we ähli hajatlaryna gerek, gündelik doga-dilegleri jemländir. Çünki bu kitapda, musulmany, şeýtanlaryň we jynlaryň şerinden goramaga, sebäp bolýan doga-dilegler, ertirki we agşamky, şatlykda we gaýgy-gamda we ş. m. wagtlarda we ýerlerde okalýan doga-dilegler jemlenendir. Takyk, bu doga-dilegleri musulman kişiniň okap durmagy,onuň we Allasynyň arasyndaky aragatnaşygy berkider.

  • Türkmençe

    Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy: Bu kitap Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy barada, käbir baplary öz içine alýandyr. Ol baplar: Alla tagalany işlik sypatlarynda, ybadata hakly we gözel at-sypatlarynda birlemek baby, onuň meleklerine, kitaplaryna, resullaryna, ahyret gününe we kadaryň haýyryna we şerine iman etmeklik baradaky baplardyr.

  • Türkmençe

    Şeýh Muhammet ibn Süleýman At-Temimi bu kitapçany, töwhit we şirk barada, şirkiň we müşrikleriň görnüşleri, rugsat berlen we berilmedik şepagat barada, gysgaça we labyzly ýazandyr.

  • Türkmençe

    Ýazyjy : Abu Jagfar At-Tahawi Gözden geçiren : Halid Ebu Enes Türkmen

    Tahawynyň akydasy: Bu kitapça 321-nji hijri ýylda aradan çykan Ebu Jagfar Ahmet ibn Muhammet ibn Seläme Al-Äzdi At-Tahawy alymyň ýazan döredijilikleriniň biridir. Çünki bu kitapçadaky agzalan köp meseleler ähli sünnet we jemagat alymlarynyň ygtykadyna gabat gelýändir. Megerem käbir alymlar bu kitapça asyl usul ygtykatda dört mezhebe-de gabat gelýändigini aýdyp geçendirler. Sebäbi bu kitapça-da, alymlaryň arasynda asyl-usul ygtykat meselerinde ylalaşylan meseleler agzalandyr, ýöne olaryň käbiri bu kitapçadaky käbir meseleleri ýazgarandyrlar.

  • Türkmençe

    Ibnu Teýmiýýäniň Sahyh ýagşy söz kitaby, Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemden- rowaýat edilýän hadys we rowaýatlardan jemlenen doga-dilegler kitabydyr we çünki bu kitaby Şeýh Al-Albani gözden geçirendir.

  • Türkmençe

    Dört ymamyň akydasy: Bu kitapda dört ymamyň -Ebu Hanife, Mälik, Şafygy we Ahmet ibn Hanbel-iň -Alla olara rehmet etsin- akydalary beýan edilýär. Çünki olaryň akydalary Kuran we sünnete, sahabalaryň we tabygynlaryň ýagşylyk bilen ýörän ýollaryna gabat gelýändir. Allaha hamd-u senalar bolsun! Çünki olar diniň asyl kadalarynda birdirler, megerem olar Alla tagalanyň at-sypatlary meselesinde, Kuran Allanyň kelamydygyna (sözüdigine) bir agyzdan ylalaşandyrlar. Ýene-de olar imanyň hökman dil we kalp bilen tassyklanmagynyň wäjipdigine ylalaşandyrlar. Çünki olar Grek pelsepelerinden täsirlenen, jähmiýýe we başga taýpalara inkär edendirler.

Sahypa : 1 - dan : 1